smiling_
23.10.2024 13:37
"Gitmesene
Gitseñ onsoñ bulutlary kim synlar...,,
L. Pürjäýewa
Gitmesene,
Gitseñ onsoñ gara başym dumanlap
Gara güni gapdalyma getirer
Gitseñ onsoñ, görülmedik gün aglap,
Kemsinmezmi ýazylmadyk setirim?!
Şygyrlarymy kime okap bererin,
Haýsy gözler ýüregimi ýaralar.
Gezerinmi göwnün görüp pelegiñ,
Köñüldäki arzuwlaryma garaman.
Gitmesene,
Gitseñ onsoñ galmalymy ýeke men
Duýgularym bilen, güllerim bilen
Mähremini saklap bilmän ýykylan
Mähire zar bolan günlerim bilen.
Galmalymy böwrüm diñläp, düñle dek
Biygtyýar ýollaryñy bagyrtlap
Basybilmän nalalarmy diñmedik
Gezerinmi gyzyl meýi owurtlap.
Gitmesene,
Galsañ munda: seni söýýän halyma
Dünýä sygmaz senli bolan bu dünýäm
Sen kemrysgal şahyryñdan nalama
Munda kem-kem bagtly bolup gidilýär.
Bagt daş däldir biz ikimiz birleşsek
Birleşeris, goý, gaşyñy çytma sen.
Şuña dirär her ne hakda gürleşsek,
Gitmesene, Gitmesene, gitme sen...
Author: Aşyr Hanow
13
79
smiling_
20.10.2024 13:41
Ömür ...
Irden synladym onuñ doguşyn,
Öýlän synladym onuñ ýanyşyn,
Agşam synladym onuñ ýaşyşyn.
Üçüsem ajap, şeýdip dogulsyn,
Şeýdip ýaşalsyn,
Şeýdip ýaşalsyn.
~
Deñeşdirip gördüm iki çanagy:
Bir çanaga bir çanaklyk çal sygdy.
Ýaşasyn, ýaşasyn kelle çanagy -
Içine müñ jogap, müñ sowal sygdy.
Deñeşdirip gördüm iki saçagy:
Bir saçaga - bir saçaklyk nan sygdy.
Ýaşasyn, ýaşasyn göwün saçagy,
Bir saçak başyna müñ myhman sygdy.
Deñeşdirip gördüm iki nokady:
Bir nokada - bir nokatlyk san sygdy.
Ýaşasyn, ýaşasyn göreç nokady,
Her nokat içine Ýer, Asman sygdy.
- Kerim Gurbannepesow
13
83
smiling_
15.10.2024 22:24
Ýyldyzlary kim kakdyka asmana,
Kimkä Aýy şol agladan ýöreden?!
Käbir adamlary küýsedip ýene,
Asyl, kimkä gijeleri döreden.
Düýşlerimiñ derwezesi açyk dur,
Emma weli oña asla gelen ýok.
Köçä çykdym,
Aý nuruny saçyp dur,
Bu gije ygyp ýören ýelem ýok.
Bilmen häzir haýsy ýurduñ çäginde,
Gije bilen gündizligiñ serhedi.
Gijäñ şeýle ýürekgysgynç çagynda,
Parahat uklapdyn ,,Parahat - 7".
Bisalgy ädimim.
Ýollan arkasy.
Uly köçe. Ýol belgisi. Duralga...
Adam şu zatlary ulanman gurýar,
Kalpda bir-birege ýoda guranda...
Ukusyz gijeden takatyñ gözläp,
Gyýylýarsyñ, geçenlere ökünýäñ.
Emma geçen ýollarmyzyñ ahmyry,
Didelerden geljegmize dökülýär.
- Seýran Seýitmämmedow
10
121
smiling_
14.10.2024 20:52
Bir gün bag deý ýanyp köýseñ, (Baky gelen barmy, eýsem?)
Abraýñy ataña goýsañ,
Ogluña atyñy goýsañ,
Bugdaýa meýdany goýsañ,
Zemine asmany goýsañ,
Gurmadygñy goýsañ eger,
Deñi - duşlañ dowam eder.
Sährany şähere goýsañ,
Tohumy bahara goýsañ.
Goýsañ,
Goýsañ,
Köp zat goýsañ,
Derdiñi enä goýmasañ.
Dert alynmaz ýöne ýere,
Kim başyn hesrete goşýar?
Ýöne mydam enelere,
Üleşikde şu paý düşýär.
- Gurbannazar Ezizow
11
73
smiling_
14.10.2024 17:30
Ejizlere awasyn!...
Egnin gysyp otyr ýalañaç baglar,
Duýýan ýaly aýralygyñ awusyn.
Senden ar alasy gelýär ykbalyñ,
Ýeke çekmek kyn ekeni agysyn.
Gara ýeri bagra basyp, gör, näçe
ýaprak ýatyr, göýä bary aglaýar.
Meniñ ýüregimde ýaşajak bolsañ,
Gözlerimde gözýaş görüp, agla ýar!
Yşkymyñ jemalyn çañ basyp gitdi,
Gabaklaryn galdyranok - öýkeli.
Ýürek paralanar, bir günden bir gün,
Güýze meñzäp gitse onuñ heýkeli.
Elinde gamçysy bu ýelleriñem,
nämüçindir bar ýagysy ýapraklar.
Akylly adamdan erbetlik çykmaz,
Erbetligi eder diñe akmaklar.
...Ýapragyndan jyda düşen bu baglar,
Çeker otyr aýralygyñ awusyn.
Hergiz ýowuzlygy bagyşlap bolmaz,
Bu ýüregim ejizlere awasyn!
L'autore: Ogultäç Oraztaganowa
12
65