smiling_
09.08.2024 13:21
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.
Bir ömürde müñ alada - gaýgy bar,
Adamlaryñ garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyñ çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.
Bugdaýa suw tutsañ, çaýyrda ganýar,
Laçyna öýkünip, garga - da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töññeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.
Eşegiñ yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.
Mydam bolup durmaz dokuzyñ doly,
Başyñ belent tut, pesde tut päli.
Küşdüñ mallarynyñ dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.
-- Berdinazar Hudaýnazarow
24
166
smiling_
08.08.2024 12:18
Sen
Eger birje pursat daşlaşsam özüm,
Eýýäm setirlerde çawuş kakýañ sen.
Onda neçün saña ýakyn wagtymda,
Kalbyñ owazyna kese bakýañ sen?!
Ýa-da şol kalbyñda nägile ýaly,
Garşysyna gedem bolup çykýañ sen.
Küýseseñ-de duýgularyñy ýaşyryp,
Öz-özüñi ýekelikde ýakýañ sen.
Üstesine rahatlygyñ ýitirip,
Suratyñam pes, gaşlaryñy çytýañ sen.
Ýöne boýun alman, tapyp bahana,
Meñ boýnuma bir kemçilik dakýañ sen.
Mundan näme peýda? Aýt maña şu gün,
Neçün söýen bolsañ göwnüm ýykýañ sen?!
Soñky sözüm, ertirde hem şeýdäýseñ,
Saña, dünýän gapysyny ýapýan men.
-- Bagtygül Taganowa
24
132
smiling_
08.08.2024 01:05
Durmuş agramy.
Çaga wagtym, durmuş hezil öýderdim,
Dünýäñ ezýetinden ýokdy habarym.
Indi, durmuş ýükün göterjek bolup,
Her gün dartylyp dur ýürek damarym.
Kyn günüñde ýeke galar ekeniñ,
Ýeke dogulyp, ýeke gömülişiñ ýaly.
Içki gözelligiñe hiç kim seretmez,
Hormatyñ ölçener, geýinişiñ ýaly.
Ir ýadadar eken, durmuş özünden,
Indi ýaşap ýörün, bolşuna görä.
Hiç zat meni öz günüme goýmady,
Bu dünýe aglatdy, gülüşüme görä.
Bagyşlap ýalñyşdym adam ogluny,
Güna mende, çenden aşa sadadym.
Ýeñsä pyçak sokýan tanyşlarymdan,
Dogrumy aýtsam, menä indi ýadadym.
✍️ Kuwwat Ýazmuhammedow
22
77
smiling_
07.08.2024 09:11
Üzüm: bu miwäniň rasionymyzda bolmagynyň 6 sebäbi.
Üzüm — bu diňe bir süýji tagamly miwe bolman, eýsem, baý taryhy bilen tapawutlanýan önümdir. Ony baryp neolit zamanasynda Ýakyn Gündogar sebitinde ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar, onuň ýetişdirilmeginiň syrlary bolsa müsür ierogliflerinde ýazuw görnüşinde saklanyp galypdyr.
100 gram üzümiň iýmitlik gymmaty:
Kaloriýasy: 57 kkal
Beloklar: 0,81 gr
Ýagy: 0,47 gr
Uglewodlar: 14 gr
Iýmit süýümi: 4 g [2]
Üzüm — witaminleriň (C, K, B topar), fitonitrientleriň, kaliniň we misiň gorudyr. Şeýle-de bolsa, ýokumly maddalaryň iň köp konsentrasiýasynyň önümiň lötünde däl-de, gabygynda we şänigindedigini bilmek möhümdir.
Üzümiň alty sany peýdaly tarapy:
1. Ýaşlygyňy saklamak
Üzümiň düzümine flawonoidleriň we beýleki antioksidantlaryň 150-den gowrak görnüşi girýär. Bu maddalar erkin radikallara — garramagy çaltlaşdyrýan we Alsgeýmer hem Parkinson ýaly dürli keselleriň döremegine itergi berýän, öýjüklere zeper ýetirýän durnuksyz molekulalara garşy göreşmekde möhüm hyzmata eýedir.
