smiling_
15.10.2024 22:24
Ýyldyzlary kim kakdyka asmana,
Kimkä Aýy şol agladan ýöreden?!
Käbir adamlary küýsedip ýene,
Asyl, kimkä gijeleri döreden.

Düýşlerimiñ derwezesi açyk dur,
Emma weli oña asla gelen ýok.
Köçä çykdym,
Aý nuruny saçyp dur,
Bu gije ygyp ýören ýelem ýok.

Bilmen häzir haýsy ýurduñ çäginde,
Gije bilen gündizligiñ serhedi.
Gijäñ şeýle ýürekgysgynç çagynda,
Parahat uklapdyn ,,Parahat - 7".

Bisalgy ädimim.
Ýollan arkasy.
Uly köçe. Ýol belgisi. Duralga...
Adam şu zatlary ulanman gurýar,
Kalpda bir-birege ýoda guranda...

Ukusyz gijeden takatyñ gözläp,
Gyýylýarsyñ, geçenlere ökünýäñ.
Emma geçen ýollarmyzyñ ahmyry,
Didelerden geljegmize dökülýär.


- Seýran Seýitmämmedow
10
112
smiling_
16 Oktýabr 2024
@agzamen2, Salam. Admin yok
okyyjy
16 Oktýabr 2024
@agzamen2, +@gula da postlarym goýulanok diýip ýördi, şonuň üçinem bärik gelmeýänini aýtdy, modlar nirede siz?
agzamen2
16 Oktýabr 2024
Men postlar goyulanokla name ucinka iki gun bari
agzamen2
16 Oktýabr 2024
smiling_
15 Oktýabr 2024
@Miss_Minnosh❤️, senem apa
Miss_Minnosh❤️
15 Oktýabr 2024
R
Miss_Minnosh❤️
15 Oktýabr 2024
@smiling_, sag aman yatyp tue
smiling_
15 Oktýabr 2024
@Miss_Minnosh❤️, Köp zat boldy neyse uky tutup durka yataýyn indi yatmagam problema boldy 🙄
Miss_Minnosh❤️
15 Oktýabr 2024
@smiling_, heh menem sumat skacat edp otyrn nm bolly
smiling_
15 Oktýabr 2024
@Miss_Minnosh❤️, yel yaly öwüsüp bilesä girenime puşman bolup yaşap ýön tzlik yok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.