Umyt yok diyip oturma hijem
Umyt geljek bolsa ir geler gijem
Hiç kime guwanma öz öziñ tijen
Ýykylsañ galdyryp bilmän doganlar aglar
Aglañda aglaýan güleñde gülýän
Ýylgyrsañ-da içiñdäki derdiñi bilýän
Işiñ düşse mydam kömege gelýän
Ýürekden diñeje dostlaryñ aglar
Garybyñ dilegi diñeje çörek
Garyp ýigit ejeden başga aýt kime gerek
Pulsyzlykdan ýadap başlanda ýürek
Diñeje öziñ ýaly garyplar aglar
Bu gün ýaşadyñ belli däl ertir öljegiñ
Mañlaýa ýazylmandyr her gün güljegiñ
Adamzat bilende bela geljegin
Alladan dilenip ýalbaryp aglar
Harama ýöreýär her ädimleri
Pulsyz hijem görmersiñ yardamlary
Pygamberim görse bu adamlary
Cydaman gözinden sil döküp aglar
Söyen gyzyñ eli durmaz eliñde
Mydam senden gaçar dursañ ýeriñde
Söýeniñi başga gujakda göreñde
Gijelerine sessizje ýüregiñ aglar
ŞAGELDI mydam derdiñ kän öz ýüregiñde
Ýürekdäkini dileýäñ her dilegiñde
Wagt gelip bu dünýäni terk edenimde
Aýdyñ meñ gabryma kim gelip aglar...