smiling_
20.08.2024 11:06
ÝAZMAK ÜÇIN PIKIR GEREK ADAMA.


Ýazmagyň syry biziň içki dünýämizde bolup geçýän hadysalara, ol hadysalary ýürekden duýup bilşimize baglydyr. Ony gepletmek, oňa geň düşünjeleri ýazdyrmak, hadysalary ýekän-ýekän gözden geçirmegimize, esasanam, täsin pikirlerimize, parhly dünýä garaýşymyza we beýlekileriňkä meňzeş bolmaýan ideýalarymyzyň bollugyna hem baglydyr. Ajaýyp setirleri, iliňkä meňzeş bolmaýan pikirleri döretmegiň usullaryndan biri bolsa empatiýadyr. Empatiýa – ýazmagyň syryny paş edýän gymmatly açardyr. Empatiýa arkaly islendik obrazy, hekaýany we hyýaly gahrymany döretmek mümkindir. Ýazmak üçin bir zatlardan başlamak hökman gerek. Ol bolsa ýazmagyň ilkinji şertidir. Şertleriň bir ýere jemlenmegine garaşmak wagtyň gymmatyny bilmezlikdir. Ýazmak üçin islendik ýerde başlamagy ýörelge edinmek esasy maksadymyz bolmaly. Şonda biz aňsatlyk bilen uzak ýollary aşmagy başararys. Esasy zat ýönekeýje setirlerden başlamak we ony tamamlamak üçin elimizde bolan gaýratymyzy gaýgyrmazlykdyr. Sebäbi, başlamagyň ýeke özi bir işi bitirmegiň hötdesinden gelip bilmeýär. Başlamak, çekilen zähmet bilen bile duranda, olar ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi başarýarlar. Bu ikisi bile näçe galany alandyrlar kim bilýär? Ikisi bile ägirt uly, üýtgeşikden-üýtgeşik topary emele getirmegi diýseň başarýarlar. Ikisiniň öňünde durup biljek ne güýç ne-de kuwwat bardyr.



Ýazmak üçin pikir gerek adama,

Pikir bolsa kitaplardan alnar.....
19
54
smiling_
20.08.2024 08:37
Şowsuzlykardan üstünlige ýetiň!

Ilki bilen üstünlik näme? Üstünlik, başgalaryň hukuklaryny bozmazdan durmuşyň talap edýän ähli zadyna ýetmek güýji. Ädim-ädim ownuk üstünliklere ýetmegiň tapgyryny döredip bilersiňiz. Her syýahat ilkinji ädimden başlaýar. Ýöne nirä barýandygymyzy bilmek üçin birinji, ikinji, üçünji we ähli zerur ädimleri ätmeli. Esasy zat başlamakdyr. Adamlary şowsuz edýän zatlar:

1. Tertip - düzgüniň bolmazlygy.

2. Özüňe ynamyň bolmazlygy.

3. Erksizlik.

4. Taşlamak.

Bular hemme kişide bolýar. Birinjiden, tertip-düzgün - Üstünlik erjelligi we tutanýerlilik talap edýär. Käbir maksatlar şowsuz bolýär. Hakyky üstünlik şowsuzlyk gorkusyny ýeňip geçmekdir. Öňüňizde bir maksat goýmak, oňa ýetmek we üstünlik gazanmak üçin gerekli işleri ýerine ýetirmeli. Durmuş kynçylyklardan doly, ýöne köp adam muny ýeňip geçýär. Ilki etjek işiňi kelläňde aýdyň görmeli. Geljek hakda pikir etmeseňiz, geljegiňiz bolmaz. Risk bolmasa sylag ýok, tertip-düzgün bolmasa başarnyk yok, hyýal bolmasa mümkinçilik ýok, başlamazdan üstünlik ýok! Özüňe ynamyň bolmazlygy - aýgytly hereket etmeýän, öz pikirini aýtmaýan we ilkinji ädimini ädip bilmeýän bu adamlar garaňkydan çykanlarynda çynlakaý üstünlik gazanýarlar. Garaňkydan çykyp bilmeyänler gizlenip şowsuzlykda ýaşaýarlar, sebäbi özüňe ynamsyzlyk wirusy tutuş bedenini gurşap alýar. Özüňize bolan ynamyňyzy peseldýän islendik zady derňäň we ony özüňizden daşda tutuň. Bir işi gowy bilmeýän bolsaňyz, öwreniň we kemçiligiňizi bejeriň ! Braýan Treýsi: "Üstünlik gazanan adamlar diňe üstünlikli endikleri bolan adamlar" -diýen sözü bar. Bir zada öwrenişmek üçin kän wagt gerek däl. Erksizlik sebäpli käbir adamlar islän zatlaryny edip bilmeýärler we durmuşyndaky adamlaryň gidýän yollaryndan gidýärler. Öz Islemeýän işini etmäge mejbur bolandyklary sebäpli, özleri bilen meşgul bolup bilmeýärler . Durmuşda nähili ýaşajakdygyňyz siziň kararyňyz! Hemme kişi bilen pikirler deň gelmeýär. Bu meselede Aldous Hukli "Hemmämiziň ylalaşmagymyz gowy zat däl. Döredijiligi açýan pikir tapawutlary" dogry sözleri bar. Gysgaça aýdanyňda, dünýäni üýtgetmek üçin bu pikir ilki bilen pikir eýesiniň durmuşyny üýtgetmeli. Başlan işiňizi tamamlaň. Etjek diýip wagt gidirmän etdim diýiň. Ertiriň şu günden has gowy boljakdygyna arzuw edip oturmagyň ýerine, şu gün ertir oýananymyzdan öňki günümizden birneme gowulaşjak bir zat edip bileris. BAŞLA, sebäbi başlamak üstünligiň ýarysydyr !!!
24
30
smiling_
19.08.2024 18:01
Emeli intellekt geljegimizi kesgitleyär!


