smiling_
06.08.2024 14:42
Arassa suw, hapa kuler: saglygyňyz üçin gizlin howp.
Agyz suwunyň kuleri — häzirki zäman ofisleriniň adaty we möhüm bölegine öwrülen enjamdyr. Ol hünärmenleriň hemişe arassa suw içmekleri üçin gurnalýar. Eýsem, agyz suwy biziň özümizi oňat duýmagymyzyň hem-de önjeýli işlemegimiziň girewi bolup durýar.
Emma köpler kuleri gurnanyň bilen arassa suw içmek bilen bagly ähli müşgillikler tamamlanýar diýip düşünýärler.
Aslynda bolsa, ol özüne birgiden hapalary toplaýar, biz bolsa ol hakda düýbünden pikirem etmeýäris.
Kuleriň içindäki kadaly — ýyly, çyg, kislorodyň elýeterliligi bolan gurşawda ummasyz möçberde mikroorganizmler döräp, yzygiderli köpelýärler.
Gözlerimize görünmeýän, emma taýyp duran tekiz görnüşli, reňkini hem yzygiderli çal, sary ýa-da ýaşyl reňklere çalşyp duran bu mikroorganizmler saglygymyza örän uly howp getirýär.
Siziň ofisiňizdäki kuleri süpürgiç bilen däl-de, dezinfeksiýa işlerini geçirmek bilen, ähli bakteriýalardan arassalandyklary ýadyňyza düşýärmi? Ýa ýadyňyzda dälmi?
Içýän suwuňyzyň her bulguryndan siziň organizmiňize bakteriýalaryň şu hili görnüşleri aralaşyp bilýär:
- zäherlenmä getirip bilýän içege taýajygy;
- pnewmoniýa, meningit, osteomielit, otit hem-de hroniki öýken ýokançlary ýaly kesellere sebäp bolýan gök iriňli taýajyk;
- legionellez ýa-da “legionerleriň keseline” (pnewmoniýanyň görnüşi) esas bolup bilýän legionella.
Bu sanawyň yzyny dowam etseň, dowam edibermeli! Hapa halda duran, ýörite arassaçylyk işleri geçirilmedik kulerden suw içmek bilen, siz koliforma bakteriýalarynyň, patogen mikroflorasynyň we hatda plesen ýokançlarynyň uly mukdaryny organizmiňize kabul edersiňiz
Onsoňam, bu bakteriýalaryň aglabasy suwy 80 göterime çenli gradusda ýyladýan derejede ýaşamaga ukyplydyr.
Paýlaýjynyň kranlarynda hem edil awtobuslarda bolşy ýaly, köp sanly mikroorganizmler toplanyp gidýär, olar bolsa bulgura ýeňillik bilen düşüp bilýär.
Mikrobiologik täsirinden başga-da, kulerler başga bir müşgilligi bilen howpludyr. Olarda wagtyň geçmegi bilen gaty hapa bölekleri ýygnanýar. Mysal üçin, ýarym ýylyň dowamynda kulerde içi görünmez derejede gaty hapalar ýygnanyp, suw guýlup alnanda onuň göze görünmeýän kiçijik bölejikler bulgura, içen mahalymyz bolsa organizmimize düşýär.
Kuleri näçe wagtdan arassalap durmaly?
Kuleri arassalamak bilen bagly işler onuň gurnalan ýerine baglylykda geçirilýär:
- Hapalanmak ähtimallygy ýokary bolan ýerde (hassahana, önümhana, ussahana) kuleri her 3 aýdan arassalap durmaly;
- Iň ýygy-ýygydan gatnalýan, emma gurşawy arassa saklanylýan ofislerde, mekdeplerde hem-de beýleki şu hili ýerlerde ýarym ýyldan bir gezek kulere arassaçylyk idegini etmeli;
- Öý şertleridne bolsa kuleri ýarym ýyldan, ýa bolmasa-da ýylda bir gezek arassalamak bolar.
Gaýtadan arassalaýyş işlerini geçirmegiň ýygylygy bolsa kulerden suw alnyşynyň ýygylygyna baglylykda geçirilýär. Täsin faktlaryň biri hem, kulerden näçe köp gezek suw alynýan bolsa, şonça-da onuň az hapa toplaýandygy bolup durýar. Şonda ol hemişe işjeň ýagdaýda bolansoň, kuler hapalanman saklanýar.
Kuleriň haýsy böleklerini arassalamagy talap edýär:
- çüýşäniň ýeri;
- suw beriji kranlar;
- sowuk we gyzgyn suw üçin niýetlenen gaplar;
- sowadyjy radiator;
- damja ýygnaýjy;
- gaýnadyjy bölek.
