stella_🖤
30.08.2024 22:49
Eje we kakalarymyzyň bize ýalan sözleýän zatlary.

1 Köp telewizor görseň kör bolarsyň. Ejem maňa kän aýdardy, ýöne aslynda gözümiziň pes görmesiniň sebäbi ejemizden ýa-da kakamyzdan. Şeýle ýazsam belki düşünersiňiz.

Garry mama
⬇️
Garry mama
⬇️
Mama
⬇️
Eje
⬇️
Sen

Ýagny gözüňiz pes görýaniniň sebäbi siziň maşgalaňyzdan gelýan zat. (Meňem gözüm pes ejemiňkem pes mamam äýnem dakýa mamamyň ejesem äýnek dakýa)

2 Eliňiz şirkillatsaňyz döwüler ýalany. Elimizi köpümiz şirk etýäs we gaty gyzykly bulam bir endik bolýar. Men haçan elimi şirkillatsam ejem eliň döwüler diýýa ýöne aslynda eliňize hiç zat bolanok. Olar süňklerimiziň arasyndaky howa köpürçikleri. Elimizi süňklerini gatydan aşak edemizde şol köpürçikler ýarylýar. Soň ýene täze köpürçik çykýar.

3 Salgyç ýuwutsaň içiňde galar. Bu ýalany aýtmaýan eje ýokdur ýöne aslynda içiňizde galanok siňýär diňe beýleki siňýän zatlardan haýal siňýär. Sakgyç ýuwutsaňyz hiç hili zyýany ýok.

4. Saçyňy kesseň has çalt öser. Bulam ýalan ýöne men iň kan suna ynanardym. Saçynyz keseňizem kesmeseňem 0.25 sm öser.



Awtory: OLUMLU BAK.
16
119
stella_🖤
29.08.2024 22:23
Ýaponiýaly zenan günde 1,4 dollara ýaşap, üç öý satyn aldy.

Ýaponiýaly 34 ýaşly Saki Tamogami diýen gyz öz arzuwyna ýetdi, ol günde 1,4 dollara güzeranyny aýlap, üç sany öý satyn almagy başardy. Ony «ýurduň iň tygşytly gyzy» diýip atlandyrdylar.

Tamogami arzuwyny amala aşyrmaga uniwersiteti tamamlan dessine girişdi. Gozgalmaýan emläkler boýunça wekil bolup, öz aýlygyny tygşytly tutmaga başlady, onuň köp bölegini süýşürinmegi endik edindi. Ol günde 1,4 dollara ýaşamagy öz öňünde maksat edindi, munuň üçin öýde nahar bişirindi, harytlary ýörite arzanlaşyklar boýunça satyn aldy. Ol, esasan, kakadylan çörek, unaş we rediska iýdi. Ol her gezek naharlanmak üçin 35 amerikan sentini harçlady.

Saki 19 ýaşyndan egin-eşik satyn alynmagyny bes etdi, dogan-garyndaşlarynyň beren eşiklerini geýindi. Gyz hatda ýüz-keşbine serenjam bermek üçin salonlara barmaýardy, öz uzyn saçlaryny-da lomaý baha satmagy başardy diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

27 ýaşyndaka gyz 69 müň dollara ilkinji öýüni satyn aldy we ony kärendesine berdi. Iki ýyldan soňra Tamogami 124,5 müň dollara ikinji öýi satyn aldy. 2019-njy ýylda bolsa 256 müň dollara üçünji öýüni edinip, arzuwyny amala aşyrdy.

Onsoňam, ugurtapyjy gyz satyn alan öýleriniň birinde pişikler üçin kafe açdy. Häzirki wagtda maliýe garaşsyzlygyny gazanan hem bolsa, Saki pul tygşytlamagyny dowam edýär, ol gozgalmaýan emläklere maýa goýmakçy.
11
83
stella_🖤
28.08.2024 23:45
Dünýäde 1446 ýyl bäri işläp gelýän gurluşyk kompaniýasy belli boldy.