Emeli intellekt (Aİ)

Tehnologiýanyň çäklerini öňe sürýän we adamzadyň gözýetimlerini giňeldýän emeli intellekt (AI) häzirki döwrüň iň tolgundyryjy we iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan ugurlaryna öwrüldi. Geljegiň emele gelmeginde möhüm rol oýnar diýlip çaklanylýan AI, durmuşymyzdan başlap, jemgyýetleşişimize çenli durmuşymyzyň ähli ugurlaryny üýtgedip biler.

Emeli intellekt näme we nirelere ýetip biler? yönekeý söz bilen aýdylanda, emeli intellekt adam akyl-paýhasyna meňzeýän has üstün we köp meseleleri ýerine ýetirip bilýän kompýuter ulgamlarydyr. Bu ulgamlar köp mukdarda maglumatlary öwrenmek we çylşyrymly algoritmleri ulanmak arkaly işleýär. AI-iň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri, wagtyň geçmegi bilen özüni täzelemek ukybydyr. Şeýlelik bilen, öň mümkin däl hasaplanan meseleleri çözmek we täze çözgütler döretmek üçin ulanylyp bilner. Onuň ulanylyş meýdanlary gaty giň we dürli-dürli. Saglygy goraýyş pudagynda keselleri anyklamak we täze bejergileri ösdürmek üçin ulanylyp bilner. Maliýe pudagynda galplyklaryň öňüni almak we maýa goýumlaryny optimizirlemek üçin ulanylyp bilner. Bilim pudagynda okuwçylara şahsylaşdyrylan okuw tejribelerini bermek üçin ulanylyp bilner. Ulag pudagynda awtonom ulaglary ösdürmek we ulag akymyny optimallaşdyrmak üçin ulanylyp bilner. Bular diňe birnäçe mysal. Emeli intellekti ulanmak mümkinçiligi çäksiz we her gün täze programmalar açylýar.

Aİ-niň hödürleýän köp mümkinçiliklerine garamazdan, käbir aladalar hem bar. Esasy aladalaryň biri onuň işsizlige sebäp bolup biljekdigi. Zähmet bazarynda ep-esli üýtgeşiklik bolup biler, sebäbi häzirki wagtda köp adamyň edýän işini çalyşmak üçin awtomatlaşdyryş ulanylýar. Başga bir alada, AI-ni nädogry ulanmak. Güýçli Aİ ulgamlary nädogry kişileriň eline geçse, kiber hüjümlerinde ýa-da beýleki zyýanly maksatlarda ulanylyp bilner. Bu aladalary göz öňünde tutup, Emeli intellektiň ahlakly , jogapkärçilikli ösdürilmegi we ulanylmagy gaty möhümdir.

