sofii
02.01.2024 10:56
Näme sorandyklary hakda pikir etme, näme üçin sorandyklary hakda oýlan. Näme üçindigini çaklap bilseň, näme diýip jogap bermelidiginem bilersiň.
Maksim Gorkiý
31
58
sofii
31.12.2023 08:19
Salaam, Öwrenmeli portalynyň mähriban agzalary, moderatorlary, editorlary we adminleri!!!

Men hemmejäňizi ýetip gelen Täze Ýyllaryňyz bilen gutlaýaryn! Täze Ýyl hemmämize düşümli bolsun! Saçaklaryňyz mol bolsun, elleriňizde pul bolsun! Gyşda ýagan akja gar ýaly, durmuşyňyz owadan bolsun! Täze Ýylda keýpiňiz zor bolsun!

Işgärlere ýa-da biznesmenlere

Işiňiz ýa-da biznesiňiz mydama ugruna bolsun! Işiňiz (biznesiňiz) diňe öňe tarap ugruksyn! (Biznesmene) Her ýyl siziň biznesiňiz ösüp, hemme dünýä tanasyn! (Işgäre) işiňizde oňat işläniňizden, sizi başlygyňyz mydama magtasyn!

Talyplara

Siziň okuwyňyzy oňat okap we gyzyl diplomyňyzy eliňize alyp, maşgalaňyza buýsanyp barmagyňyzy dileýärin! Okuwda şowlulyk siz bilen bile bolsun! Özüňiziň halaýan işiňize girip, işiňizde-de derejeler gazanmagyňyzy arzuw edýän!

@tsol_va we @tsoltanov

Sizleriň türkmen halky üçin peýdaly we gyzykly boljak goşundylary, portallary döretmegiňizi arzuw edýärin! Her ýyl sizleriň eden programmalaryňyz il arasynda trend bolsun!! Eýýäm sizler ,,Öwrenmeli" we ,,Älem Sesi" portallary arkaly agzalaryň we diňleýjileriň göwnünden turmagy başardyňyz. Işleriňiz mydama şowuna bolsun we rowaç alsyn!

🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄
🥳🥳🥳🥳🥳🥳🥳🥳🥳🥳
🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉🎉
🧨🧨🧨🧨🧨🧨🧨🧨🧨🧨
34
91
sofii
30.12.2023 07:07
Men @beghanym-yň ýaryşynyň finalyna Öwrenmeliň premium agzasy @ilhano_va-ny saýladym we birnäçesini goşdum.

@ilhano_va diňe bir Öwrenmeliň premium agzasy däl, mydama goşgy goýýan agzalaryň biri. @ilhano_va-nyň goşgulary adamlaryň duýgularyny, arzuwlaryny beýan edýär. Ol gowudan-gowy goşgulary gözleýär we agzalaryň göwünlerinden çykmaga çalyşýar, suratlary laýyk goýmagy başarýar.

Hemme agzalary deň derejede sylaýar, boş gürrüňlere goşulmaýar. Gysgaça, üýtgeşik we gowy agza. Köwser ýaly arassa, mylaýym.

@ilhano_va, suratdaky owadan älemgoşar bägüller siziň üçin🌹:)


Öwrenmeliň premium agzasy
Göwher agzamyz @ilhano_va.
Hemme goşgularyň jemlenen kitaby ;)
Premium agzamyz @ilhano_va.


Goşga sazlaşykly suratlar goýýar,
Owadanlygy, gözelligi söýýär.
Postlary birden göze ilýär
Premium agzamyz @ilhano_va.


@ilhano_va-ny gowy bir tanamok,
Oň tarypyny ýetirmäge söz ýetenok.
Şeýle hem, görmäge göz ýetenok,
Premium agzamyz @ilhano_va.


🖊️Ýörite @ilhano_va üçin goşgy düzen: @beautiful_


@miss_minnosh

Bu agzamyz şadyýan, alçak gyz. Degişme goýýan agzalaryň arasynda birinjilikde dur:) Hemmämiz @miss_minnosh-y şeýle görnüşde tanaýarys. Täze degişmeler bilen agzalaryň göwnünden turmagy başarýan başarjaň gyz. Käwagt profiline suratlaryny goýýar, örän owadanja. Pikir hem edýän, jigisiniň suratyny goýmadymyka diýip🤔😁Öz işiniň ussady♥️