Peýdalanylan çeşmeler: sibdepo.ru, krist-vlg.ru
22
18
smiling_
06.08.2024 12:17
Dynç alyş zolaklaryny goraň: her kim üçin eko-düzgünler.
Deňiz kenarynda dynç almak — bu diňe bir deňiz, güneş we gum diýildigi däldir. Bu şol bir wagtyň özünde hem goranmagy talap edýän gowşak ekoulgamdyr. Gynansak-da, dynç alýanlaryň hemmesi edýän hereketleriniň daşky gurşawa nähili täsir edip biljekdigi barada pikir etmeýärler.
Näme üçin kenarda eko-düzgünleri berjaý etmek möhüm?
Deňiz kenarynda goýulýan zibiller topragy we suwy zäherläp, ýyllarboýy çüýremän durýar. Plastiki haltalar we çüýşeler, olary iýýän deňiz haýwanlary üçin aýratyn howp döredýär.
Dýunalarda we kenarýakalarda bitýän ösümlikler kenary eroziýadan goramakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Emma olary aýaklarymyz bilen basgylasak, kenarlaryň tebigy taýdan weýran bolmagyna esas dörederis.
Ýönekeý düzgünlere eýermek bilen, kenar dynç alyşyny ekologiýa taýdan has amatly edip bileris:
Zir-zibillerden dynmak. Deňiz kenaryna baranyňyzda, daşky gurşawa oýlanyşykly garalyň: bir gezek ulanylýan gaplamalardan ýüz öwüriň. Gaýtadan ulanylýan iýmit gaplaryny we suw çüýşelerini getiriň.
Deňiň kenarynyň kül atylýan däldigini ýadyňyzdan çykarmaň! Gynansagam, çilim gabyklary dünýäde iň köp ýaýran hapa görnüşlerinden biridir. Olar 5 ýyldan 15 ýyla çenli aralykda çüýräp, daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär.
Deňiz kenarlarynda bu mesele has ýiti duýulýar: çilim çekýänleriň aglabasy çilim galyndysyny zyňmak üçin zibil atylýan ýeri gözlemeýärler-de, galyndyny guma ýa-da ýere gömýärler. Çilim çekmegi taşlap bilmeýän bolsaňyzam, çilim galyndylaryny bellenen zibil gaplaryna taşlaň.
Aýna — bu tükeniksiz gaýtadan işlenip bilinýän gymmatly materialdyr! Aýna gaplaryny kenar zolagyna taşlamaň.
Kenara taşlanan aýna gyýçaklarynyň diňe bir bu ýeriň keşbini gelşiksiz edip däl-de, eýsem eýsem adamlara we haýwanlara hem ýokary derejede zyýan ýetirip biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Deňiz kenaryndan çykan mahalyňyz, yzyňyzda hapa goýmaň! Ýanyňyz bilen getiren zatlaryňyzyň hemmesini, şol sanda torbaňyzy, çüýşeleri, çilim gaplaryny, iýmit galyndylaryny we ş.m islendik hapa döredip biljek zatlary kenarda galdyrmaň. Kenardaky oturan ýeriňizi arassalamagy we hapa zatlary haltalara gaplap, zibile getirmäge ýaltanmaň.
Özüňizi alyp barşyňyzdaky ownuk üýtgeşmeleriň hem daşky gurşawy tygşytlamakda uly üýtgeşiklik döredip biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Peýdalanylan çeşme: Ecostr.ru
20
224
smiling_
06.08.2024 09:06
Düzüminde şekeri az miweler.
Ähli miweler — şekeriň çeşmesi bolsa hem, olaryň düzüminde şekeriň derejesi dürli hilidir. Bedeninde şekere gözegçilik etmek üçin köp adam gazlandyrylan miweli içgiden hem-de süýji-köke önümlerinden ýüz öwürýär, ýöne miweler barada pikirem etmeýär.
Elbetde, miwe — iýmit rasionyňyza ýokumly maddalary goşmagyň iň sagdyn usulydyr. Şeýle-de bolsa, banan we mango ýaly olaryň käbiri uglewodlara baýdyr. Goşmaça agram almazdan saglygyňyzy gowulaşdyrmak isleseňiz, düzüminde şeker az bolan miweleri saýlaň.
Süýji önümlere garanyňda, olar süýüme, witaminlere we minerallara baý bolmasa hem, gandaky şeker derejesini olar ýaly ýokarlandyrmaýar.