Aİ-ni Türkmenistanda ulanyp boljak köp ýer bar. Mysal üçin, oba hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, nebit-gaz pudagynda önümçiligi optimallaşdyrmak we bilim ulgamyny gowulandyrmak üçin ulanylyp bilner. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanda Aİ-ni ösdürmekde we ulanmakda käbir kynçylyklar bar. Iň möhüm kynçylyklaryň biri, hünärli adam resurslarynyň bolmazlygydyr. Aİ ulgamynda işleýän inženerler we alymlar ýeterlik däl. Başga bir kynçylyk, maglumatlaryň ýoklugy. Aİ ulgamlarynyň netijeli işlemegi üçin köp mukdarda maglumat gerek. Bu kynçylyklara garamazdan Türkmenistanda Aİ pudagynda köp öňe gidişlikler bolup biler. Hökümet goldawy, hususy pudagyň gatnaşmagy we halkara hyzmatdaşlygy bilen Türkmenistan Aİ tarapyndan hödürlenýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljegi täzeden kesgitläp biler. Emeli intellekt adamzadyň iň uly oýlap tapyşlaryndan biri bolmak mümkinçiligine eýe. Geljegiň nähili boljakdygyny kesgitlemekde möhüm rol oýnar. AI-iň hödürleýän mümkinçiliklerinden has köp peýdalanmak we töwekgelçilikleri azaltmak üçin ünsli meýilleşdirmeli.
22
58
smiling_
19.08.2024 15:13
İmperatorlaryň ussady ARİSTOTEL.

Platonyň iň üstünlikli okuwçysy, Akademiýada önüp-ösen we soňra mugallymy Platonyň pikirlerine garşy çykan akyldar. Lingwistika, ykdysadyýet, syýasat we ritorika ýaly köp dersi esaslandyryjy…Taryhyň dowamynda özboluşly filosofiki pikirleriň we çekeleşmeleriň, ylmy garaýyşlaryň we gözlegleriň çeşmesi bolan şahsyýet. Öz dogduk mekanyny terk eden intellektual, mekdep açan mugallym. İmperatorlaryň ussady. Aristotel diňe bir filosof däl, eýsem öz döwrüniň möhüm alymy. Gözegçilikleri biologiýa, fizika we kosmologiýa ýaly köp ugurlar boýunça klassifikasiýalary häzirki zaman ylmynyň düýbüni tutdy. Hususan-da, janly-jandarlaryň dürlüligi baradaky gözlegleri biologiýanyň ösmegine möhüm goşant goşdy. Aristoteliň ylmy usula düşünişi, tebigata syn etmek we tejribe geçirmek arkaly bilim almaga bolan işleri häzirki zaman ylmy usulynyň esasyny düzýär.

Aristoteliň Liceumy.

"liseý" sözi Gadymy Gresiýada "Liceum" diýilýän ýerden gelýär. Liseý Afinyda esasan pelsepe we ýeňil atletika çäreleriniň geçirilýän gimnaziýa we bilim edarasy bolupdyr. Bu edara meşhur filosof Aristotel tarapyndan hem ulanylyp, filosofiýa mekdebi hökmünde meşhur bolupdyr.Logika, metafizika, etika, syýasat we tebigy ylymlar ýaly köp ugurda çuňňur gözlegler bu ýerde geçirildi.
Aristotel İskendere sapak berip otyr.
Durmuşy hakda az zat bilinýär. Demirgazyk Gresiýanyň gadymy Stagira şäherinde doglan Makedoniýa şasy Aleksandr II. Lukman bolan Filipiň kakasy Nikomakus Aristotel çagalygynda aradan çykypdyr we ony Makedoniýa köşgünde mugallymlar terbiýeläpdir. 17-18 ýaşynda Afinydaky Platonyň akademiýasyna gatnap, ýigrimi ýyl töweregi (miladydan öňki 347-nji ýyl) şol ýerde galdy. Platon ölenden gysga wagt soň, miladydan öňki 343-nji ýylda Makedoniýa II. Filipiň haýyşy boýunça Makedoniýa köşgünde Aleksandr Makedonskiniň mugallymy bolup işledi. Soňra Afiny şäherine gaýdyp gelen we Liseýdäki Platonyňky ýaly mekdebi esaslandyran Aristotel ol ýerde köp sanly şägirtleri gazandy.

Çeşme: Aristo kitaby we wikipediýa.
22
51
smiling_
19.08.2024 09:31
DNK-nyň syrlary: sizi haýran galdyrjak 21 fakt.

25-nji aprel — Halkara DNK güni! «Turkmenportal» web saýty bu waka mynasybetli her bir adam üçin beden gözükdirijisi bolup hyzmat edýän molekula baradaky gyzykly maglumatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

1. Ýer ýüzündäki ähli adamlaryň DNK-sy 99% deň gelýär. Gözüň reňkinden başlap, endiklere çenli adamzadyň ähli özboluşly köpdürlüligi genetiki koduň diňe 1%-i bilen kesgitlenilýär.

