smiling_
06.08.2024 12:17
Dynç alyş zolaklaryny goraň: her kim üçin eko-düzgünler.

Deňiz kenarynda dynç almak — bu diňe bir deňiz, güneş we gum diýildigi däldir. Bu şol bir wagtyň özünde hem goranmagy talap edýän gowşak ekoulgamdyr. Gynansak-da, dynç alýanlaryň hemmesi edýän hereketleriniň daşky gurşawa nähili täsir edip biljekdigi barada pikir etmeýärler.

Näme üçin kenarda eko-düzgünleri berjaý etmek möhüm?

Deňiz kenarynda goýulýan zibiller topragy we suwy zäherläp, ýyllarboýy çüýremän durýar. Plastiki haltalar we çüýşeler, olary iýýän deňiz haýwanlary üçin aýratyn howp döredýär.

Dýunalarda we kenarýakalarda bitýän ösümlikler kenary eroziýadan goramakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Emma olary aýaklarymyz bilen basgylasak, kenarlaryň tebigy taýdan weýran bolmagyna esas dörederis.

Ýönekeý düzgünlere eýermek bilen, kenar dynç alyşyny ekologiýa taýdan has amatly edip bileris:

Zir-zibillerden dynmak. Deňiz kenaryna baranyňyzda, daşky gurşawa oýlanyşykly garalyň: bir gezek ulanylýan gaplamalardan ýüz öwüriň. Gaýtadan ulanylýan iýmit gaplaryny we suw çüýşelerini getiriň.

Deňiň kenarynyň kül atylýan däldigini ýadyňyzdan çykarmaň! Gynansagam, çilim gabyklary dünýäde iň köp ýaýran hapa görnüşlerinden biridir. Olar 5 ýyldan 15 ýyla çenli aralykda çüýräp, daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär.

Deňiz kenarlarynda bu mesele has ýiti duýulýar: çilim çekýänleriň aglabasy çilim galyndysyny zyňmak üçin zibil atylýan ýeri gözlemeýärler-de, galyndyny guma ýa-da ýere gömýärler. Çilim çekmegi taşlap bilmeýän bolsaňyzam, çilim galyndylaryny bellenen zibil gaplaryna taşlaň.

Aýna — bu tükeniksiz gaýtadan işlenip bilinýän gymmatly materialdyr! Aýna gaplaryny kenar zolagyna taşlamaň.

Kenara taşlanan aýna gyýçaklarynyň diňe bir bu ýeriň keşbini gelşiksiz edip däl-de, eýsem eýsem adamlara we haýwanlara hem ýokary derejede zyýan ýetirip biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Deňiz kenaryndan çykan mahalyňyz, yzyňyzda hapa goýmaň! Ýanyňyz bilen getiren zatlaryňyzyň hemmesini, şol sanda torbaňyzy, çüýşeleri, çilim gaplaryny, iýmit galyndylaryny we ş.m islendik hapa döredip biljek zatlary kenarda galdyrmaň. Kenardaky oturan ýeriňizi arassalamagy we hapa zatlary haltalara gaplap, zibile getirmäge ýaltanmaň.

Özüňizi alyp barşyňyzdaky ownuk üýtgeşmeleriň hem daşky gurşawy tygşytlamakda uly üýtgeşiklik döredip biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Peýdalanylan çeşme: Ecostr.ru
20
224
erteki
7 Awgust 2024
@smiling_, bagyşla onda
erteki
7 Awgust 2024
Diňläriňe degenok keýgim, labrint ýaly bar zat
erteki
7 Awgust 2024
@smiling_, näme diýp
erteki
7 Awgust 2024
@smiling_, Gijäň rahat 😊
erteki
7 Awgust 2024
@smiling_, ýatasym gelýär welin ertirki meýilnamalary işläp otyrn, haçan ýatjagym belli däl
erteki
7 Awgust 2024
@smiling_, söýgi ýanylýan zatmy?
erteki
6 Awgust 2024
Men gowy ýaly ýöne däl. Biri gerek ýaly ýöne hemme artykmaç gelýär... Garaz şular ýalu
erteki
6 Awgust 2024
@smiling_, ýagdaýy sorama, ýylanam meni görüp sen menden has köp süýrenipsiň diýjegini bilýän 😁
erteki
6 Awgust 2024
@smiling_, muňa näm bolupdyr, çalyşmagymy isleýäň öýdýän
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.