smiling_
03.08.2024 16:07
Adamyň gözi barada gyzykly faktlar.

- Adamyň her bir gözi 107 million töweregi ýagtylyga duýgur öýjükleri özünde jemleýär;

- Adam gözi açyk ýagdaýynda asgyryp bilmeýär;

- Takmynan 10 000 ýyl mundan ozal ýer şaryndaky ähli adamlaryň gözleriniň reňkleri goňur bolupdyr;

- Gözlerimiziň diametri 2.5 santimetr bolup, onuň agramy 8 grama barabardyr. Kitleriň gözüniň agramy bolsa 1 kilograma barabardyr;

- Adam ortaça ömrüniň dowamynda 24 million töweregi şekil görýär;

- Täze doglan çaga 6-8 hepdelik bolýança onuň gözi gözýaş bölüp çykarmaýar;

- Adamyň gözi diňe 3 sany reňki, ýagny gyzyl, ýaşyl we gök reňkleri saýgaryp bilýär. Galan reňkler bolsa şu reňkleriň birleşmesidir;

- Bir gije-gündiziň dowamynda adam göz gyrpmak üçin 55 minut sarp edýär, ýagny adam 1 minutda 6-dan 17 gezege çenli gözüni gyrpýar. ( Aýallar erkeklere görä iki esse köp göz gyrpýar);

- Bir gezek göz gyrpmak üçin ortaça 0.05 sekunt gerek bolýar;

- Tehnologiýanyň ösmegi we sanly ulgamyň rewolýusiýasy adamlaryň durmuşynda kompýuter we şuňa meňzeş enjamlaryň üsti bilen giňden orun eýeledi, emma biziň görejimize zeper ýetirýän monitorlar däl-de , ekran bilen dowamly kontakt arkaly gözümize ýetýän ýadawlykdyr;

- Ýer ýüzünde diňe 1% adamlaryň çep we sag gözleriniň reňkleri dürli-dürlüdir. Muňa geterohromiýa diýilýär;

- Gözýaşlarymyzyň himiki düzümi näme sebäpden aglaýanlygymyza baglydyr;

- Häzirki wagtda medisinanyň ösmegi bilen adamyň köp organlaryny bir adamdan beýleki adama göçürip ( transplantasiýa ) bolýar. Emma häzirki wagta çenli göz transplantasiýasy mümkin däldir;

- Gyzyl reňkli göz diňe albinoslarda duş gelýändir , sebäbi olaryň organizminde melanin ýokdur;

- Goňur reňk iň köp duş gelýän göz reňkidir, ýaşyl reňkli göz bolsa iň az duş gelýändir;

- Garaňkyda görmek üçin niýetlenen enjamlar ähli zady ýaşyl reňkde görkezýän edilip bejerilmeginiň iki sany sebäbi bar:

1. Bu reňkli gammada detallary görmek aňsat.
2. Ýaşyl reňk adamyň gözüni kemräk ýadadýar.



Dilraba KADYROWA,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirlen 27-nji orta
mekdebiniň mugallymy.
20
73
zina
4 Awgust 2024
Gara gozliler kopq @smiling_,
ideallider
3 Awgust 2024
@zumerret_, ýok. Göze neýtral. Tapawudy ýok. Ýaşyl göz ulanýanymyň sebäbi, aý aňtowçylary bulaşdyrmak üçin😄
ideallider
3 Awgust 2024
Aý planam diýme. Menä aş getirenimde "Janam, sen beýlezatlary iýesiňgelýärweli, özüň adammy??? Biz toçna adam ýasaýasmy ýa başgazat ýasaýas???" diýip çynlakaý sorapdym. Nämede bolsa adam-çaga boldy. Dogrysy aş-saýlamakda iýesi gelenzatlary meni gorkuzdy🤣
ideallider
3 Awgust 2024
@zumerret_, birinji gezek eşidýän. Ol çaga näme zawoddaky maşynmy, isleýşiňçe zakaz edip, sazlaryňýaly😄👍
ideallider
3 Awgust 2024
@zumerret_, şondada genetika söweşde kim ýeňerkä göreli🤩
ideallider
3 Awgust 2024
@zumerret_, ýaşylgözli oglana duşmandym, gyza köp duşdum. Birden ýaşyl-gözli oglan bilen durmuş gursaň, bäbejigiň göziniň reňki haýsy reňki saýlarka, aýdarsyňda gyzykly😌👍
ideallider
3 Awgust 2024
@zumerret_, onsaň adamlary nähili reňkde görýäň😋👍
ideallider
3 Awgust 2024
Men ýaşyl reňk gözi bejerýär diýip düşünýärdim👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.