stella_🖤
26.08.2024 10:56
Pekinde robot tehnikasynyň sergisi geçdi



Düýn Hytaýyň paýtagtynda Bütindünýä robot tehnikasy boýunça maslahat geçdi. Onda ýüzlerçe kompaniýa 600 töweregi innowasion önümleridir 60-dan gowrak täze tehnika bilen tanyşdyrdylar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Çärede adampisint robotlaryň hemmeleri haýran galdyrandygy aýdylýar. Sergä gatnaşyjylar robotlary adamlardan tapawutlandyrmagyň birbada kyn bolandygyny gürrüň berdiler diýlip, habarda bellenýär.

Mysal üçin, Hytaýda ýaşaýan russiýaly Witaliý Kupriýanow täsirlerini şeýle paýlaşdy: - Sergä iki sagat aýlandym. Diýseň gyzykly boldy. Ösen we ösüp barýan ýurtlarda ilat gartaşýar, robotlar köp ugurlarda adamlary, mysal üçin, sürüjileri, haryt eltijileri, ýükçüleri, gurluşykçylary, aşpezleri, hyzmat ulgamynda işleýänleri çalşyp bilerler.

Aýratyn hem, häzir gartaşan we mümkinçilikleri çäkli adamlara ideg etmek babatda robotlar has uly kömek edip bilerdiler. Bu häzir iň ýörgünli mesele, sebäbi köpler gartaşan ene-atalary we maýyplary garrylar öýüne tabşyrmak islemeýär. Robot bolsa, olara sanjym edip biler, küşt oýnar, täzelikler barada gürrüň berer, degişme aýdyp berer.

Çeşme: TURKMENPORTAL
15
20
1089
26 Awgust 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.