ABŞ-da abunalygy ýatyrmagy kynlaşdyrandygy üçin Adobe kazyýete berildi.
ABŞ-nyň Federal Söwda Geňeşi (FTC) kompaniýany sarp edijileri goramak kanunlaryny bozmakda aýyplap, Adobe-e garşy kazyýet işini açdy. FTC-niň aýtmagyna görä, Adobe meşhur Photoshop ýaly hyzmatlaryna abunalygy ýatyrmagy emeli usulda kynlaşdyrýar, muny Bloomberg habar berýär.
FTC kompaniýanyň ýüzlerçe dollara baryp bilýän abunasynyň ýatyryş töleglerini mälim etmezden, müşderileri ýyllyk abuna ýazylmaga mejbur edýändigini aýdýar. Abunalygy ýatyrmak, ulanyjynyň saýtyň birnäçe sahypasynda gezmegini ýa-da müşderi hyzmatynyň wekilleri bilen habarlaşmagyny talap edýär.
Mundan başga-da, abunalygyňyzy ýatyrsaňyz, hyzmat ulanylandan soň iki hepdäniň içinde puluňyzy yzyna alyp bilersiňiz. Bu möhlet geçen ýagdaýynda puluňyz yzyna gaýtarylmaz we aýlyk tölegli ýyllyk abunada bolsaňyz, abuna pulunyň goşmaça 50% tölemeli bolarsyňyz. Kompaniýa abuna şertlerini “ownuk şriftlerde we giperssylkalarda gizleýär” diýip, The Verge ýazýar.
Adobe kazyýetde kazyýet işine garşy göreşjekdigini aýtdy. Kompaniýa abunalyk şertleriniň aç-açan we ähli ulanyjylar üçin elýeterlidigini nygtaýar.
Çeşme: tmcars.info (şu gün 13:57)