2. Çaganyň we ene-atanyň DNK-sy 99,5% deňdir.

3. Bu näderejede geň galdyrýanam bolsa, hakykat. Adamlar bilen kelemiň DNK-sy 50%, bananyňky bolsa - 60% meňzeş hasaplanýar. Adamlaryň miwelere meňzedilmeginiň aňyrsynda ylym ýatan bolar çemli!

4. Bedenimiz baradaky ähli maglumatlary öz içine alýan DNK diňe 4 «kerpiçden» — nukleotidlerden: adenin, guan, timin we sitosinden ybaratdyr. Ýönekeýlikden dörän täsin çylşyrymly gurluş!

5. DNK fiziolog Fridrih Mişer tarapyndan 1869-njy ýylda açyldy. Şeýle-de bolsa, bu molekulanyň syryny açmak we nesil yzarlaýyş hakda maglumatlaryň bardygyna düşünmek üçin takmynan 100 ýyl gerek boldy.

6. Bedenimiziň öýjüklerindäki ähli DNK baglanyşyklaryny «açsaň», olaryň uzynlygy Aýa 6000 gezek gidip geleniň bilen deňdir.

7. Kazyýet-lukmançylyk barlagynda adamy kesgitlemek üçin, adatça, 13 sany spesifik DNK markeri barlanýar. Iki dürli adamda 13 markeriň ählisiniň gabat gelmegi örän seýrek hadysadyr. Bu gabat gelmäniň bir milliardda bir gezek bolmagy ähtimal.

8. Hatda birmeňzeş DNK gurluşy bolan ekizleriňem barmak yzlary dürli-dürlüdir.

9. Eritrositler (gyzyl gan öýjükleri) — bedende DNK ýetmezçiligi bolan ýeke-täk öýjükdir.

10. Adam DNK-synyň takmynan 7 — 9%-i bir wagtlar ata-babalarymyza ýokuşan gadymy wiruslaryň böleklerinden durýar.

11. DNK — uzak ömürli molekula. Olaryň ömri 500 ýyldan gowrak bolup, bu alymlara muzeý eksponatlarynda we arheologiki tapyndylarda DNK gözleglerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

12. Ummasyz maglumatlar. Adamyň genomy kiçijik harplar bilen neşir edilen müň sany 500 sahypalyk kitap ýa-da her biri 100 GB-dan bolan 3000 sany sanly enjam ýaly ummasyz maglumatlary özünde jemleýär.

13. DNK adamyň dürli ýerlerinden alnyp bilner: gan, tüýkülik, peşew, deri, dyrnak, saç. Hatda gaty zeper ýetenlerden hem alyp bolýar, mysal üçin, otlanan, nusgalary, sany gaty az bolan ýerlerden. Hususan-da, şeýle derňew adamlary kesgitlemek üçin kriminalistikada ulanylýar.

14. Haýran galaýmaly, adam genomynyň diňe 3%-i işjeň ýagdaýda bolup, ol adamyň organlarynyň hem-de ulgamlarynyň gündelik işlemegini üpjün edýär. Alymlar geniň galan 97%-iniň näme edýändigini bilmeýärler.

15. DNK bedenimizdäki ähli ulgamlaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän sansyz himiki täsirlere gözegçilik edýär. DNK adamyň daşky görnüşini — boýuny, agramyny, saçyny we göz reňkini kesgitleýär. Hatda gan basyşy we soňky maglumatlara görä adamyň ömri hem DNK-a baglydyr.

16. Ene-atalaryň genleriniň tötänleýin utgaşmasy haýsy häsiýet, daşky görnüş aýratynlyklaryny hem-de kesellere bolan çökgünligi çaganyň miras aljakdygyny kesgitleýär.

17. Adamyň DNK-synyň gurluşynyň çylşyrymlylygy örän haýran galdyryjydyr. Ol örän kadaly yzygiderlilikde ýerleşen 3 milliondan gowrak elementden ybaratdyr.

18. Alymlar anyk netijä geldiler — DNK-ny diňe DNK köpeldýär. Ýer ýüzünde tötänleýin hadysalaryň üsti bilen ýaşaýşyň döremegi, ähtimal 1:1 040 000 ähtimallyk bilen bolup biläýjek hadysadyr.