Haýsy miweleri saýlamaly?
Greýpfrut. “Advances in Nutrition” žurnalynda çap edilen gözleg baradaky makala greýpfrutyň peýdaly aýratynlyklaryny açyp görkezýär.
Görnüşi ýaly, bu sitrus miwesi saglyga birnäçe peýdasy bolan polifenol — naringiniň güýçli çeşmesidir. Greýpfrutyň yzygiderli iýilmegi gan basyşynyň peselmegine täsir edip, insuline duýgurlygy ýokarlandyryp biler.
Böwürslen. Bu hoşboý ysly miwäniň bir bulgurynda 7 gram şeker bar. Böwürslen antosýaninlere baýdyr. Bu maddalar ganda şekeriň kadalaşmagyna oňyn täsir edýär.
Ýertudana. Bu ysly miweleriň bir bulgurynda 7 gram şeker bar. Ýertudananyň düzümindäki peýdaly maddalar ýürek keseliniň döremek ähtimallygyny azaltmaga kömek edýär.
Kiwi. Bu miwäniň düzüminde ortaça 6 gram şeker, şeýle hem içegäniň işleýşini gowulaşdyrmaga we iç gatamany aýyrmaga kömek edýän süýüm bar.
Guawa. Bu miwäniň kiçijik bir böleginde 5 g şeker, immunitet ulgamyny berkitmäge we sowuklamanyň alamatlaryny aýyrmaga ýardam edýän köp mukdardaky C witamini bar.
Malina. Malinanyň bir käse möçberinde 5 gram şeker, prediabet ýa-da diabeti bolan adamlarda nahardan soň gandaky şeker derejesini kadalaşdyrmaga kömek edýän maddalar bar. Geçirilen gözlegler malinany günortanlyk nahar hökmünde iýmegiň 2-nji görnüşli süýji keseliniň töwekgelçilik faktorlaryndan biri bolan çişmegi azaldýandygyny görkezdi.
Erik. Munuň ortaça böleginde 3 gram şeker bardyr. Mundan başga-da, erikler, takmynan 86% suwdan durýar.
Pomidor. Pomidorlaryň ortaça bir böleginde 3 gram şeker hem-de erkin radikallary zyýansyzlandyrýan we prostata erbet keselini döremek howpuny azaldýan güýçli antioksidant bolan likopen bar.
Limon. Limonyň ortaça böleginiň düzüminde bary-ýogy 2 gram şeker bar. Sitrus flawonoidlere baý bolýar. “Nutrients” žurnalynda çap edilen gözleg makalasynda bu maddalaryň diabet keselinde möhüm ähmiýetli bolup biljekdigi beýan edilýär.
Awokado — kadaly keşbe eýe bolmak üçin ajaýyp miwedir. Bir miwede 1 gramdan hem az şeker bar. Geçirilen gözlegler günde bir awokado iýmegiň semizligiň görkezijisiniň we agramyň peselmegine sebäp bolup biljekdigini görkezdi. Ýokary süýümli mukdary sebäpli, awokadolar uzak wagtlap dokluk duýgudyny üpjün edýär, günüň dowamynda az kaloriýa iýmäge ýardam edýär.
Üns beriň! Bu makala diňe ylmy garaýyşlary özünde jemleýän maglumatlar bilen tanyşdyrmak üçin ýerleşdirilendir.
Peýdalanylan çeşmeler: Ferra.ru
16
10
smiling_
05.08.2024 17:52
Garderoba gaýtadan göz aýlap: öz stiliňi nädip tapmaly?
Modanyň kaleýdoskopiki tizlikde özgerýän häzirki zaman dünýäsinde azaşmak we öz islegleriňe bolan ynamyňda wagtly-wagtyna ikirjiňlenmek adaty ýaly görünýär. Stilleriň, reňkleriň we ugurlaryň ägirt uly seçimi hatda iň tekjribeli modaçylary hem geň galdyrýar.
Moda tendensiýalaryndan özüňize ýakynyny saýlamak babatda elmydama ynamsyz bolsaňyz, umytdan düşmäň. Hatda ilkibada meşhurlyga ýeten ýyldyzlar hem ýalňyşýarlar, sebäbi moda diňe bir berk düzgünler toplumy bolman, eýsem döredijilik we ynsanyň özboluşlylygyny görkezmek üçin giňişlikdir.
Özbaşdak stile eýermezden modanyň çylşyrymlylygyna nädip düşünip, diňe häzirki tendensiýalara laýyk gelmän, eýsem şahsyýetiňizi görkezýän garderoby döredip bilersiňiz?
