smiling_
24.06.2024 22:48
Kädiniň peýdasy barada.

Kädi peýdaly elementlere baý bolup, berhizlik üçin ýygy-ýygydan peýdalanylýar. Gadymy zamanlarda bu önümden dürli dermanlyk serişdeleri taýýarlanylypdyr, Lukman Hekim bolsa ony rahatlandyryjy, köşeşdiriji melhem hökmünde ulanmagy maslahat beripdir. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, kädi mundan ençeme müňýyllyklar öň hem ulanylypdyr.

Kädi peýdaly elementleriň gory bolup, olar diňe bir etinde däl, eýsem çigidinde hem-de güljagazlarynda hem saklanýar. Bu önümiň düzümindäki karotin käşiriň düzümine garanyňda 4-5 esse köpdür. Karotin bedene düşüp, A witaminine öwrülýär we görüşiň saglygynda peýdaly bolup, güýçli antioksidant bolup durýar. Önümiň düzüminde C, E, K we B witamin toparlarynyň ählisi diýen ýaly bar. Kädi çigidinde köp mukdarda mikroelementler saklanýar, olar düzümindäki sink boýunça bolsa öňdäki üçlige girýär.

Az kaloriýalylygy sebäpli önüm berhizde ulanylýar, sebäbi onuň düzüminde krahmal, holesterin, zyýanly ýaglar ýok, şeker az mukdarda saklanýar. Önümiň 100 gramynda bolsa bary-ýogy 22 kaloriýa, şeýle-de 1 gr beloklar, 0.1 gr ýaglar, 4.4 gr uglewodlar bar.

Elbetde, ähli peýdaly önümleriň belli bir ýagdaýlarda beden saglygyna zyýan ýetirýän halatlary hem bar. Kädi iýmit-siňdiriş ulgamynda näsazlygy, böwreklerinde daş bolan adamlara maslahat berilmeýär. Şeýle-de, çig kädini çagalara we gartaşan, süýji keseli bolan adamlara iýmek zyýanlydyr. Mundan başga-da, kädi çigidiniň 100 gramynda 559 kaloriýa bolanlygy sebäpli, berhiz saklananda ony kabul etmekden saklanmalydyr.

Düzüminde köp mukdarda kaliý saklanmagy kädini ýürek-damar kesellerinde, damarlaryň diwarjyklaryny berkitmekde gymmatly önüme öwürýär. Dünýäniň halklarynyň aşhanasynda kädi giňden ulanylýar, ondan dürli işdäaçarlar, buglamalar, süýjilikler taýýarlanýar. Kädiniň ýagtylygyň, gün şöhlesiniň düşmeýän, sowuk we salkyn ýerinde 1-2 ýylyň dowamynda saklap bolýandygy täsindir. Muňa garamazdan, ýetişen önümi 1-2 aýdan geçirmän ulanmak maslahat berilýär. Kädiniň şiresi ysgynsyzlykda, ýadawlykda we uky ýetmezçiliginde peýdaly melhemdir.

Eziz ÝUSUPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
29
387
flowers_
26 Iýun 2024
@milaya_mm, akyllanansyň õýdüpdim🙄
gula
26 Iýun 2024
@smiling_, hawa düşünmeyana düşündirjek bolmak gerek däl
gula
26 Iýun 2024
@smiling_, bilyanle ýöne shonuň sheydenini beylekilerem gorsun diyip aýan etjek bolyan herkim biz şerçidiris oytmesin diyip😄
stella_🖤
26 Iýun 2024
@gula, ++++++++
gula
26 Iýun 2024
@smiling_, bolya bir çişenine gora özüňe govnuň yetyami näme üçin pozyaň postyňy dursunda degme beylekilerem baha bersin kimiň dogry kimiňki yalnysh bilerdik shonda
wolf
26 Iýun 2024
@smiling_, natdim 😁
gula
26 Iýun 2024
Öz dushunjaňiz shonyaly bolsa bular yaly kopculik yerde dalde adam azyrak yerde başga programmalarda hodurlaň olar yaly suratlarynyzy ovrenmelinin syyasatynda gadagan edilyar siziň goyyanynyz yaly suratlar sizi şikayat edemzok intagem,ozunizem gyz mashgala gulkili bolandada olar yaly zat paylasmaň eger paylasanyňyza utanmayan bolsanyz sizde mùýn yok bolsa näme üçin pozdynyz ol postynyzy
wolf
26 Iýun 2024
Öñem biri samsyga akyl öwretme barybir özüniñkini dogry hasaplaýa diýipdi 😏👌🔥
stella_🖤
26 Iýun 2024
@smiling_, +++++++
gula
26 Iýun 2024
@smiling_, goshulyan +
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.