smiling_
09.08.2024 13:21
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.

Bir ömürde müñ alada - gaýgy bar,
Adamlaryñ garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyñ çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.

Bugdaýa suw tutsañ, çaýyrda ganýar,
Laçyna öýkünip, garga - da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töññeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.

Eşegiñ yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.

Mydam bolup durmaz dokuzyñ doly,
Başyñ belent tut, pesde tut päli.
Küşdüñ mallarynyñ dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe - ýer bolar.


-- Berdinazar Hudaýnazarow
24
166
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, gũlme goñşyña geler başyña 😄
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, ýatanyñ ũssũne kaka gelmesin özem işdekã 😂
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, yzyny sen sorama menem aýtmaýn 🙂
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, howwa gözũñi ýumýañ amazon tokaýlygynda otyrsyñ öñũñde şaglawuk akýa şabyr şabyr 🧘‍♂️ we ukyñ tutyp başlaýa 😴 edil şowagtam kakam gelýã 🤕
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, klent gelýãnçã 🧘‍♂️
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, çökdũm onda 🚼
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, nirã geçip otyrsamkam 🤔
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, nirã gideýin ýañja geldimã 😔
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, how broo 🙄
wolf
10 Awgust 2024
@smiling_, yes 🙈
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.