Dükanlaryňyzyň assortimentini giňeldiň
Garderobyňyzy içgysgynç duýýarsyňyzmy? Özüňizi bir brend ýa-da dükan bilen çäklendirýärsiňizmi? Onda durmuşa täze nazar bilen seredip, moda dünýäsine syýahata çykmagyň wagty geldi!
Egin-eşik babatdaky garaýyşy halaýan dostlaryňyzdan nireden geýinýändigini soraň. Maslahat soramakdan çekinmäň — tejribeli modaçylar öz syrlaryny paýlaşmakdan hoşal bolarlar.
Täze dükanlaryň sanawyny düzüň we olary arkaýynlyk bilen öwrenmäge wagt sarp ediň. Derrew bir zat satyn almagy maksat edinmäň. Diňe aýlanyň, gözläň, saýlap-seçiň, geýip görüň.
Özüňize obýektiw baha beriň: bedeniňiziň ölçegi we özboluşlylygy
Köp adamlar hiç düşünmezden özlerine laýyk gelmeýän zatlary yzygiderli geýýärler, diňe endikden, esasanam, bu ýagdaý ýaşlygynda geýen eşiklerine çalymdaş bolsa, keşbi başgaça bolan wagtyndaky geýimler bolanda köp gabat gelýär.
Sazlaşykly görnesiňiz gelýärmi? Bedeniňiziň görnüşini kesgitläň we oňa laýyk stilleri öwreniň.
Ýönekeý zatlar — stilli keşbiň girewi
Çylşyrymly stilleri we köp düzüm bölekleri bolan stili çetde goýuň. Islegiňizi ösdürmegiň başlangyç tapgyrynda ýönekeý zatlara üns beriň. Gelişmejek zatlary düýpgöter ýadyňyzdan çykaryň.
Adaty zatlary ileri tutuň. Bir görnüşde 3-4-den köp bolmadyk reňkleri birleşdiriň. Artykmaç zatsyz aksessuarlary saýlaň.
Matalaryň gurluşyna we hiline üns beriň
Matalaryň hemmesi deň derejede döredilmeýär. Egin-eşik saýlanyňyzda, onuň gurluşyna üns beriň: bu şekiliň özboluşly artykmaçlyklaryny we kemçilikleri-de görkezip biler. Mysal üçin, atlas materialy deriniň düz däldigine laýyk gelmeýär.
Hile üns beriň. Hatda gymmat dükanlarda-da çalt üýtgeýän, zaýalanýan we görnüşini ýitirýän pes hilli trikotaž önümlere gabat gelmek bolýar.
Brendlerden — klassika, mass-marketden — moda
Garderobyň esasy geýimleri — jalbar, köýnek, aýakgap — ýokary hilli bolmalydyr. Şonuň üçin moda hünärmenleri garderobdaky esasy geýimleriňizi ynamdar brendlerden satyn almagy maslahat berýärler. Olar keşbini üýtgetmezden, uzak ýyllaryň dowamynda size hyzmat eder.
Trendde bolýan önümler çalt modadan gaçýar, şonuň üçin olar üçin artykmaç pul tölemegiň manysy ýok. Täze moda kybap gelýän zatlary köpçülikleýin bazardan gözläp bilersiňiz.
Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda köpçülikleýin bazarlarda brendleriň köpüsiniň elýeterli bahadan ýokary hilli önümleri hödürleýändigini bellemelidiris.
Saçyň reňki, daralyşy we makiýaž: daş keşbiň möhüm bölekleri
Gowy tertiplenen saçlar, arassa saç bezegi hem-de laýyk gelýän makiýaž — bu size islendik ýagdaýda ajaýyp we özüne çekiji görünmäge kömek etjek möhüm böleklerdigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Himiki maddalar bilen zaýalanan ýa-da zeper ýeten saçlar daş keşbiňize dissonans goşar.
Ýagty makiýaža öwrenişen bolsaňyz, aksentleri goýmagy öwreniň: mysal üçin gözüňizi ýagty däl görnüşde goýup, dodaklaryňyza açyk pomada bilen reňk beriň. Ýa bolmasa-da tersine, has täsirli tuş we ten ulanmkak bilen, diňe gözleriňize ähmiýet beriň.
Ýadyňyzdan çykarmaň, tagam duýgusy diňe käbir adamlara berilýän ukyp däl-de, özüňde islendik wagt kämilleşdirip boljak ussatlykdyr.
