sofii
27.12.2023 16:02

@beghanym-yň ýarym final ýaryşynyň 4-nji şerti boýunça post



Bolar (Magtymguly Pyragy)

Hozuň daş gabygyn, gülälek suwun

Garyp saça çalsaň, gara reň bolar.

Içiň şerden sakla, tiliň gybatdan,

Saklamasaň, köňül gözgüň zeň bolar.


Her kişi kim ýamanlykny kast eýlär,

Iki dünýä öz işine keşt eýlär,

Ýagşy gylyk duşmanyňny dost eýlär,

Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar.


Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,

Bilmeze hiç, bilenlere nyrhy köp.

Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,

Müşgil oldur, sözleşende deň bolar.


1-nji bent. Bu bentde gybat etmeli däldigi, gybatdan saklanmalydygy, saklanmasaň köňül gözgüň zeň bolýandygy barada aýdylýar.


2-nji bent. 2-nji bentde ýamanlykdan daş bolmalydygy, ýagşy gylykly bolsaň, duşmanyň hem dosta öwrüljekdigi ýazylýar. Gylygyň erbet bolsa, hemmesiniň seniň bilen dawalaşyp, «işiň jeň boljakdygy» hakynda aýdylýar.


3-nji bent. Soňky bentde şahyryň sözi gysga bolsa-da , şerhi, ýagny, nepi, peýdasy köpdigi, hemme ýeriň deň bolmaýşy ýaly, erkekleriň hemmesiniň hem bir bolmaýşy aýdylýar.


Umuman, bu goşgy ýagşy gylykly bolmak, durmuşda özüňi parahat, sabyrly, kanagatly alyp barmak, söz manysyna sarpa goýmak, gysga, manyly sözlemek barada dana pähimler beýan edilýär.



Täze Ýyla dileg.

Geljek Täze Ýylyňyz düşümli bolsun,

Parahatlyk höküm sürsün her ýerde!

Guwanç, şatlyk hem gowy ýatlamalar

Siňsin, ýazylýan her bir täze bende!


Çagalaryň gülüp-oýnaşýan sesleri,

Aýrylmasyn, siziň öýüňizden!

Işiňiz her ýyl rowaç alsyn,

Siziň zähmete bolan söýgüňizden!


Gyşda ýagan akja gar ýaly,

Göwünlerňiz bolsun suwdan arassa!

Arzuwlarňyz öz wysalyn tapsyn,

Höwesiňiz, söýgüňiz bolmasyn hassa!


Bagt, ylalaşyk we agzybirlik

Bolsun hemişe, mydama siz bile!

Gül ýüzüňiz hiç haçan solmasyn,

Gülüp, ýylgyryp geziň hemişe!!!

Awtor: @beautiful_


Hemme Öwrenmeli agzalaryny, şol sanda myhmanlaryny ýetip gelýän Täze Ýyl bilen gutlaýaryn!!! Işiňiz gül ýaly, durmuşyňyz bal ýaly süýji bolsun!

30
66
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.