smiling_
14.10.2024 17:30
Ejizlere awasyn!...

Egnin gysyp otyr ýalañaç baglar,
Duýýan ýaly aýralygyñ awusyn.
Senden ar alasy gelýär ykbalyñ,
Ýeke çekmek kyn ekeni agysyn.

Gara ýeri bagra basyp, gör, näçe
ýaprak ýatyr, göýä bary aglaýar.
Meniñ ýüregimde ýaşajak bolsañ,
Gözlerimde gözýaş görüp, agla ýar!

Yşkymyñ jemalyn çañ basyp gitdi,
Gabaklaryn galdyranok - öýkeli.
Ýürek paralanar, bir günden bir gün,
Güýze meñzäp gitse onuñ heýkeli.

Elinde gamçysy bu ýelleriñem,
nämüçindir bar ýagysy ýapraklar.
Akylly adamdan erbetlik çykmaz,
Erbetligi eder diñe akmaklar.

...Ýapragyndan jyda düşen bu baglar,
Çeker otyr aýralygyñ awusyn.
Hergiz ýowuzlygy bagyşlap bolmaz,
Bu ýüregim ejizlere awasyn!


L'autore: Ogultäç Oraztaganowa
12
55
okyyjy
14 Oktýabr 2024
Berekella👏🏻👏🏻👏🏻
smiling_
14 Oktýabr 2024
@orazow96, Salam gowumysyñyz
orazow96
14 Oktýabr 2024
👍Salam
alma___
14 Oktýabr 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.