@flowers_

Öwrenmeli agzalary @flowers_-iň adyny ýazanda, flawers diýip ýazýar. Ýöne, giň bolany üçin öýkeläýenok:)🙅🏻 Öwrenmeli portalynda mähirli, gowy maglumatlar, maslahatlar berip bilýän oňat agza😘


@relax

Öwrenmeli portalynyň jogapkärçilikli moderatory. Öwrenmelide adminleriň sag goly. Agzalaryň hemme haýyşlaryny irginsiz ýerine ýetirýär. Täsin faktlar we peýdaly postlar goýýar. Hemme agzalaryň haýyşlaryny ýerine ýetirýäniňiz üçin minnetdar!🙂😉


@serwi

Öwrenmeliň meşhurlarynyň biri. Köp gözledilýän 10 agzanyň arasynda-da, derejede-de. Bir-em şadyýan we göwnaçyk. Islendik agza bilen dil tapyşýar. Käte Türkmenistanyň we dünýäniň gadymy taryhyny beýan edýär :)😍


@gulia_maksatmyradowna

Men ýaly şahyr agza.Onuň aýtmagyna görä @dusia_maksatmyradowna oňa kiçijik wagtynda ,,b\" harpyny ýazyp bilmänligi üçin ikilik goýupdyr (ine, şeýle 2) Şol ikilik onuň ömründe ilkinji we iň soňky ikiligi bolupdyr. Şeýle hem olar mydama bileje gürleşýärler, gulia birini saýlamaly bolsa dusiany, dusia birini saýlamaly bolsa guliany saýlaýar :)🤩

@mawy
Göwnaçyk gyz. Ol hem iň köp gözledilýän 10-lugyň arasynda orun alyp dur. Gürleşseň, gürleşesiň gelýăr. Mawy ýürek goýsaň, meniň ýüregim diýip gelýär😁Soňky wagtlar gürrüňe goşulmaýar🤔Akyllandymy ka ýa😆 (degişýän) Täsin postlar goýýar. Soňky profil suratyna anime gyzyň suratyny goýupdyr :)

AGZALAR: Hoşallyklaryňyzy ýörite postda ýa teswirde 9999 bal sowgat🎁 berip bildirseňiz, iki esse hoşal bolardym :)


Hemme Öwrenmeli agzalaryny, moderatorlaryny, editorlaryny, testerlerini, adminler @tsoltanov bilen @tsol_va-ny, @ilhano_va-ny Täze Ýyllaryňyz bilen gutlaýaryn! Maşgalaňyza bagt, agzybirlik, şadyýanlyk dileýärin! Suratdaky älemgoşar bägüli ýaly, owadan we dürli reňkli bolsun! Ýüzüňizden gülki düşmesin! Işiňiz ugruna bolsun! Okuw okap ýörenlere okuwyňyzy sag-amanja okap, gyzyl diplomlaryňyzy alyp, işiňiziň ussady bolmagyňyzy arzuw edýän! Arzuw-maksatlaryňyza ýetiň! Geçen ýyl ýetip bilmedik maksatlaryňyza şu ýyl ýetiň!


@beghanym, siziň geçiren ýaryşyňyz gyzykly boldy. Ýaryşyňyz üçin sag boluň we ýene geçirip duruň!
32
198
sofii
27.12.2023 16:02

@beghanym-yň ýarym final ýaryşynyň 4-nji şerti boýunça post



Bolar (Magtymguly Pyragy)

Hozuň daş gabygyn, gülälek suwun

Garyp saça çalsaň, gara reň bolar.

Içiň şerden sakla, tiliň gybatdan,

Saklamasaň, köňül gözgüň zeň bolar.


Her kişi kim ýamanlykny kast eýlär,

Iki dünýä öz işine keşt eýlär,

Ýagşy gylyk duşmanyňny dost eýlär,

Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar.


Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,

Bilmeze hiç, bilenlere nyrhy köp.

Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,

Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.


1-nji bent. Bu bentde gybat etmeli däldigi, gybatdan saklanmalydygy, saklanmasaň köňül gözgüň zeň bolýandygy barada aýdylýar.


2-nji bent. 2-nji bentde ýamanlykdan daş bolmalydygy, ýagşy gylykly bolsaň, duşmanyň hem dosta öwrüljekdigi ýazylýar. Gylygyň erbet bolsa, hemmesiniň seniň bilen dawalaşyp, «işiň jeň boljakdygy» hakynda aýdylýar.


3-nji bent. Soňky bentde şahyryň sözi gysga bolsa-da , şerhi, ýagny, nepi, peýdasy köpdigi, hemme ýeriň deň bolmaýşy ýaly, erkekleriň hemmesiniň hem bir bolmaýşy aýdylýar.


