smiling_
28.06.2024 09:41
Wanganyň ýüregini eýelän ýigit kim?
Özüniň öňdengörüjiligi bilen dünýä halklarynyň ählisinde diýen ýaly meşhur bolan bolgar bilgiç zenany Wanganyň durmuşy syrdan doly. Wanga hakynda, mümkin boldugyça, köp zat bilmek isleýän adamlary bilgiç zenanyň ýüregini eýelän ýigidiň, has dogrusy, onuň ilkinji söýgüsiniň kimdigi hem gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bu hakynda «Marie Claire» şeýle gürrüň berýär.
Wanga öz ilkinji söýgüsine internatda okaýan döwürlerinde duşýar. Kör çagalaryň mekdep-internatynda okaýan ýaşajyk Wanga diňe bir okuw sapaklaryny okamak bilen çäklenmän, eýsem pianino çalyp, aýdym aýtmagy hem başarypdyr. Şeýle günleriň birinde Dimitr atly bir ýigit Wanganyň aýdýan aýdymyny diňleýär we onuň mylaýym sesine bar erkini giderip, maýyl bolýar.
Şol wakadan birnäçe wagt geçensoň, Dimitr Wanga bilen tanyşmak kararyna gelýär. Netijede, olar tanyşýarlar we tiz wagtda umumy dil tapyp dostlaşýarlar. Bularyň dostluk duýgusy kem-kemden söýgi duýgusyna öwrülip gidýär. Dimitr Wangadan 3 ýaş uly bolandygy sebäpli, bularyň arasynda toý tutmak barada gürrüň bolýar. Ene-atalar ýaşlaryň birleşmegine garşy çykmasalar-da, Dimitriň kakasy ogluny maşgala mirasyndan ýüz öwürmäge mejbur edýär. Tiz wagtdan Wanganyň maşgalasynda hem kyn günler başlanýar we olar gyzlaryny öýe almagy makul bilýärler.
Ýaş juwanlar birek-birege gowuşmak umydy bilen, gizlin toý tutmagy ýüreklerine düwýärler. Emma olar maksada ýetmän tutulýarlar. Wanganyň kakasy gyzyna söýgülisi bilen hoşlaşmaga-da rugsat bermän, öýüne alyp gaýdýar.
1942-nji ýylda Wanga Dimitr bilen durmuş gurýar, ýöne düýbünden başga Dimitr bilen... Olar 20 ýyl bile ömür sürýärler. Käbir gürrüňlere görä, Wanga adamsy boljak ýaş ýigit bilen ol ýiten agasyny soraglap, ýanyna gelen wagtynda tanyşýar. Wanga 1962-nji ýylda aradan çykan adamsynyň ýasyny tä ömrüniň ahyryna çenli tutup, gara geýnip ýaşaýar...
Çeşme: salamnews.tm
29
119
smiling_
26.06.2024 10:34
MANDARIN BARADA KÄBIR MAGLUMATLAR. 🍊
Taryhy maglumatlara laýyklykda, mandariniň watany Hytaý hasaplanýar. Hemişe gök öwsüp duran, pesräk boýly mandarin agajy noýabr-dekabr aýlarynda miwe getirýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda mandarin täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrylyp, ol şol baýramyň esasy nygmatlarynyň biri hökmünde görülýär. Mandarinden dürli içgiler, miweli işdäaçarlar, doňdurmalar, süýji-köke önümleri taýýarlanylýar. Sitrus ösümlikleriniň arasynda mandarin özüniň ýakymly ysy, süýjümtik tagamy hem-de gabygynyň aňsat aýrylýandygy bilen tapawutlanýar.
Dünýäde mandariniň 200-e golaý görnüşi bolup, olar reňkiniň öwüşgini, tagamy boýunça bir-birinden tapawutlanýarlar. Gyş möwsüminde “C” witaminine baý bolan sitrus miweleriniň gündelik iýmite goşulmagy bilen, adamyň saglygyna ýetirýän peýdasynyň uludygy hem bellärliklidir. Çünki olaryň düzümi diňe “C” witamine däl, eýsem köpdürli beýleki peýdaly witaminlere hem baý bolup, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär, dümewlemek ähtimallygyny peseldýär. Bir ortaça ululykdaky mandarinde adama gündelik gerek bolan C witaminiň 30-40 göterimi bardyr.
