stella_🖤
29.08.2024 22:23
Ýaponiýaly zenan günde 1,4 dollara ýaşap, üç öý satyn aldy.

Ýaponiýaly 34 ýaşly Saki Tamogami diýen gyz öz arzuwyna ýetdi, ol günde 1,4 dollara güzeranyny aýlap, üç sany öý satyn almagy başardy. Ony «ýurduň iň tygşytly gyzy» diýip atlandyrdylar.

Tamogami arzuwyny amala aşyrmaga uniwersiteti tamamlan dessine girişdi. Gozgalmaýan emläkler boýunça wekil bolup, öz aýlygyny tygşytly tutmaga başlady, onuň köp bölegini süýşürinmegi endik edindi. Ol günde 1,4 dollara ýaşamagy öz öňünde maksat edindi, munuň üçin öýde nahar bişirindi, harytlary ýörite arzanlaşyklar boýunça satyn aldy. Ol, esasan, kakadylan çörek, unaş we rediska iýdi. Ol her gezek naharlanmak üçin 35 amerikan sentini harçlady.

Saki 19 ýaşyndan egin-eşik satyn alynmagyny bes etdi, dogan-garyndaşlarynyň beren eşiklerini geýindi. Gyz hatda ýüz-keşbine serenjam bermek üçin salonlara barmaýardy, öz uzyn saçlaryny-da lomaý baha satmagy başardy diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

27 ýaşyndaka gyz 69 müň dollara ilkinji öýüni satyn aldy we ony kärendesine berdi. Iki ýyldan soňra Tamogami 124,5 müň dollara ikinji öýi satyn aldy. 2019-njy ýylda bolsa 256 müň dollara üçünji öýüni edinip, arzuwyny amala aşyrdy.

Onsoňam, ugurtapyjy gyz satyn alan öýleriniň birinde pişikler üçin kafe açdy. Häzirki wagtda maliýe garaşsyzlygyny gazanan hem bolsa, Saki pul tygşytlamagyny dowam edýär, ol gozgalmaýan emläklere maýa goýmakçy.
11
77
Islam_Atayew
30 Awgust 2024
@ayymsha, yok, hickimde işlänok oytyan
ayymsha
30 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Sende ishleyami bildirish
ayymsha
30 Awgust 2024
Islam_Atayew
30 Awgust 2024
@ayymsha, soñam endik edinen bolaymasa şeyle ýaşaýşy
ayymsha
30 Awgust 2024
ayymsha
30 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Mumkin jay alyancha sheyle yasandyr
Islam_Atayew
30 Awgust 2024
suratdaky ozi bolsa, 1,4 dollara ýaşaýana menzes dal
mugallym_
30 Awgust 2024
Ondan beterini göreýin diýseler Türmenistana gelsinler
Karaleva_
29 Awgust 2024
o derejede bolmaly däl eken 😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.