Ýaponiýadaky 578-nji ýylda esaslandyrylan «Kongo Gumi» kompaniýasy häzirki wagtda dünýäde üznüksiz hereket edip gelýän iň köne gurluşyk kompaniýasy diýlip yglan edildi.

Häzir dünýäde ýaşy 200 ýyldan geçýän kompaniýalaryň birnäçe müňüsi bar, emma olar hemişe işläp gelýän «Kongo Gumi» kompaniýasy bilen deňeşdirilende, ýaşdyr. Ol VI asyrda budda hramlaryny gurýan agaç ussasy tarapyndan esaslandyrylypdyr. Ýagny 578-nji ýylda koreýaly neçjar Kogo Sikony Ýaponiýada ilkinji budda ybabadathanasy bolan Sitennodzini gurmaga çagyrýarlar.

Şonda Siko gurluşyk kompaniýasy esaslandyrýar, muňa Ýaponiýanyň taryhy barada «Nihon seki» («Ýaponiýanyň senenamasy») atly iň köne resmi neşirde habar berilýär.

Şondan soňra onuň kompaniýasy öz işini dowam edip, tutuş Ýaponiýada buddaçylyk ybadathanasynyň we keramatly ýerleriň gurluşygynda we abatlaşdyrmakda müň ýyllyklaryň dowamynda iş alyp barypdyr.

Emma gurluşyk pudagynda bäsdeşlik sebäpli 2006-njy ýylda kompaniýa bergileriniň artmagy bilen baglylykda, aktiwlerini «Takamatsu» kompaniýasyna satmaga mejbur bolýar. Ol häzir «Takamatsunyň» golçur kompaniýasydyr.

Emma muňa garamazdan, «Kongo Gumi» dünýäde iň köne kompaniýadyr diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.



Turkmenportal
14
63
stella_🖤
28.08.2024 12:54
Diňe Ỳaponiýada bar bolan geň galyjy zatlar.


● Ýaponiýada ýeke bolsaňyz 20 dollar bilen söýgüliňiz bolup biler. Bir zat bar ( adyny aýtmady) şonuň içinde söýgülisi bolmaýan adamlaryň ady nomyry ýazylgy saýlap jaň edip görüşip bolýar. ( Meniň pikrimçe gereksiz)

● Ýumurtga kafe. Bu kafe-de her ỳurtdan gelen ýumurtgalardan nahar iýip bilersiňiz. Ýöne menýuda diňe ýumurtgaly naharlar bar.

● Ỳaponlar käbir çipsilara gurçuk goýup iýýäler.

● Ýer tudanaly tuwalet kagyzy 😅

● Uçýan otlylar.

● Ikä bölünen arça. ýaponiýa gaty akylly ýurt munam düşünipdirler. Täze ýyl arçasyny diwara goýup bilýas. Bir arçaň ýartysy bar ýartysy ýok.

● Kolaň ýa-da fanta boşan soň daşyny bir zada goýýaňyz welin pul gazanýanyz.

● Hello kitty otlysy bu otly pink reňkli we owadan otly. Hello kitty otlysynyň içinde hem Market bar. Hello kitty zatlaryny satýarlar. (Men Ýaponiýa gitsem hökman münerdim😊)

● Siz eliňiz ýuwup otyrkaňyz telefonyňyzam arassalansa gowy bolmazmy. Kabir yerlerde telefonynyzy ozi arassalayjy zat bar. Teliňizi goýýaňyz özi arassalap yzyna getirýar. ( Türkmenistana gelse kemem bolmaz)

● scooterly market sebedi. Ýaponiýada Market sebetlerinde aýagyňyz goýar ýaly ýer bar. Aýagyňyzy goýup arkaýyn islan zadynyzy alyp bilyaňiz. ( Bular ýöremänede ýaltanýan bolmaly🤔)

● Dünýäniň iň gaty gitýän otlysy.

Awtory: Mert gültaş
18
88
stella_🖤
27.08.2024 22:04
Salam hemmäňize mähriban agzalar. Taryh hakynda soraglaryma köp agza jogap bermedi belki iňlis dili hakynda bilýänler köpdür.


