Bir söz
Derdimi bir sözde ýazasym geldi,
Sözlükden söz gözläp, aýlandy serim.
Aýtmasy mümkin däl duýgy bar mende
Meniñ her goşgym - bir bölejik heserim.
Hiç ölmejek söýgi gözläp dünýäde,
Möhletinden ir ýadatdym janymy.
Saña duşup bu durmuşda görenimi,
Ýürek edip düýşde görer ýalymy.
Duýgularym kynlyk bilen aýrylýar,
Çuñdan çuñ pikiri galdyryp başda.
Saña-da ýeñil däl,
Dagy nädeli?!
Düşünýän, ah ýöne ýagdaýlar başga.
Ýanymda sen bolsañ bolmaýardymy,
Sözüñ dep ederdi ýolugam derdim.
Bir söz bilen düşünşerdik ikimiz,
Hem bir eýýäm bagtly bolup giderdik.
-- Seýitmyrat Geldiýew