2. Immunitetiň ýokarlanmagy
Gyzyl üzümiň düzüminde bar bolan antioksidant resweratrol bedeniň dogabitdi immunitetini güýçlendirip biler. Bu antioksidantyň täsiri D witamini bilen birleşdirilende ep-esli ýokarlanýar.
Bedeniň ilkinji gorag ugry diýlip hem atlandyrylýan täze immunitet bakteriýa ýokançlyklaryna garşy göreşmek üçin jogapkärdir.
3. Erbet keseliň öňüni almaga kömek edýär
Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, üzüm diňe bir erbet keseliň öňüni almagyň çäresi bolman, eýsem bedeniň umumy saglygyna hem giňden täsirlidir. Bu miweleriň döş, içege we prostata mäzleriniň döremek howpuny azaldýandygy subut edildi. Üzüm tohumynyň ekstrakty zyýanly prostat öýjükleriniň ösüşini togtatmak ukybyna eýedir.
4. Ýürek-damar ulgamynyň goldawy
Üzüm ýürek-damar ulgamynyň saglygyna peýdaly täsir edýän polifenollara baýdyr. Bu maddalar “gowy” holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar, gan damarlarynyň diwarlaryny güýçlendirýär hem-de aterosklerozyň döremek howpuny azaldýar. Gyzyl we gara üzüm, esasanam, polifenollara baýdyr.
Üzümde polifenollardan başga-da, ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän resweratrol bar.
100 g üzümiň gan ýygnamagyna we süňk dokumalarynyň gurluşygyna gatnaşýan protrombin we osteokalsin beloklaryny öndürmek üçin zerur bolan K witaminiň gündelik zerurlygynyň 28%-ini üpjün edýändigini bellemelidiris.
5. Süýji keseliniň öňüni almaga kömek etmegi
Üzümi yzygiderli iýmek 2-nji görnüşli süýji keseliniň döremek howpuny peseldýär. Bu täsiriň aýallarda erkeklere garanyňda has aýdyň ýüze çykmagy bellärliklidir.
Şol bir wagtyň özünde üzüm şiresini ýygy-ýygydan içmegiň hem süýji keseliniň döremek howpuny ýokarlandyryp bilýändigini bilmek zerurdyr.
6. Süňkleriň güýçlüligini saklaýar
Üzümdäki K witamini we mis süňk dokumalarynyň emele gelmeginde hem-de güýçlenmeginde möhüm rol oýnaýar. Bedende mis ýetmezçiligi ösüşiň togtamagyna sebäp bolup biler.
Üzümi islendik ýaşda iýmit rasionyňyza goşmak sagdyn we güýçli süňkleri saklamaga kömek eder.
Üzümiň zyýany
Üzüm düzüminde fruktozany köp saklaýar. Onuň bolsa artykmaç sarp edilmegi garnyň ýellenmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin üzümi nahar arasynda ýa-da boş aşgazana nahar hökmünde iýmek maslahat berilmeýär.
Göwrelilik döwründe süýji keselinden ýa-da gestasion süýji keselinden ejir çekýän adamlar üzümi seresaplylyk bilen iýmelidir.
Üzüm allergiýa hem sebäp bolup biler. Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri bar bolsa, üzüm şänigini ýuwutmak maslahat berilmeýär.
Üns beriň! Makala diňe maglumat bermek maksady bilen ýazylandyr.
Peýdalanylan çeşme: RBK Life
21
15
smiling_
06.08.2024 14:42
Arassa suw, hapa kuler: saglygyňyz üçin gizlin howp.
Agyz suwunyň kuleri — häzirki zäman ofisleriniň adaty we möhüm bölegine öwrülen enjamdyr. Ol hünärmenleriň hemişe arassa suw içmekleri üçin gurnalýar. Eýsem, agyz suwy biziň özümizi oňat duýmagymyzyň hem-de önjeýli işlemegimiziň girewi bolup durýar.
Emma köpler kuleri gurnanyň bilen arassa suw içmek bilen bagly ähli müşgillikler tamamlanýar diýip düşünýärler.