1 I have four ____.

a) The pen

b) pensess

c) pen

d) pens


2) Look at ____ photos.

a) an

b) the

c) a

d) to


3) The _____ British passports.

a) 's

b) 'il

c) 're

d) 'd

4) "What is it?" "It'is ____ key.

a) a

b) an

c) the

d) to

5) Is'it ____ ipod?

a) to

b) a

c) the

d) an.




Jogaplara garaşýan.
13
127
stella_🖤
26.08.2024 17:37
Salam hemmäňize öwrenmeliniň mähribän agzalary🙋🏻‍♀️ Bu gün size taryh hakynda soraglar taýýarladym🙂 Soraglara jogap berenlere şu wagtdan sagboluň😊


1) XX Asyryň başlarynda dünýä döwletleri gurluşy boýunça haýsy dolandyryşly döwletlere bölünýärdi?


2) Monarhiýa gurluşly döwletleriň başynda kim durýardy?


3) Baknalyk syýasatyna has ir başlan Ispaniýa we Portugaliýa haýsy döwletler bilen bäsleşmekde ejizläpdi?


4) Kärdeşler arkalaşyklary ilkinji gezek dünýäniň haýsy ýurdynda başlapdy?


5) Döwlet dolandyryşynda çetde bolup, häkimiýet ugrunda göreşýän partiýalara näme partiýalar diýilýärdi?


6) XX asyryň başlarynda Ýaponiýa-da haýsy düzgin dowam etýärdi?
18
171
stella_🖤
26.08.2024 10:56
Pekinde robot tehnikasynyň sergisi geçdi



Düýn Hytaýyň paýtagtynda Bütindünýä robot tehnikasy boýunça maslahat geçdi. Onda ýüzlerçe kompaniýa 600 töweregi innowasion önümleridir 60-dan gowrak täze tehnika bilen tanyşdyrdylar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Çärede adampisint robotlaryň hemmeleri haýran galdyrandygy aýdylýar. Sergä gatnaşyjylar robotlary adamlardan tapawutlandyrmagyň birbada kyn bolandygyny gürrüň berdiler diýlip, habarda bellenýär.

Mysal üçin, Hytaýda ýaşaýan russiýaly Witaliý Kupriýanow täsirlerini şeýle paýlaşdy: - Sergä iki sagat aýlandym. Diýseň gyzykly boldy. Ösen we ösüp barýan ýurtlarda ilat gartaşýar, robotlar köp ugurlarda adamlary, mysal üçin, sürüjileri, haryt eltijileri, ýükçüleri, gurluşykçylary, aşpezleri, hyzmat ulgamynda işleýänleri çalşyp bilerler.

Aýratyn hem, häzir gartaşan we mümkinçilikleri çäkli adamlara ideg etmek babatda robotlar has uly kömek edip bilerdiler. Bu häzir iň ýörgünli mesele, sebäbi köpler gartaşan ene-atalary we maýyplary garrylar öýüne tabşyrmak islemeýär. Robot bolsa, olara sanjym edip biler, küşt oýnar, täzelikler barada gürrüň berer, degişme aýdyp berer.

Çeşme: TURKMENPORTAL
15
21
stella_🖤
25.08.2024 21:13
Alymlar Ýeriň aýlanyşynyň haýallaýşynyň tapgyrlaýyn häsiýetini anykladylar.

Halkara geologlar topary Ýeriň aýlanyşynyň haýallaýan we durnukly döwürleriniň gezekleşip, basgançak görnüşinde haýallaýandygyny subut etdi. Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda çap edilen bu barlag soňky 650 million ýyly öz içine alýan çökündi jynslaryň seljermesine esaslanýar.