19. Adamyň genomyny öwrenmek bize käbir keselleriň töwekgelçiligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

20. Daşarky we içerki dürli täsirleriň netijesinde DNK zeper ýetmegi hem mümkindir. Emma gowy tarapy, tebigat zeper ýeten ýerleri dikeltmäge we genetiki koduň bitewiligini saklamaga kömek edýän DNK abatlaýyş mehanizmini üpjün etmegi göz öňüne tutýar.

21. DNK-nyň «abatlaýyş» mehanizminiň bozulmagy bilen, genleriň mutasiýa (zeperlenmegi) we adamlarda düwnük keseliniň döremegine sebäp bolýar.

Peýdalanylan çeşmeler: clt-lab.ru, altapress.ru
32
100
smiling_
18.08.2024 17:39
Saçlaryň ösüşini tizleşdirýän 10 sany önüm.

Sagdyn, ýalpyldawuk saçlar — bu diňe bir arzuw edilýän zat däl-de, erjellik bilen ýetip bolýan maksatdyr! Munda diňe bir oýlanyşykly ideg etmek däl, eýsem dogry saýlanyp alnan iýmitlenmek hem uly kömek eder.

Saçlaryň sagdyn bolmagy üçin zerur bolan witaminler we mikroelementler:

Biotin (B witamini) — saçyň ösmegini çaltlaşdyrmakda hakyky “çempiondyr”.

D witamini — “uklap ýatan” follikullary oýarýar.

E witamini — kelläniň derisiniň saglygyny goramak bilen, okisleýji stresiň güýjüni peseldýän antioksidant hökmünde çykyş edýär.

Demir — saçyň dökülmegine garşy göreşýär we ony güýçlendirýär.

C witamini — demiriň täsirini güýçlendirmek bilen, onuň siňmegine kömek edýär.

Omega-3 — alopesiýa getirip bilýän çişmä garşy göreşýär.

Zink — saç üçin “gurluşyk materialy” bolan belogyň siňdirilmegine kömek edýär.

Saçlaryňyzy biliňize çenli ösdürip örmek üçin size haýsy önümler peýdaly?

Losos. Balykdaky Omega-3 ýag kislotalary saçyň ösmegine itergi berýär we olary has güýçli hem gür edýär. Lososyň düzüminde bar bolan D witamini saç follikulalaryna peýdaly täsir edýär, saçyň esasy “gurluşyk materialy” bolan belok onuň güýjüni we gözelligini üpjün edýär.

Sary bolgar burçunda apelsin bilen deňeşdirilende, C witamini 6 esse köpdür. Sary burçda bu witaminiň iň köp mukdary, onda-da aňsat siňdirilýän görnüşde jemlenendir (341 mg; gyzyl burçda bolsa 63 mg).

Saçyňyzyň ösmegini çaltlaşdyrmak isleýärsiňizmi? Ustrisa bilen bejeriň! Bu lezzetli gabykly mollýuskalar sink maddasyna baýdyr — günde 3 ustrisa iýmek size bu elementiň gündelik zerurlygynyň 500%-ini üpjün eder. “Artykmaçlykdan” gorkmaň: bedenimiz artykmaç sinki laýyklygy bilen dolandyrar. Munuň özi bolsa saçyň tiz ösmegine getirer.

Saçyň çalt ösmegi üçin iň möhüm düzüm bölekleriň biri ýumurtganyň sarysynda köp bolan biotindir. Belogyň biotiniň siňdirilmegine päsgel berýändigini bellemelidiris.

Çigidiň düzüminde garrylygyň we saçyň dökülmeginiň esasy sebäplerinden biri bolan erkin radikallaryň täsirini zyýansyzlandyrýan güýçli antioksidant E witamini bar.

Badat. Bu süýji we sagdyn önüm gözellik hem-de sagdynlyk üçin peýdaly bolan witaminleriň we minerallaryň hakyky ammarydyr. “Süýji kartoşkada” E witamini bolup, ol ereýän süýüme baýdyr, bu bolsa uzak wagtlyk dokluk duýgusyny berip, az kaloriýa iýmäge kömek edýär.

Awokado saçyňyz üçin örän peýdaly miweleriň biri bolup durýar. Bu miwede iki sany gymmatly düzüm bölegi bar: E witamini we bedenimiz tarapyndan sintez edilmeýän esasy ýag kislotalary. Esasy ýag kislotalary saçlary içden iýmitlendirýär, olary has berk, maýyşgak we ýalpyldawuk öwüşginli edýär.

Emma bu awokadonyň peýdasy barada aýdyp boljak hemme zat däldir! Awakado şeýle hem kelläniň derisiniň saglygy we saçyň owadanlygy üçin jogapkär bolan kollagen we elastin — beloklaryň öndürilmegine hem itergi berýär.