Peýdalanylan çeşmeler: make-your-style.livejournal.com
19
18
smiling_
05.08.2024 15:36
Gatnaşyklarda «çagalar bagy»: özüni çaga ýaly alyp barýan erkek kişini nädip tanamaly.
Her birimiziň içki dünýämizde çaga menimiz bolýar. Bu adaty bolaýmaly zatdyr. Ýöne käwagtlar bu çaga şahsyýeti öz eline alýar-da, adamyň häzirki ýaşyna garanyňda özüni nädogry alyp barmagyna getirýär. Şeýle «çaga» durmuşy bile ýaşaýanlar bilen gatnaşyklarda örän kyn ýagdaýy döredýär.
Psiholog Olga Romaniw şu hili özüni çaga ýaly alyp barýan adamy nädip tanamalydygy barada «Weçerniý Moskwa» gazeti bilen maslahatlaryny paýlaşdy:
«Ýagdaý şeýle etmäge mejbur etdi» — bu jogap ýalňyşlyklary üçin jogapkärçilige çekilmek islemeýänleriň hemişe gelýän netijesi.
Çaga ýaly erkekler şowsuzlyklary üçin özlerinden başgalary günäkärlemäge ýykgyn edýärler: dostlarynyň duşuşyga gijä galmaga esas döredýän jaňlary, işdäki göripçilik edýän kärdeşleri, ýaramaz howa şertleri we ş.m. Bu hili adamlar jogapkärçiligini hiç wagt boýun almaýarlar, günäkärlemek üçin bolsa hemişe daşarky bahanalary gözleýärler. Şol garaýşy bolsa maşgala durmuşyna geçirýärler.
«Öz isleýşiň ýaly edäý». Çaga häsiýetli erkekler «saýlamak azatlygy» islegine kömek etmek islemeýändiklerini ussatlyk bilen gizleýärler. Karara gelmek meselesinde jogapkärçilik çekmezlik üçin hatda göni soraglara-da düşnüksiz jogap bermegi makul bilýärler.
«Men entek doly karara gelmedim...» Ulalyp oňalmadyk adam restoranda nahar edinmek, dynç almak üçin ýer saýlamak ýa-da duýgulary baradaky soraga jogap bermek ýaly ýagdaýlarda hemişe karar bermekden ýüz öwürýär. «Men entek belli bir karara gelmedim» iň gowy görýän sözleri bolup, ol netijä gelmezligi, ýaltalygy we jogapkärçiligi öz üstüne alyp bilmezligi gizleýärler. Ýönekeý meselelerde-de, şol sanda gatnaşykda hem karara gelip bilmeýän adama wagt ýitirmek ýalňyş bolar.
«Ilki adamlar özleri üçin ýaşamaly» — adamyň agzyndan gelýän bu söz iki manyly bolup biler. Bir tarapdan, erkinlikden we aladasyzlykdan peýdalanmak islegi baradadyr. Başga bir tarapdan bolsa, bu kämillik ýaşyna ýetmedikligiň we ene-atalyk bilen baglanyşykly jogapkärçiliklere taýyn däldigiň alamaty bolup biler. Eger ýoldaşyňyz çagalar barada gürleşmegi soňa goýýan bolsa, onda onuň hakyky maksatlary bilen gyzyklanyň.
«Men munuň hötdesinden gelip bilemok». Özüni çaga ýaly alyp barýan erkekler köplenç bu jümläni jogapkärçilikleri ýoldaşynyň üstüne atmak üçin ulanýarlar. Täze zatlary öwrenmek islemeýärler, öz başlaryny çaramaga ymtylmaýarlar we başgalaryň kömegine mätäç bolanlaryny dogry hasaplaýarlar. Gündelik durmuşda şu hili ejizligiň aňyrsynda gizlin mekirlik we jogapkärçilik çekmezlik islegi bolup biler.
Şeýle erkek kişi bilen bile ýaşamak üçin energiýa we wagt ýitirmezden ozal, öz mümkinçilikleriňize çynlakaý baha bermek gerekdir. Şeýle adamy üýtgetmegiň gaty kyn boljakdygyna düşünmeli. Eger şeýle erkek bilen ýaşamakçy bolsaňyz, hem ene, hem ata ýerine bolmaga, maşgaladaky ähli wajyp meseleleri çözmäge taýýarmysyňyz? Hemişe şeýle durmuşda oýun oýnaýan ýaly bolup ýörmek nämäňize gerek?
18
22
smiling_
05.08.2024 12:01
Çaganyň rasionynda şekeriň artykmaçlygy: saglyga ýetýän gizlin zyýan.