Alymlar daşgynyň ýaýramagy sebäpli Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanyşynyň haýallaşýandygyny, ýöne bu prosesiň gyradeň däldigini anykladylar. Sekiz sany geologiki maglumatlar toplumyny seljerenden soň, olar haýallaşmanyň iki möhüm durnukly döwürde tapgyrlaýyn bolup geçendigini anykladylar. Olaryň biri Kembriýadaky partlama, beýlekisi bolsa iň uly köpçülikleýin ýok bolma bilen gabat geldi.
Şeýle hem barlagçylar Aýyň Ýerden 20 müň kilometr uzaklykda, Ýerdäki gije-gündiziň dowamlylygynyň 2,2 sagat uzyn bolandygyny anykladylar.
Alymlar Ýeriň aýlanyşyndaky üýtgeşmeler bilen iri ykdysady hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy kesgitlemek üçin gözlegleri dowam etdirmekçi bolýarlar.



Çeşme:Türkmenportal
18
309
stella_🖤
24.08.2024 13:05
Sofiýa


Sofiýa dünýädäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan çap edildi we köp sanly ýokary derejeli söhbetdeşliklerde çykyş etdi. 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Sofiýa Bolgariýanyň raýatlygy berildi we islendik ýurtda kanuny şahsyýet alan ilkinji robot boldy. 2017-nji ýylda Sofiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň ilkinji innowasiýa çempiony diýlip yglan edildi we Birleşen Milletler Guramasynyň adyna eýe bolan ilkinji adam däl boldy. Dörediji Deýwid Hansonyň pikiriçe, Sofiýanyň deslapky kody takmynan 70% açyk.Sofiýa ilkinji gezek 2016-njy ýylyň 14-nji fewralynda işjeňleşdirildi. Sofiýa adam hereketlerini we ýüz keşbini takyklaýar we anyk soraglara jogap berip biler we öňünden kesgitlenen mowzuklarda (meselem, howa) ýönekeý söhbetdeşlikler geçirip biler. Hanson, Sofiýany garrylar öýlerinde garrylar üçin amatly ýoldaş, uly çärelere ýa-da seýilgählere mähellä kömek etmek ýa-da müşderi hyzmaty, terapiýa we bilim programmalarynda hyzmat etmek üçin döredendigini aýtdy we robotdan umyt edýändigini aýtdy. ahyrynda sosial endikleri ele almak üçin ýeterlik beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklap biler.


Awtory: stella_🖤
11
25
stella_🖤
23.08.2024 23:34
Okuwçylaryň soraglara beren gülkinç jogaby. part 1


1 Sorag: 1986-nji ýylda näme gutardy.
Okuwçyň jogaby: 1985 ýyl

2 Sorag: Dunýadäki iň güýçli duýgy näme?
Okuwçyň jogaby: Love

3) Sorag: 6 sany haýwanyň adyny ýazyň.
Okuwçyň jogaby: 3 sany pişik, 3 sany güjük.

4) Sorag: Okuwy 1 söz bilen atlandyryň.
Okuwçyň jogaby: Jähennem😅

5)Sorag: Alym Mikroskopda näme üçin hiç zat görüp bilenok?
Okuwçyň jogaby: Alym kör.

6) Sorag: 4-nji mysaly nädip işlaniňi düşündir.
Okuwçyň jogaby: Beýnimi işledip çözdim.

7) Sorag: Iň gowy görýän gahrymanyňyzy ýazyň.
Okuwçyň jogaby: Kakam
Sorag: Näme üçin şol gahrymany gowy görýäňiz?
Okuwçyň jogaby: Sebäbi hiç zatdan gorkanok.
Sorag: Gahrymanyňyz näme zatdan gorkýar?
Okuwçyň jogaby: Ejemden

8) Sorag: 40-da kiçi san ýazyň?
Okuwçyň jogaby: 20
Sorag: 40-dan kiçidigini nädip bilýäň.
Okuwçyň jogaby: Akylly bolanym üçin bildim.

9) Sorag: Agaçlaryň azalmagynyň sebäbi näme?
Okuwçyň jogaby: Şul kagyz.

10) Sorag "Näme" söze sözlem düz?
Okuwçyň jogaby: Näme üçin?



Gözleşdirip taýynlan: stella_🖤
26
165