@beghanym agzanyñ guraýan ýaryşynyñ 3-nji şerti üçin:
\"
@awgust güliniñ\" ýiti galamyndan joşup çykan \"Iki aýal\" atly goşgynyñ adyndanam belli bolşy ýaly, awtor adaty iki sany türkmen zenanynynyñ awtobusda özini alyp barşyny degişme aheñinde ýazgarypdyr. Goşgyda zenanlaryñam ikisiniñ daş-töweregine bahyllygy çeper beýan edilýär. Goşgy Merjen atly zenan maşgalanyñ oglunyñ Türke gidenligi bilen başlap iki aýalyñam awtobusdan düşüp gitmekleriniñ netijesinde tamam bolýar.
Şunlukda
@awgust güli gybatyñ türkmen zenanyna ýaraşmaýandygyny şahyrana tankytlapdyr.
Men daş töweregime üns beremde köp gabat gelýän zadym adamlaryñ tanyş-bilişleri, dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary üstünlige ýetseler, ýa täze wezipa bellenseler, ýa-da täze jaýa göçseler şol ýetilen üstünliklerin düýp sebäbini gözläp başlaýarlar. Ýa bolmasa ol bir garyp bende munyñ beýle zatlar edinmäne ýagdaýy yok diyip, dessine \"nädip?\" diýen soragy berýarler. Eysem gije gundiz chekilen zahmetin netijesinde yetilmejek ustunlik yokdyr. Gybatdan dashda duralyn adamlar gybat iki gonshyny dost dosty dogan gardashy hatda yary yaryna dushman etyar.
Güýçli döwleti ýykmak üçin daşyndan edilen hüjumüñ peýdasy yok çünki daşyndan howp abananda agzy ala millet bolsada birleşýärler. Döwletiñ içine goýberilen gep-gybat bolsa döwleti kökünden ýok etýär. (Maşgalada edil döwlet ýalydyr)
Pyragy hem gybatkeşiñ hal-ahwalatynyñ ýaramaz boljakdygyny iki dünýäsiniñ gowy bolmajakdygyny bellap gechipdir:
Rozy-magşar şikat eder tiliňden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş.
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş.
Bulut dek küküräp, bark kimin gürlär,
Gähi buzdan tagtlar, ataşdan ýerler,
Gatyr dek içýanlar, bugra dek möýler,
Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş.
Halyň gören haýran bolup aglarlar,
Özüň Syjjyn atly jaýda baglarlar,
Diliň çekip, demir bile daglarlar,
Gara bolar şol gün günüň, gybatkeş.
Ýaman söz aýyrar ýagşy dostuňdan,
Günähiň agramy basar üstüňden,
Jähennem içinde tamug astyndan,
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş.
Melekler göterip, gürzi urarlar,
Endamyňdan suw dek akar zäherler,
Haşlaşyp durarlar ýanyňda marlar,
Endamyňdan sorar ganyň, gybatkeş.
Bir dem gutulmaz sen, tamug naryndan,
Içiň doly bolar ýylan zährinden,
Şol azabyň hasratyndan, zaryndan
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş.
Orun biýrler saňa eltip bir jaýda,
Günüň geçer gije-gündiz haý-waýda,
Azabyň artdyrar seniň her aýda,
Çilimkeş hemradyr ýanyň gybatkeş.
Rusyýa sen magşar güni Kerime,
Taňry sowabyňdan alar jerime,
Imansyz ten iýdip elter jehime,
Gile eder senden janyň, gybatkeş.
Magtymguly diýer iliň gözünden
Düşübän, hor bolsaň, görgül özüňden,
Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,
Belli, bibat bolar diniň, gybatkeş.