Süýjüleriň we gazlandyrylan içgileriň çagalaryň rasionynyň aýrylmaz bölegine öwrülen häzirki zaman dünýäsinde şekeriň aşa köp sarp edilmeginiň howpy baradaky sorag barha artýar. Bilermenler çagalaryň saglygy üçin birnäçe çynlakaý netijelere ünsi çekip, bu meselä oýlanyşykly çemeleşmäge çagyrýarlar.
Iň göze görnüp duran meseleleriň biri hem diş kariesiniň ösmegidir. Şekerli içgileri we süýjüleri içenimizden soň, şekeriň galyndylary agyz boşlugynda uzak wagtlap durmak bilen, bakteriýalaryň köpelýän ýerine öwrülýär. Bu mikroorganizmler dişi emeli ýok edýän kislota öndürýär we kariesiň döremegine sebäp bolýar.
Ýene-de bir çynlakaý mesele bedeniň agramynyň artmagydyr. Süýjüleriň özleri semremegiň gönüden-göni sebäbi bolmasa-da, geçirilen barlaglar süýji içgilerini yzygiderli içýän adamlaryň has köp semreýändiklerini görkezýär. Bu ýeterlik fiziki işjeňlik bilen kaloriýany köp sarp etmek bilen baglanyşyklydyr.
Artykmaç kabul edilen şeker ýürek-damar ulgamyna gytaklaýyn täsir edip biler. Käbir şekerli içgilerde nerw ulgamyna täsir edýän we ýüregiň tiz urmagyna getirip bilýän kofein bar. Uzak möhletde bu ýürek-damar keselleriniň ösmegine sebäp bolup biler.
Aýratyn alada etmäge mejbur edýän sebäp bolsa 2-nji görnüşli süýji keseliniň döremek howpunyň ýokarlanmagydyr. Süýjini köp iýmek ganyň glýukoza derejesini kadalaşdyrýan gormon bolan insuline rezistentligi döredip biler. Köp mukdarda şekeriň düşmegi netijesinde aşgazan asty mäzi mümkinçiliginiň çägine görä işleýär, bu bolsa gandaky insuliniň derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyna getirýär.
Bu töwekgelçilikleri göz öňünde tutup, hünärmenler ene-atalary çagalaryna sagdyn iýmitleniş endiklerini öwretmäge çagyrýarlar. Süýjülik önümlerini diňe esasy nahardan soň bermek, süýjüleriň ýerine miweleri, guradylan miweleri we hozlary ileri tutmak we gazlandyrylan içgileri diňe wagtal-wagtal içmek maslahat berilýär.
100 ml möçberdäki gazlandyrylan miweli içginiň düzüminde 6-12 çaý çemçesi möçberde şekeriň bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldiris. Munuň özi maslahat berilýän mukdardan ep-esli köpdür.
Mundan başga-da, hünärmenler üç ýaşa çenli çagalaryň rasionyndan düzüminde süýji bolan iýmitleri we içgileri düýbünden ýok etmegi maslahat berýärler. 3 — 10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin maslahat berilýän iýmit her günde 3 çaý çemçesinden, 10 — 18 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler üçin bolsa — 6 çaý çemçesinden köp bolmaly däldir.
Çagalykdan peýdaly, kadaly iýmitleniş endiklerini döretmek çagalarymyz üçin sagdyn geljegiň açarydyr. Şekeriň kabul edilmegini çäklendirmek diňe bir çynlakaý saglyk müşgillikleriniň öňüni almaga kömek etmän, çagalara iýmitleriň tebigy tagamyna baha bermegi hem öwreder, bu bolsa uzak möhletde olaryň umumy abadançylygyna we durmuş derejesine oňyn täsir eder.
Peýdalanylan çeşmeler: woman.rambler.ru
20
11
smiling_
04.08.2024 17:43
Döwrebap daş keşpde ýakymsyzlyk döredýän alamatlar.
Şu günki günde moda dünýäsi ozalkylardan görnetin elýeterli. Emma, gynansak-da, tendensiýalaryň we täze önümleriň köp bolmagy elmydama ajaýyp we sazlaşykly şekilleriň döremegine getirmeýär. Köplenç modanyň zatlara we gymmat brendlere eýermegi bilen, zenanlar stiliň ýönekeý kadalaryny ýatdan çykarýarlar-da, bu meselede ýalňyşýarlar.