Umuman, bu goşgy ýagşy gylykly bolmak, durmuşda özüňi parahat, sabyrly, kanagatly alyp barmak, söz manysyna sarpa goýmak, gysga, manyly sözlemek barada dana pähimler beýan edilýär.



Täze Ýyla dileg.

Geljek Täze Ýylyňyz düşümli bolsun,

Parahatlyk höküm sürsün her ýerde!

Guwanç, şatlyk hem gowy ýatlamalar

Siňsin, ýazylýan her bir täze bende!


Çagalaryň gülüp-oýnaşýan sesleri,

Aýrylmasyn, siziň öýüňizden!

Işiňiz her ýyl rowaç alsyn,

Siziň zähmete bolan söýgüňizden!


Gyşda ýagan akja gar ýaly,

Göwünlerňiz bolsun suwdan arassa!

Arzuwlarňyz öz wysalyn tapsyn,

Höwesiňiz, söýgüňiz bolmasyn hassa!


Bagt, ylalaşyk we agzybirlik

Bolsun hemişe, mydama siz bile!

Gül ýüzüňiz hiç haçan solmasyn,

Gülüp, ýylgyryp geziň hemişe!!!

Awtor: @beautiful_


Hemme Öwrenmeli agzalaryny, şol sanda myhmanlaryny ýetip gelýän Täze Ýyl bilen gutlaýaryn!!! Işiňiz gül ýaly, durmuşyňyz bal ýaly süýji bolsun!

30
66
sofii
25.12.2023 18:15
ÝAGYŞ GEREKMI, BAŞ ÜSTÜNE!

Merkezi AfrIkanyŇ Bamberi şäherinde 49 ýaşly Niono Ataşe diýen adam ýaşaýar. Ol ilat arasynda ýagyş ýagdyryjy lakamy bilen tanalýar. Ähli ýerde bolşy ýaly, onuň ýaşaýan ýerinde-de mydama ýagyş ýagyp duranok. Ýöne N.Ataşe zerurlygy çykan wagty ýagyş ýagdyrmagy başarýar. Eger ýagşyň ýagmagy zyýanly wagtynda bolsa ol bulutlary ýagyş ýagdyrman dargadyp goýberýär. Onuň hiç hili dogadyr beýleki zatlary okamaýandygyny aýdýarlar. Ýagyş ýagdyrjak wagtynda N.Ataşe açyk asmana ep-esli wagtlap seredip durýarmyş. Ýöne şol bir wagtyň özünde ol wagtal-wagtal kellesini iki tarapa öwürýän ekeni. Aradan 30-40 minut çemesi wagt geçenden soň ýagyş ýagmaga başlaýan ekeni.
35
105
sofii
24.12.2023 11:21
Google Play-da programmalary uzak aralykdan pozmak funksiýasy peýda bolar

Google kompaniýasy öz programmalar dükany üçin täze funksiýany işe girizmäge taýýarlanýar. Google Play hyzmatlarynyň dekabr aýyndaky täzelenmesi ulanyjylara birikdirilen gurluşlardan programmalary uzak aralykdan pozmaga mümkinçilik berýän synag opsiýasyny öz içine alýar. Täzelik heniz iş ýüzünde güýje girenok. Bu funksiýanyň soňrak resmi we umumy elýeterli bolmagyna garaşylýar. Ýöne TheSpAndroid tehnoblogeri bu funksiýany eýýäm synagdan geçirdi we işiň jikme-jiklikleri bilen paýlaşdy. Muny rbclife.ru ýetirýär.

Ol geljekde bu funksiýa isleg bildirýänleriň ählisiniň elýeterli bolup biljekdigini ýazýar. Munuň üçin Play Store programmasynda “Programmalary we gurluşy dolandyrmak” bölümine girmeli. Soňra:

