stella_🖤
28.08.2024 23:45
Dünýäde 1446 ýyl bäri işläp gelýän gurluşyk kompaniýasy belli boldy.

Ýaponiýadaky 578-nji ýylda esaslandyrylan «Kongo Gumi» kompaniýasy häzirki wagtda dünýäde üznüksiz hereket edip gelýän iň köne gurluşyk kompaniýasy diýlip yglan edildi.

Häzir dünýäde ýaşy 200 ýyldan geçýän kompaniýalaryň birnäçe müňüsi bar, emma olar hemişe işläp gelýän «Kongo Gumi» kompaniýasy bilen deňeşdirilende, ýaşdyr. Ol VI asyrda budda hramlaryny gurýan agaç ussasy tarapyndan esaslandyrylypdyr. Ýagny 578-nji ýylda koreýaly neçjar Kogo Sikony Ýaponiýada ilkinji budda ybabadathanasy bolan Sitennodzini gurmaga çagyrýarlar.

Şonda Siko gurluşyk kompaniýasy esaslandyrýar, muňa Ýaponiýanyň taryhy barada «Nihon seki» («Ýaponiýanyň senenamasy») atly iň köne resmi neşirde habar berilýär.

Şondan soňra onuň kompaniýasy öz işini dowam edip, tutuş Ýaponiýada buddaçylyk ybadathanasynyň we keramatly ýerleriň gurluşygynda we abatlaşdyrmakda müň ýyllyklaryň dowamynda iş alyp barypdyr.

Emma gurluşyk pudagynda bäsdeşlik sebäpli 2006-njy ýylda kompaniýa bergileriniň artmagy bilen baglylykda, aktiwlerini «Takamatsu» kompaniýasyna satmaga mejbur bolýar. Ol häzir «Takamatsunyň» golçur kompaniýasydyr.

Emma muňa garamazdan, «Kongo Gumi» dünýäde iň köne kompaniýadyr diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.



Turkmenportal
14
61
matsuriken
26 Sentýabr 2024
Yslam dini döräli bäri bar ekenow
smart_gr
29 Awgust 2024
@nehir, Salam goumy gulm sn mni tanadynmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.