Mandarin hususan-da kremniý, kobalt hem-de molibden minerallaryna baý bolup, ol eritrosetleriň döremeginde uly orun tutýar, demiriň kadaly özleşmegine hem-de kislarodyň ýaýramagyna täsir edýär. Onuň düzümindäki fruktoza bedeniň işjeňligini artdyrýar. Miwedäki “B” witaminler toplumy nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, dartgynlylyk ýagdaýy aradan aýyrýar, göwnüňi galkyndyrýar. Mandarin näçe agyr boldugyça, ol şonçada gowy bişen hasaplanýar.
Azat HALMYRADOW,
TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
31
66
smiling_
24.06.2024 22:48
Kädiniň peýdasy barada.
Kädi peýdaly elementlere baý bolup, berhizlik üçin ýygy-ýygydan peýdalanylýar. Gadymy zamanlarda bu önümden dürli dermanlyk serişdeleri taýýarlanylypdyr, Lukman Hekim bolsa ony rahatlandyryjy, köşeşdiriji melhem hökmünde ulanmagy maslahat beripdir. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, kädi mundan ençeme müňýyllyklar öň hem ulanylypdyr.
Kädi peýdaly elementleriň gory bolup, olar diňe bir etinde däl, eýsem çigidinde hem-de güljagazlarynda hem saklanýar. Bu önümiň düzümindäki karotin käşiriň düzümine garanyňda 4-5 esse köpdür. Karotin bedene düşüp, A witaminine öwrülýär we görüşiň saglygynda peýdaly bolup, güýçli antioksidant bolup durýar. Önümiň düzüminde C, E, K we B witamin toparlarynyň ählisi diýen ýaly bar. Kädi çigidinde köp mukdarda mikroelementler saklanýar, olar düzümindäki sink boýunça bolsa öňdäki üçlige girýär.
Az kaloriýalylygy sebäpli önüm berhizde ulanylýar, sebäbi onuň düzüminde krahmal, holesterin, zyýanly ýaglar ýok, şeker az mukdarda saklanýar. Önümiň 100 gramynda bolsa bary-ýogy 22 kaloriýa, şeýle-de 1 gr beloklar, 0.1 gr ýaglar, 4.4 gr uglewodlar bar.
Elbetde, ähli peýdaly önümleriň belli bir ýagdaýlarda beden saglygyna zyýan ýetirýän halatlary hem bar. Kädi iýmit-siňdiriş ulgamynda näsazlygy, böwreklerinde daş bolan adamlara maslahat berilmeýär. Şeýle-de, çig kädini çagalara we gartaşan, süýji keseli bolan adamlara iýmek zyýanlydyr. Mundan başga-da, kädi çigidiniň 100 gramynda 559 kaloriýa bolanlygy sebäpli, berhiz saklananda ony kabul etmekden saklanmalydyr.
Düzüminde köp mukdarda kaliý saklanmagy kädini ýürek-damar kesellerinde, damarlaryň diwarjyklaryny berkitmekde gymmatly önüme öwürýär. Dünýäniň halklarynyň aşhanasynda kädi giňden ulanylýar, ondan dürli işdäaçarlar, buglamalar, süýjilikler taýýarlanýar. Kädiniň ýagtylygyň, gün şöhlesiniň düşmeýän, sowuk we salkyn ýerinde 1-2 ýylyň dowamynda saklap bolýandygy täsindir. Muňa garamazdan, ýetişen önümi 1-2 aýdan geçirmän ulanmak maslahat berilýär. Kädiniň şiresi ysgynsyzlykda, ýadawlykda we uky ýetmezçiliginde peýdaly melhemdir.
Eziz ÝUSUPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
29
387