Zalymmydyñ eý dünýä!
Ýalan ýüzler ýöne ýere aldanok,
Zarymmydyñ eý dünýä!
Bilmedim senden näme üçin ýadamok.
Içim ýakyp, kül etsede yzalar,
Senden doýmak mundan nadanlyk ýaly.
Ýagşy günleriñden tapdym mazalar,
Sanyny diñlemek adalatdälmi?!
Pikir etsek sebäpsiz zat ýok munda,
Gama batýan bolsak öz günämizdir.
Ömrüñe ýel çalsa ýykylman galmak,
Adamçylyk borjy mertebämizdir.
Ata - Babam ýolun yzlap otursam,
Maña ejiz ynsan bolmak nä hakdyr.
Men özümden köp zatlara garaşýan,
Aglamamy goýjak bolsam bu çakdyr.
L'autore: Uzuk Agamyradowna