“Dolandyryş” sahypasyna geçmeli;
Ähli birikdirilen gurluşlaryň sanawy peýda bolar ýaly häzirki gurluşyň adyna basmaly we ulanyjynyň göz öňünde tutýan gurluşyny saýlamaly;
Programmalar sanawyndan bozmaly programmany saýlamaly;
Sag tarapdan ýokarky burçdaky bozmak nyşanjygyna basyp, amaly tamamlamaly.
Haçan-da ulanyjy Google Play Store-dan Android-e bir programmany gurnanda, ulgam bu programmany beýleki gurluşlara-da gurnamagy teklip edýär. Indi şeýle ssenariýa boýunça olary beýleki gajetleriňizden uzak aralykdan bozup bilersiňiz.
Şeýle-de, bu funksiýa programmalary eýeleýän ýadynyň göwrümine görä tertipleşdirmäge mümkinçilik berer. Netijede, agyr programmalary anyklamak aňsat bolar we olary zerur bolan ýagdaýynda aýryp, gurluşyň öndürijiligini ýokarlandyrmak bolar.
33
55
sofii
22.12.2023 17:20
Meň pikir edýän zadymyň,
Meň aýtmak isleýän zadymyň,
Meň göwnüme bolmasa, diýip duran zadymyň,
Meň hakykat-da diýip duran zadymyň,
Siziň eşidesiňiz gelýän zadyňyzyň,
Siziň göwnüňize bolmasa, eşidip duran zadyňyzyň,
hem-de siziň düşünesiňiz gelýän zadyňyzyň,
Siziň düşünip duran zadyňyzyň
arasynda,
düşünişmezligiň döremeginiň 10 görnüşi (warianty) dur.
Ýöne, onda-da, barybir, geliň synanyşalyň...
Bernard Weber
36
50
sofii
21.12.2023 19:56
90 ýaşynda magistr derejesini alan zenan

90 ýaşly Minni Peýn Demirgazyk Tehas uniwersitetinden magistr derejesini alan iň garry talyp diýlip yglan edildi. Pensioner zenan 1950-nji ýylda orta mekdebi tamamlady we gysga wagtyň dowamynda kollejde okady, ýöne 68 ýaşynda tekst taýýarlamak bilen baglanyşykly 30 ýyllyk karýerasyna garamazdan, diplom almak kararyna geldi.

Peýn Tehasyň Zenanlar uniwersitetinde okap, üç žurnalistika kursyny we bir telekeçilik kursyny tamamlady. Minni 2006-njy ýylda bakalawr derejesini alandan soň, birnäçe ýyllap Tehasyň birnäçe neşirinde ştatdan daşary (erkin) redaktor bolup işledi.
Peýn maşgalasyna has ýakyn bolmak üçin Kollej-Steýşn şäherine göçdi we žurnalistika boýunça magistr derejesini almak üçin uniwersitetine gaýdyp geldi. Peýn bilimini doly tamamlanan diýip hasaplamaýandygyny aýtdy. Uçurym okamagy dowam etdirmegi isleýändigini belledi.
33
94
sofii
21.12.2023 15:34
21-nji dekabr—Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow-türkmeniň beýik gerçegi, türkmenleriň Türkmenbaşysy, türkmenler üçin janyn bermäge taýyn hakyky türkmen gerçegini ýatlama güni.
Türkmeniň ykbaly üçin kesekleriň aşagyndan diri galan kişi!
Bize Garaşsyzlygy, Bitaraplygy alyp beren adam!
Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun!
44
106
sofii
20.12.2023 21:00
@beghanym-yň ýaryşynyň üçünji şerti boýunça men @gulia_maksatmyradowa-nyň öz zehininden dörän ,,Eýesi bolduň!\" atly postuny saýladym.

Men, adatça, sazlaşykly, durmuş babatynda düzülen goşgulary halaýaryn. ,,Eýesi bolduň!\" atly goşgunyň maňa ýaran ýeri bolsa, sazlaşykly düzülendigi. Goşgy adamyň söýgi duýgusyny beýan edýär.

Söýgi – bu göwün göteriji we güýje-güýç goşýan zat. Söýgi bagtsyzlara bagt paýlaýar. Lew Nikolaýewiç Tolstoý, rus ýazyjysy. Biz öz-özümizi öňküden-de beter söýmegi­ mizüçin, beýlekileriň söýgüsini gazanmaga çalyşýarys. Didro Deni, fransuz filosofy. Söýgüden gorkýan durmuşdanam gorkýan­dyr, durmuşdan gorkýan bolsa, ölüniň üç­den biri ýalydyr. Rassel Bertran, iňlis filosofy.

Bu postda Altyngözel Amanmämmedowanyň ,,Men seniň dünýäňde galasym gelýär\" atly goşgusyny ýazmagy makul bildim.

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Hem ganasym gelýär yssy mähriňden.
Öçügsi umytlam biraz janlanýar,
«Seni ýitirmerin» diýen ähtiňden.

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Ornaşasym gelýär seniň ýadyňa.
Sen bolmasaň kim ýetişer, ezizim,
Duman örten duýgularmyň dadyna?
32
121