timm
03.08.2024 12:37
Ynsan perzendiniň kämil bolmadyk halda dogulmagy onuň bolup biläýjek mümkinçilikleriniň ägirt uludygyndan habar berýär.

Men irki ösüşi täze doglan balanyň bolup biläýjek derejedäki ägirt uly mümkinçilikleri bilen bagly hasaplaýaryn. Elbetde, täze dünýä inen ynsan perzendi juda ejizje bolýar, emma hut ejiz haldalygy üçin hem, onuň bolup biläýjek mümkinçilikleri şeýle uly derejede bolýar.
Beýleki janly-jandarlaryň perzentlerine garanyňda, adam çagasy ösüş babatda has pes halda dünýä inýär: ol diňe aglamagy hem süýt emmegi başarýar. Emma haýwanlaryň, meselem, itleriň, maýmynlaryň ýa-da ýabylaryň täze doglan körpejeleri welin süýşeneklemegi, çytraşmagy ýa-da hatda bada-bat aýak üstüne galyp, ýöremegi hem başarýarlar.
Zoologlar täze dünýä inen çaganyň haýwanlaryň ýaňy doglan körpelerinden 10-11 aý yza galýanlygyny aýdýarlar, munuň sebäpleriniň biri hem – ýöräninde adamyň süňňüni tutuş ýagdaýydyr. Adam wertikal ýagdaýa geçeninden soň, düwünçek eýýäm enäniň rehminde doly kämilleşýänçä saklanyp biljek däldi,şonuň üçin hem çaga bütinleý ejizje halda dünýä inýär. Ol bedeninden peýdalanmagy-da doglanyndan soň öwrenmeli bolýar.
Edil şonuň ýaly-da ol beýnini peýdalanmagy hem öwrenýär.
Islendik bir haýwan balasynyň beýnisi doglan pursadynda doly derejede diýen ýaly kemala gelen ýagdaýynda bolýan hem bolsa, täze dünýä inen çaganyň beýnisi arassa kagyz sahypasy ýaly haldadyr. Çaganyň näderejede zehinli boljaklygy şol kagyz sahypasynda näme ýazyljaklygyna bagly bolýar.
12
124
govher_mollamuradova
3 Awgust 2024
Vai ovrenmelim acyldy sagaman🤦‍♀️😁
guli_
3 Awgust 2024
@tim_, Men nm diydim onda hany tazeden okap basla asakdan yokary🤦🏻‍♀️
guli_
3 Awgust 2024
@tim_, Belki mumkin
guli_
3 Awgust 2024
Yazylan zadam so iki zadyn tapawudyny aydyp gecya wln siz coto kabul edenizok🙄
guli_
3 Awgust 2024
@tim_, irki osuşiniň haywan bn deňeşdirlýäni hakda gitya
guli_
3 Awgust 2024
@tim_, Yok Saladin anatomy and human physiology
guli_
3 Awgust 2024
@tim_, Sen gowsy Saladinyň kitaplaryndan oka inliscede gowy bilyana inlisce solam ginisleyim yazylan,son 3den son gicem has icgin dusunip galarsyn
guli_
3 Awgust 2024
@tim_, Nm zada inkär etyaninizi dusunemok suwagt,mena aytyan haywan bn adamyn psihologiya fiziologiya daski icki taydan duybunden basga bir zat olary denesdirmek hokman dal tagam adam bilya ony,hiczadam menzes dal diyyan aytdyp oturan zadymyn nireleri yalnyska
guli_
3 Awgust 2024
@tim_, biology taydan kitap okap billik yeterlik derejede,ay bolya sizinki dogry!
guli_
3 Awgust 2024
@tim_, Bolya so intellekt tpwudam ba goryan dami menm sony diyyanda hersi ayry birzat dp denesdirmegem birhili
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.