sofii
30.12.2023 07:07
Men @beghanym-yň ýaryşynyň finalyna Öwrenmeliň premium agzasy @ilhano_va-ny saýladym we birnäçesini goşdum.

@ilhano_va diňe bir Öwrenmeliň premium agzasy däl, mydama goşgy goýýan agzalaryň biri. @ilhano_va-nyň goşgulary adamlaryň duýgularyny, arzuwlaryny beýan edýär. Ol gowudan-gowy goşgulary gözleýär we agzalaryň göwünlerinden çykmaga çalyşýar, suratlary laýyk goýmagy başarýar.

Hemme agzalary deň derejede sylaýar, boş gürrüňlere goşulmaýar. Gysgaça, üýtgeşik we gowy agza. Köwser ýaly arassa, mylaýym.

@ilhano_va, suratdaky owadan älemgoşar bägüller siziň üçin🌹:)


Öwrenmeliň premium agzasy
Göwher agzamyz @ilhano_va.
Hemme goşgularyň jemlenen kitaby ;)
Premium agzamyz @ilhano_va.


Goşga sazlaşykly suratlar goýýar,
Owadanlygy, gözelligi söýýär.
Postlary birden göze ilýär
Premium agzamyz @ilhano_va.


@ilhano_va-ny gowy bir tanamok,
Oň tarypyny ýetirmäge söz ýetenok.
Şeýle hem, görmäge göz ýetenok,
Premium agzamyz @ilhano_va.


🖊️Ýörite @ilhano_va üçin goşgy düzen: @beautiful_


@miss_minnosh

Bu agzamyz şadyýan, alçak gyz. Degişme goýýan agzalaryň arasynda birinjilikde dur:) Hemmämiz @miss_minnosh-y şeýle görnüşde tanaýarys. Täze degişmeler bilen agzalaryň göwnünden turmagy başarýan başarjaň gyz. Käwagt profiline suratlaryny goýýar, örän owadanja. Pikir hem edýän, jigisiniň suratyny goýmadymyka diýip🤔😁Öz işiniň ussady♥️


@flowers_

Öwrenmeli agzalary @flowers_-iň adyny ýazanda, flawers diýip ýazýar. Ýöne, giň bolany üçin öýkeläýenok:)🙅🏻 Öwrenmeli portalynda mähirli, gowy maglumatlar, maslahatlar berip bilýän oňat agza😘


@relax

Öwrenmeli portalynyň jogapkärçilikli moderatory. Öwrenmelide adminleriň sag goly. Agzalaryň hemme haýyşlaryny irginsiz ýerine ýetirýär. Täsin faktlar we peýdaly postlar goýýar. Hemme agzalaryň haýyşlaryny ýerine ýetirýäniňiz üçin minnetdar!🙂😉


@serwi

Öwrenmeliň meşhurlarynyň biri. Köp gözledilýän 10 agzanyň arasynda-da, derejede-de. Bir-em şadyýan we göwnaçyk. Islendik agza bilen dil tapyşýar. Käte Türkmenistanyň we dünýäniň gadymy taryhyny beýan edýär :)😍


@gulia_maksatmyradowna

Men ýaly şahyr agza.Onuň aýtmagyna görä @dusia_maksatmyradowna oňa kiçijik wagtynda ,,b\" harpyny ýazyp bilmänligi üçin ikilik goýupdyr (ine, şeýle 2) Şol ikilik onuň ömründe ilkinji we iň soňky ikiligi bolupdyr. Şeýle hem olar mydama bileje gürleşýärler, gulia birini saýlamaly bolsa dusiany, dusia birini saýlamaly bolsa guliany saýlaýar :)🤩

@mawy
Göwnaçyk gyz. Ol hem iň köp gözledilýän 10-lugyň arasynda orun alyp dur. Gürleşseň, gürleşesiň gelýăr. Mawy ýürek goýsaň, meniň ýüregim diýip gelýär😁Soňky wagtlar gürrüňe goşulmaýar🤔Akyllandymy ka ýa😆 (degişýän) Täsin postlar goýýar. Soňky profil suratyna anime gyzyň suratyny goýupdyr :)

AGZALAR: Hoşallyklaryňyzy ýörite postda ýa teswirde 9999 bal sowgat🎁 berip bildirseňiz, iki esse hoşal bolardym :)


Hemme Öwrenmeli agzalaryny, moderatorlaryny, editorlaryny, testerlerini, adminler @tsoltanov bilen @tsol_va-ny, @ilhano_va-ny Täze Ýyllaryňyz bilen gutlaýaryn! Maşgalaňyza bagt, agzybirlik, şadyýanlyk dileýärin! Suratdaky älemgoşar bägüli ýaly, owadan we dürli reňkli bolsun! Ýüzüňizden gülki düşmesin! Işiňiz ugruna bolsun! Okuw okap ýörenlere okuwyňyzy sag-amanja okap, gyzyl diplomlaryňyzy alyp, işiňiziň ussady bolmagyňyzy arzuw edýän! Arzuw-maksatlaryňyza ýetiň! Geçen ýyl ýetip bilmedik maksatlaryňyza şu ýyl ýetiň!


@beghanym, siziň geçiren ýaryşyňyz gyzykly boldy. Ýaryşyňyz üçin sag boluň we ýene geçirip duruň!
32
198
susom
31 Dekabr 2023
@cezv, pişşt gel mn postyma gep edeli
Relax
30 Dekabr 2023
@sun_light, hiçle arkaýyn, barde men ustime yuklenen jogapkarcilik olar, problem bolsa şikayatdan yazyp ugradaymaly arkayyn
Miss_Minnosh❤️
30 Dekabr 2023
@sun_light, oñ haysy agzadyñyz
Miss_Minnosh❤️
30 Dekabr 2023
Sag boluñ🤗🤗🤗🤗🤗🤗❤️❤️❤️❤️
Relax
30 Dekabr 2023
9999 bal mendenem 🎁
Relax
30 Dekabr 2023
Sag boluñ siziñem baýramyñyz gutly bolsun minnetdar !
ilhano_va
30 Dekabr 2023
@beautiful_, size 1000denem kän bal bermek ıslarin...
ilhano_va
30 Dekabr 2023
❤️Salam sağboluň köp köp size gaty beğendim. Begenjigimiň çağı ýok ynanyň beyle sözlere posta garaşmandym duygulandym. . . 🙂🙂🙂. Amin Allajan sizinem taze ýylyňyz gutly bolsun ❄️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.