Badam düzüminde sinki we seleni saklaýar. Bular saçyň ösmeginde we dökülmegine garşy göreşmekde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän iki sany esasy mikroelementleriň hataryndadyr. Sinkiň we seleniň ýetmezçiligi alopeziýa sebäp bolup biler, şonuň üçin bu elementleri gündelik iýmitiňize yzygiderli goşmak örän möhümdir.

Eger badamyň tagamyny halamaýan bolsaňyz, onda ony keşýu ýa-da brazil hozy ýaly beýleki maňyzlar bilen çalşyp bilersiňiz.

Krewetkalaryň 100 gram mukdary D witaminiň gündelik kadasynyň 38%-ini öz içine alýar. Bu diňe bir saçyň çalt ösmegine kömek etmän, has güýçli, ýalpyldawuk we elastik bolmagyna ýokary derejede täsir edýän zatdyr.

Noýba sinke, demire, biotine we foliý turşusyna — sagdyn saç üçin möhüm bolan witaminlere we minerallara baý önümdir.

Öz gündelik iýmitleniş aýratynlygyňyzy, ýagny rasionyňyzy seljeriň. Ýokar bellenilip geçilen önümleriň haýsylaryny eýýäm yzygiderli iýýärsiňiz we haýsylary size ýetmezçilik edýär?

Peýdalanylan çeşmeler: www.thevoicemag.ru
21
61
smiling_
18.08.2024 13:42
Soňky ýyllaryň iň haýran galdyryjy 5 arheologik açyşy.

Häzirki ýokary tehnologiýalaryň döwründe geçmişiň ähli syrlarynyň üsti bireýýäm açylan ýaly bolup görünýändir. Emma arheologiýa ylmy gadymy siwilizasiýalara şugla saçýan we taryhyň sahypalaryny täzeden ýazýan ajaýyp açyşlar bilen bizi geň galdyrmagyny dowam etdirýär.

Peruwda çagalaryň köpçülikleýin gurban edilmegi.

2018-nji ýylda Peruwyň demirgazyk-günbatarynda iň uly çagalar mazary tapyldy. XV asyryň ortalarynda çimu indeýleri tarapyndan 140-dan gowrak çaga hem-de 200 töweregi lama çagasy bu ýere gurban edilip getirilipdir. Bu däp güýçli suw joşmalaryndan soň taňrylary köşeşdirmek üçin ýerine ýetiriler eken diýlip çaklanylýar. Gadymy paýtagt şäher bolan Çan-Çanyň golaýyndan hem şu däp bilen bagly bolan adaty bolmadyk hanjary tapypdyrlar.

DNK seljermesiniň görkezýän netijesine görä, 5 — 14 ýaş aralygynda bolan bu çagalaryň sagdyn we dürli sebitlerden gelendigi mälim edildi. Ýüzleri gyzyl örtük bilen örtülip, kelleleri pagtadan sargylar bilen daňylypdyr. Arheologlar tapyndylaryň özboluşlylygyny belleýärler: ýagny, çagalar we lamalar ummanyň golaýyndaky pes gaýada belli bir tertipde jaýlanypdyr. Çagalaryň şeýle uly möçberli mazary hiç taryhda gaýtalanmadykdyr.

Gara deňizdäki gadymy gämiler.

2015-nji ýylda Bolgariýanyň kenarynda geçirilen ekspedisiýa wagtynda gözlegçiler tötänleýin ajaýyp tapyndynyň — grek Furni arhipelagynyň çäginden Wizantiýa we Osman imperiýasy döwründe gark bolan gämileriň köplüginiň üstünden bardylar. Bu açyşyň özboluşlylygy Gara deňziň aýratyn şertleri sebäpli gämileriň adatdan daşary howpsuzlygyndadyr. 150 metrden gowrak çuňlukda ýagtylygyň we kislorodyň ýoklugy olaryň ýerleşýän ýerinde agaç materiallaryny gorap saklamak üçin amatly şerti döredýär.

Halkara deňiz arheologlarynyň topary 60-dan gowrak gämini tapdylar. Olaryň arasynda iň gymmatly nusga, takmynan, 2500 ýyl ozal gark bolan grek söwda gämisi hasaplanýar. Gäminiň düzüm bölekleri — gurluşlary, dolandyryjysy, hatda gündelik ulanylan bölekleri hem ellenmän saklanylan ýaly ýagdaýdadyr. Bu açyşdan ozal şeýle gämiler diňe gadymy wazalardaky suratlardan tanalýardy. Bu täsin sungat eserini gorap saklamak üçin alymlar ony deňziň düýbünde goýmak kararyna geldiler.