Bu makalada hemişe ajaýyp we özüne çekiji görünmek üçin hökmany öňüni almaly gelişmeýän geýinmek isleginiň birnäçe alamatlary beýan edilýär:
Yzygiderli makiýaž. Gündelik durmuşda şeýle makiýaž gelşiksiz we hatda gödeksi hem görünýär.
Ýiti tonal kremiň, ýasama çyzgyly dodaklaryň, oturtma kirpikleriň we ýalpyldawuk öwüşginiň deregine bir elemente ünsi jemläň ýa-da deriňiziň gözelliginidir aýdyňlygyny görkezjek kadaly makiýažy saýlap alyň.
Birkemsiz ukladka. Emelilikden uzakda duruň! Ajaýyp burum-burum saçlary, çylşyrymly ukladkany we has tekiz saçlary ýatdan çykaryň — şeýle saç düzümleri modadan bireýýäm galdy.
Häzirki wagtda hatda jemgyýetçilik çärelerinde-de modaçylar ýeňil, tebigy we kadasyz saç düzümlerini saýlaýarlar. Saçyňyzy aşaklygyna goýberiň, düwüň ýa-da ony ýuwaşlyk bilen boýynlaýyn goýberiň — şeýdip trende girersiňiz.
Tebigy däl manikýur. Internete giňişligine göz aýlasaň, açyk reňkler we köp sanly daşlar bilen bezelen tebigy däl uzyn dyrnaklary bilen surata düşenlere duşmak kyn däl. Şeýle-de bolsa, bu şübheli «moda» eýermek hökmanmy?
Freddi Krýugeriň ýaragyny ajaýyp aksessuarlardan has köp ýatladýan şeýle manikýur hiç hili owadan görnüşe laýyk gelmez.
Nädogry saýlanan esbaplar. Aksessuarlar — bu diňe bir owadan zatjagazlar däl-de, eýsem keşbiň oňyn artykmaçlyklaryny görkezmäge we ähli tagallalary puja çykarmaga ukyply elementidir. Pes hilli, tagamsyz, köne ýa-da ýalňyş saýlanan esbaplar hatda iň oýlanyşykly görnüşi hem bozup biler.
Pes hilli matalar, tikinler, furnitura. Geýim saýlanyňyzda hili hemme zatdan ýokary goýmalydyr! Hatda bluzka stile we fasona laýyk bolsa-da, pes hilli matadan tikilen, köne furnituralary hem-de ýukajyk tikinleri bar bolsa, beýle zat siziň ünsüňize ýa-da puluňyza laýyk gelmeýär.
Konserwatiw geýimler. Aýakgap bilen reňkdeş ýantorba, bluzka gabat gelýän ýubka, gara we ak reňkler, ýokaryk çenli dakylan düwmeler — bularyň hemmesi täsin we ajaýyp şekili döredip bilmeýändigiňizden habar berýär.
Gözelligiňizi we stiliňizi görkezjek açyk hem özboluşly keşpleri döretmegi öwreniň.
Laýyk gelmeýän eşikler — bu hatda iň oýlanyşykly görnüşi hem gelşiksiz edip biler. Artykmaç agramy görkezýän geýimler, olaryň kadasyz tikilmegi, matadaky epinler we ýygyrtlar — bularyň ählisi tagaşyksyz görünýär we özüne çekiji däldir.
«Gymmat-baý» we «sadaja-kadaly» diýen ýaly düşünjeleriňizi ýatdan çykaryň! Ajaýyp görnüş zatlaryň bahasyna ýa-da moda tendensiýalaryna bagly däldir.
Üstünligiň syry — şahsyýetiňizi geýim arkaly beýan etmek, özüňe laýyk zatlary saýlamak we sazlaşykly hem ýatdan çykmajak şekilleri döretmek ýaly aýratynlyklary utgaşdyryp bilmekdir.
Peýdalanylan çeşmeler: www.colady.ru
18
34
smiling_
04.08.2024 09:18
Özüňe zyýan etme: yssy howada düýbünden etmeli däl zatlar.
Tomusyň yssy howasy diňe bir oňaýsyz bolman, saglyga hem howply bolup biler. Kynçylyklardan gaça durmak we yssy günlerde saglygyňy goramak üçin näme etmelidigini bilmek möhümdir. Makalada yssy howada öňüni almagyň deregine, goýberýän alty sany umumy ýalňyşlygymyz dogrusynda gürrüň berilýär.