Aslynda bolsa, ol özüne birgiden hapalary toplaýar, biz bolsa ol hakda düýbünden pikirem etmeýäris.
Kuleriň içindäki kadaly — ýyly, çyg, kislorodyň elýeterliligi bolan gurşawda ummasyz möçberde mikroorganizmler döräp, yzygiderli köpelýärler.
Gözlerimize görünmeýän, emma taýyp duran tekiz görnüşli, reňkini hem yzygiderli çal, sary ýa-da ýaşyl reňklere çalşyp duran bu mikroorganizmler saglygymyza örän uly howp getirýär.
Siziň ofisiňizdäki kuleri süpürgiç bilen däl-de, dezinfeksiýa işlerini geçirmek bilen, ähli bakteriýalardan arassalandyklary ýadyňyza düşýärmi? Ýa ýadyňyzda dälmi?
Içýän suwuňyzyň her bulguryndan siziň organizmiňize bakteriýalaryň şu hili görnüşleri aralaşyp bilýär:
- zäherlenmä getirip bilýän içege taýajygy;
- pnewmoniýa, meningit, osteomielit, otit hem-de hroniki öýken ýokançlary ýaly kesellere sebäp bolýan gök iriňli taýajyk;
- legionellez ýa-da “legionerleriň keseline” (pnewmoniýanyň görnüşi) esas bolup bilýän legionella.
Bu sanawyň yzyny dowam etseň, dowam edibermeli! Hapa halda duran, ýörite arassaçylyk işleri geçirilmedik kulerden suw içmek bilen, siz koliforma bakteriýalarynyň, patogen mikroflorasynyň we hatda plesen ýokançlarynyň uly mukdaryny organizmiňize kabul edersiňiz
Onsoňam, bu bakteriýalaryň aglabasy suwy 80 göterime çenli gradusda ýyladýan derejede ýaşamaga ukyplydyr.
Paýlaýjynyň kranlarynda hem edil awtobuslarda bolşy ýaly, köp sanly mikroorganizmler toplanyp gidýär, olar bolsa bulgura ýeňillik bilen düşüp bilýär.
Mikrobiologik täsirinden başga-da, kulerler başga bir müşgilligi bilen howpludyr. Olarda wagtyň geçmegi bilen gaty hapa bölekleri ýygnanýar. Mysal üçin, ýarym ýylyň dowamynda kulerde içi görünmez derejede gaty hapalar ýygnanyp, suw guýlup alnanda onuň göze görünmeýän kiçijik bölejikler bulgura, içen mahalymyz bolsa organizmimize düşýär.
Kuleri näçe wagtdan arassalap durmaly?
Kuleri arassalamak bilen bagly işler onuň gurnalan ýerine baglylykda geçirilýär:
- Hapalanmak ähtimallygy ýokary bolan ýerde (hassahana, önümhana, ussahana) kuleri her 3 aýdan arassalap durmaly;
- Iň ýygy-ýygydan gatnalýan, emma gurşawy arassa saklanylýan ofislerde, mekdeplerde hem-de beýleki şu hili ýerlerde ýarym ýyldan bir gezek kulere arassaçylyk idegini etmeli;
- Öý şertleridne bolsa kuleri ýarym ýyldan, ýa bolmasa-da ýylda bir gezek arassalamak bolar.
Gaýtadan arassalaýyş işlerini geçirmegiň ýygylygy bolsa kulerden suw alnyşynyň ýygylygyna baglylykda geçirilýär. Täsin faktlaryň biri hem, kulerden näçe köp gezek suw alynýan bolsa, şonça-da onuň az hapa toplaýandygy bolup durýar. Şonda ol hemişe işjeň ýagdaýda bolansoň, kuler hapalanman saklanýar.
Kuleriň haýsy böleklerini arassalamagy talap edýär:
- çüýşäniň ýeri;
- suw beriji kranlar;
- sowuk we gyzgyn suw üçin niýetlenen gaplar;
- sowadyjy radiator;
- damja ýygnaýjy;
- gaýnadyjy bölek.
Peýdalanylan çeşmeler: sibdepo.ru, krist-vlg.ru
22
18