Müsürdäki «Merhumlar kitaby».

2023-nji ýylyň başynda Joser piramidasynyň golaýyndan gadymy Müsüriň ahyret durmuşy baradaky jadylar ýygyndysy jemlenen «Merhumlar kitaby» tapyldy. Uzynlygy 16 metr bolan bu papirus miladydan öňki 300-nji ýyllara degişli bolup, ol kitabyň mazmunynda 260 gezek agzalyp geçilýän Ýahmose atly asylly we baý adama degişlidir.

Ptolemeýler döwründe döredilen bu ýazgyda ahyret durmuşyna syýahat etmek üçin jikme-jik görkezmeler bar. Ölümden soňky ykbalyň dürli ssenarileri gara we gyzyl syýa bilen suratlandyrylýar, şol sanda aradan çykanlaryň ruhlarynyň kazysy hasap edilýän Osiris bilen duşuşyk hem geçirilýär diýlip bellenilýär.

Suratlarda hudaýlara sowgat hem-de ýerasty dünýäde gezelenç etmek üçin gaýyklardyr günäkärleriň ýüregini eltip berýän Ýahmosa we onuň aýaly, şeýle-de Amat nägehany görkezilýär. Bu papirus gadymy Müsüriň ahyret durmuşy dogrusyndaky pikirleri hakynda özboluşly maglumat çeşmesi bolup durýar.

Heopsyň piramidasyndaky öwrenilmedik geçelge.

2023-nji ýylyň mart aýynda halkara gözlegçiler topary Gizadaky Heops piramidasynda — ozal näbelli tunelde haýran galdyryjy açyş etdiler. Uzynlygy 9 metr we ini 2 metrden gowrak bolan bu geçelge biziň eramyzdan öňki 2560-njy ýylda piramida gurlan wagtyndan bäri adamzat jemgyýetine elýeterli bolmandyr. Ekspedisiýa Müsüriň gadymyýet işleri boýunça ozalky ministri Zahi Hawass ýolbaşçylyk etdi. Ol munuň aňyrsynda has möhüm bir zadyň tapylmagynyň, hatda Heopsyň öz guburynyň hem gizlenen bolup biljekdiginiň mümkindigini belleýär.

Polşadan tapylan täsin diş protezi.

Krakowdaky keramatly Frensis Assizskiý ybadathanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde polýak arheologlary özboluşly tapyndyny — 300 ýyllyk protezi tapdylar. Altyndan, misden we ýüňden öndürilen bu önüm şu hili tapyndylaryň hatarynda ilkinji görnüş hasaplanyp, başga hiç dünýä kolleksiýalarynda ýokdur.

Bu protez dogabitdi agyz boşlugy kemisli adam üçin döredilipdir. Bu kemligi şol döwürde hirurgiki bejergi bolmansoň, bejerip bolmandyr. Enjam näsaga ýuwutmaga, dem almaga we kadaly geplemäge mümkinçilik beripdir.



Peýdalanylan çeşmeler: www.rbc.ru; style.rbc.ru; techno.nv.ua
21
32
smiling_
18.08.2024 11:21
Gyz Ýazgydy.


Akja uzyn boylu saryýagyzdan owadan gyz. Edepli ekramly. Obanyň saýlanýan gyzlaryndan biridir. Akja, seniň agyr ykbalyň seni nirelerden çykardy. Sen obaňyza durmuşa çykdyň. Baran adamyň uruşa gidip gelmedi. Seni gaýynlaryň öýňüze getirip gitdiler. Sen ýalňyz ne çaga, ne ýoldaş bardy. Sen öz agalaryň, gelnejeleriň elinde ýaşadyň. Seň derdiňi çekişmäge ejeňem ýokdy. Sen ol öýüň ody bilen girip küli bilen çykýadyň. Doganlaryň seni şeýle eý görýärdiler.

Günleriň bir güni gelnejeleriň seň kastyňa çykdylar. Ýoldaşlaryny gepden doýurýarlar. “Inhä, biz bu günem ony bir erkek adam bilen kümede gije duşuşyp duranyny gördük’’ diýişýärler. Akjanyň bolsa ol, wakalardan habaram yok. Doganlary gahar-gazaba münýärler. Namys astyna goydy bizi, ýüzümizi gara etdi, ile çykar ýaly etmedi diýip, uruşa gidip gelen daşkyrak garyndaşlaryna ony öldürmegi tabşyrýarlar. Akja olaryň ýüzünü görüp, gahar-gazaplarynyň oýun däldigini bilip özünü aklajagam bolmady. “Kysmatymda näme bolsa görmeli boldum” diýdi.

