timm
23.12.2023 01:12
Ýokary bilimli, adygan işgär,
Elbetde, perişde däldigi äşgär.
Umuman alaňda akyl bar, huş bar,
Samsygrak diýmeseň, başga kemi ýok.

Para alyp, para emlemesi bar,
Şeýle halymsyrap gürlemesi bar.
Döwletiň kisesin sermemesi bar,
Kümsügräk diýmeseň, başga kemi ýok.

Aň gelenok sermese-de altmyşy,
Arakdan, tirýekden ýokdur gaýtmyşy.
Umuman alaňda, eden etmişi
Ýoňsuzrak diýmesek, başga kemi ýok.

Zähmetine bap gelenok baýlygy,
Il içinde halanmaýar gylygy.
Umuman alaňda, adamçylygy
Egsigräk diýmeseň, başga kemi ýok.
36
72
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.