smiling_
26.06.2024 10:34
MANDARIN BARADA KÄBIR MAGLUMATLAR. 🍊

Taryhy maglumatlara laýyklykda, mandariniň watany Hytaý hasaplanýar. Hemişe gök öwsüp duran, pesräk boýly mandarin agajy noýabr-dekabr aýlarynda miwe getirýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda mandarin täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrylyp, ol şol baýramyň esasy nygmatlarynyň biri hökmünde görülýär. Mandarinden dürli içgiler, miweli işdäaçarlar, doňdurmalar, süýji-köke önümleri taýýarlanylýar. Sitrus ösümlikleriniň arasynda mandarin özüniň ýakymly ysy, süýjümtik tagamy hem-de gabygynyň aňsat aýrylýandygy bilen tapawutlanýar.

Dünýäde mandariniň 200-e golaý görnüşi bolup, olar reňkiniň öwüşgini, tagamy boýunça bir-birinden tapawutlanýarlar. Gyş möwsüminde “C” witaminine baý bolan sitrus miweleriniň gündelik iýmite goşulmagy bilen, adamyň saglygyna ýetirýän peýdasynyň uludygy hem bellärliklidir. Çünki olaryň düzümi diňe “C” witamine däl, eýsem köpdürli beýleki peýdaly witaminlere hem baý bolup, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär, dümewlemek ähtimallygyny peseldýär. Bir ortaça ululykdaky mandarinde adama gündelik gerek bolan C witaminiň 30-40 göterimi bardyr.

Mandarin hususan-da kremniý, kobalt hem-de molibden minerallaryna baý bolup, ol eritrosetleriň döremeginde uly orun tutýar, demiriň kadaly özleşmegine hem-de kislarodyň ýaýramagyna täsir edýär. Onuň düzümindäki fruktoza bedeniň işjeňligini artdyrýar. Miwedäki “B” witaminler toplumy nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, dartgynlylyk ýagdaýy aradan aýyrýar, göwnüňi galkyndyrýar. Mandarin näçe agyr boldugyça, ol şonçada gowy bişen hasaplanýar.



Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
31
66
idabdy
26 Iýun 2024
@fl_ower, 😁👍
fl_ower
26 Iýun 2024
@idabdy, howwa🥰
idabdy
26 Iýun 2024
@fl_ower, sen mandarini gaty gowy göööööörýäääňmiiii
fl_ower
26 Iýun 2024
Men mandarini gaty gowy göööörýän 🥰 ýöne allergiýa berýä 🥺
wolf
26 Iýun 2024
@smiling_, bolýa 😅
wolf
26 Iýun 2024
@smiling_, aý bolýalaý gyzlañ arasyna girmayin 😅
wolf
26 Iýun 2024
@smiling_, sagja bol 😁 beýlani özüñ alyp çykyañmy ýa goşulaynmy
ideallider
26 Iýun 2024
Täze ýylda granissada, mandarinli gaty köp trlary saklap, soňam ol mandarinler sowuk urup zaýalanandan soň, arzan döküşleri😟👍
wolf
26 Iýun 2024
Ýerii 🍊👍🔥👍🔥👍😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.