Gazlandyrylan süýji tagamly suwy içmek
Yssy howada adamlaryň aglabasy gazlandyrylan süýji tagamly suw bilen teşneligini gandyrmagy göwünlerine jaý görýärler. Emma bu ýagdaý tersin täsiriň görnetin sebäbi bolup bilýär. Şeýle içgileri içdigiňçe, has köp içmek islegi döreýär, bu hem diňe bir agramyň ýokarlanmagyna däl, eýsem has çynlakaý müşgilliklere hem sebäp bolup biler. Şekerli gazlandyrylan içgiler böwreklere goşmaça agram döredýär we bedeniň suwsuzlanmagyny hasam erbetleşdirýär. Munuň ýerine suwuklygyň ýetmezçiligini netijeli doldurýan we islenilmeýän täsirleri döretmeýän ýönekeý, adaty agyz suwuny içmek maslahat berilýär.
Iýmitleri yssyda goýmak
Çalt zaýalanýan iýmitleri otag temperaturasynda iki sagatdan artyk goýmak howply bolup biler. Termometr 28° C-den ýokary görkezýän bolsa, bu möhlet bir sagada çenli azalýar. Bu maslahatlara göz ýummaklyk bolsa iýmit siňdiriş meselesine sebäp bolup bilýär.
Önümleriň doňuny çözmek babatda aýdylanda bolsa, olary açyk howada eretmekden saklanmalydyr. Has ygtybarly ýoly doňdurylan iýmitleri doňduryjydan sowadyja geçirmekdir. Bu usul has uzaga çekse-de, zyýanly bakteriýalaryň köpelmek howpuny ep-esli azaldar.
Özüňe gereginden artyk fiziki agram salmak
Sport bilen yzygiderli meşgullanmak, gürrüňsiz, saglyga peýdaly we tomusda ony dowam etdirmek hem adaty wagtlardaky ýaly bolmaly. Şeýle-de bolsa, yssy howada, ýagny Günüň şöhlesiniň göni täsiri astynda türgenleşmek ýa-da agram salyp biljek fiziki iş bilen meşgullanmak gyzgyn geçmä sebäp bolup bilýär. Bu ýagdaýda türgenleşigiň intensiwligini azaltmak we ýagdaýyňyza ünsli bolmak maslahat berilýär. Ýadawlygyň ýa-da myşsalaryň gysylmagynyň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, derrew maşk etmegi bes etmeli hem-de bedeniňe dynç bermeli.
Çüwdürimde suwa düşmek
Yssy günleriň dowam edýän wagtynda çagalaryň suw çüwdürimleriniň astynda suwa düşmegi saglyga uly howp salyp biler. Bu bezeg desgalaryndaky suwlar dürli kesellere sebäp bolup biljek her hili mikroorganizmleriň köpelmegi üçin amatly gurşawdyr. Şeýle ýerde suwa düşmegiň bolup biljek netijelerine ýiti içege ýokançlyklary, konýuktiwit, enterowirus we rotawirus ýokançlyklary, wirus A gepatiti degişlidir.
Mundan başga-da, çüwdürimler turbalar, nasoslar we şikes ýetmegine sebäp bolup biljek yşyklandyryş enjamlary bilen bezelendir. Şeýle-de, bu enjamlarda näsazlyklar bar bolsa, suw çüwdürimlerinde suwa düşmek diýseň howply bir elektrik togunyň urmak töwekgelçiligi hem bolup biler.
Kofe içmek
Kofein metabolizmi stimulirleýär we böwrekleriň işini güýçlendirýär, bu bolsa bedenden suwuklygyň çalt bölünip çykmagyna getirýär. Bu aşa gyzgynlyga we suwsuzlyga sebäp bolup biler, agyr ýagdaýlarda başyň aýlanmagyna, özüňden gitmäniň döremegine täsir eder. Eger kofein zerurlygy duýulýan bolsa, onda yssyda bedene has ýumşak täsir edýän gök çaýy saýlamak has gowudyr.
Sintetiki materially eşik
Deriniň gowy howa çalşygyny üpjün edýän, yssy howa üçin döredilen ýörite sintetiki eşikleriň bardygyny bellemelidiris. Şeýle-de bolsa, şkafyňyzda beýle eşik ýok bolsa, adaty sintetiki matadan tikilen eşiklerden gaça durmak iň gowusydyr. Sintetiki geýimler bedenden gyzgyn geçmegine sebäp bolup biljek ýyladyş täsirini döredýärler. Yssy howada iň gowy saýlama deriniň dem almagyna we bedeniň amatly temperaturasyny saklamaga mümkinçilik berýän tebigy materiallardan tikilen eşiklerdir.
Peýdalanylan çeşmeler: kuban24.tv
23
349