sonia
13.07.2023 17:46

GIDER


Çagakañ ýykylsañ agyrýa dyzyñ

Üfleseñ bir-iki günden dyz geçip gider

Tomusyñ gürrüñin edip oturkañ

Birdenem hoşlaşyp güýz geçip gider


Alladan başga hiç kimden sorama bagty

Berse-de şol berer täç bilen tagty

Itleriñ jemlenip üýrüp duran wagty

Gyradan sessizje şir geçip gider


Garrap ak saçlary ýere dökülse

Ýadawlykdan endam jany sökülse

Garyp goja büdräp ýere ýykylsa

Deñinden gülüşip il geçip gider


Pulsyzlykdan arzan eşik geýende

Açlykdan daş ýaly çörek iýende

Çölde suwsyzlykdan öldim diýende

Deñinden lowurdap sil geçip gider


Wagt üçin tutýan kän gyzyñ elinden

Zenan kesmesin köýneginiñ ýeñinden

Keýp diýip ýykylanda deñinden

Abraýly, namysly gyz geçip gider


ŞAGELDI ýalñyş ädim ätme durmuşda

Endam üşär, ýürek gyzar her gyşda

Gojalyp haýal ýörände ýagyşda

Agtyklañ ylgaşyp tiz geçip gider


Awtory: Şageldi Amangeldiýew

15
60
sonia
13 Iýul 2023
@owadanym, spasibo
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.