sonia
07.08.2023 23:16

Ene ýüreginiñ bu beýik bagtyn

Sen işe güýmenip,

görmedik bolýañ

Erte gaýyn ene boljak

ýaş ene

Gaýyn enä pikir bermedik bolyañ.


Gaýyn ene gamly-gamly garaýar:

Guwanaýyn balalarym boýñuza

Sypalaýar körpeleriñ gulpagyn

Geleýin men ertir uly toýñuza.


Soñ yene-de gidiwerýär sedasyz

Göwni bizde galýar

göwresi ýolda

Näme diýip

Näme aytjagym bilmän

Menem garap galýan gözgyny halda.


Bize bu älemi beren enäniñ

Näme ýazygy bar?

näme aýby bar?

Belki, sen bilýänsiñ

düşündir maña

Bu dumana dözeýin men niçezar.


Ýöne men bir zady bilemok anyk

Gören barmy heý enesiz doglany

Gaýyn enesini söýmeýän gelin

Söýüp bilermikä onuñ ogluny?

18
69
paradisem
21 Noýabr 2023
geliñ oyun barada uytgeşme ba meñ soñky
mandarin
1 Oktýabr 2023
Sps sonia
garik
8 Awgust 2023
Soñky bendinä çüýläpdiraý👍👍👍
g888
8 Awgust 2023
Ene hakdaky goşgularyň başgaça täsiri bar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.