timm
22.12.2023 20:17
Bu golaýda senden habar alamok,
Hallaryň niçikdir, pitneli Ýürek?
Henizem sag-aman urup durmusyň,
Birmahal sogrulyp gitmeli Ýürek.

Abyrsyz ýükleriň astynda sojap,
Ezýet baryn çekdiň agyrap-ynjap.
Ýene ýola düşdüň özüňi tijäp,
Birçak baky uka batmaly Ýürek.

Men senden razy, hoşal men juda,
Gürsüldeýäň guwduraman bihuda.
Mydam şa bolduň, bolmadyň geda,
Ýeňdiň. Ýeňiş toýun tutmaly Ýürek.

Bagyşla, men seni bilmedim aýap,
Hawa, kyn ýollarda kän çekdim azap.
Kastyňa çyksa-da ýaragyn gezäp,
Şükür, duşman tygy ötmedi, Ýürek.

Penjesinde ajal atly mähnediň,
Ýan bermediň, meni aman sakladyň.
Arman, başdan inen agyr töhmetiň
Ýarasy henizem bitmedi, Ýürek.

Hiç bela kär edip bilenok, görseň,
Köneje motorym sen işläp dursaň.
Gyssanma, dem-dynç al, özüňi dürse
— Biz entek kän ýere ýetmeli, Ýürek.
39
86
dowletmyrat1990
22 Dekabr 2023
Goşgy söz ýok, gowy çykan goşgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.