Uruşa gatnaşyp gelen, elinden ýarag düşmedik Aşyra tabşyrdylar. Aşyr ony atyň yzyna basyp Lebap çöllügine alyp gitdi. Akja içinden enem-atam bolan bolsa meni beýdip bir ýalan gep üçin meni ýakmazdylar. Maňa töhmet atylmazdy. Meň heniz gören zadym ýoga, men intek 17 ýaşymda. Ýoldaşym bilenem 9 gün ýaşaşdym. Ony uruşa alyp gitdiler. Ejejan, meni nähili bagytsyz edip dünýa indiripsiňiz. Sen bolaňda meň depämden guş uçmazdy. Aşyryň Akjany alyp gidip oturşy iki gündi, aý ýaly ýüzleri soldy. Ol ölümünü boýnuna aldy, onuň haly gaty agyrlaşdy, ysgyn-mydardan gaçdy. Ne Aşyrdan ses bardy, ne-de Akjadan. Akja doganlarynyň düşünjesiniň, dünýägaraýyşynyň pesliginden zeýrendi. Hiý bir ýalan töhmet üçin bir ynsanyň ömrü ýakylarmy?

Ömümrjigim ýandyla onda geplemägede, oýlanmaga-da mydar galmady. Aşyr bolsa çölüň içinden şol ýol söküp gidip otyr. Indi meni öldürjek bolsa öldürip bir dynsa diýip samyrdady. Ol özünden kä gitýärkä gelýär. Bir görse Lebabyň uly bir bazaryna gelipdirler. Adamlar ala wagyrdy. Aşyr ony atdan düşürip bir ýerde oturtýar. Bular üç gün bazarda bolýarlar. Aşyr ýan torbasyndan oňa bir aýal köýnegini çykaryp berdi. Egniňdäki atlaz köýnegini bir ýerde çalyşyp gelmegini tabşyrdy. Aşyr ony Nury diýen bir adama satyp gaýtýar. Nurynyň öň aýaly ýogalan ekeni, Aşyr Akja bir zady sargyt etdi. Sen indi Mary topragyna aýak basmaly dälsiň. Men seni atyp gidendirin diýip sargyt etdi.
Aşyr bolsa Akjanyň geýip gelen atlaz köýnegini goýnuň ganyna bulap, ýygnap alyp gitdi.


Gülşirin Illiýewa
27
112
smiling_
17.08.2024 22:15
Mifologiya. Skandinaw mifologiýasy!

Giriş

Hmm, nireden başlasamkam? Skandinaw Mifologiýasy örän giň we çylşyrymly mowzuk, ýöne elimden gelenini gysgaça beýan edip bermäge synanyşaryn. Bu mifologiýa Demirgazyk Ýewropada, esasan hem Wikingler döwründe dörän. Diýmek, bu mifologiýa şol döwürde ýaşaýan adamlaryň dünýäni nähili görendiklerini we nädip düşündirendiklerini beýan edýär.

Hudaýlar we Aýal Hudaýlar

Skandinaw mifologiýasynda köp hudaý bar, ýöne iň meşhurlarynyň arasynda Odin, Thor we Loki bar. Odin baş hudaý bolup, pähim-paýhas we söweş bilen baglanyşdyrylýar. Thor bolsa onuň ogly bolup, adatça ýyldyrym, şemal we tupanlar bilen tanalýar. Köpler Thor-y, elinde Mýolnir atly çekiç bilen suratlandyrylan görnüşde tanaýar. Loki bolsa birneme başgaça... Hem hudaý, hem-de şeýtan ýaly, doly ynanyp bolmajak şahsyýet. Hem hilebaz, hem-de käte ýagşylyk, käte-de ýamanlyk edip bilýär. Hudaýlar Asgard (Jennet?) diýen ýerde, adamlar bolsa Midgard (Ýer ýüzi) diýen ýerde ýaşaýar.

Walhalla

Walhalla, Odin tarapyndan dolandyrylýan, şehit bolan batyrlaryň ruhlary üçin niýetlenen uly bir saray. Söweşde wepat bolan ýigitler, Valkyrie atly aýal hudaýlar tarapyndan Walhalla äkidilýärler. Bu ýer şeýle bir uly we şowhunly ýer, adamlaryň aýdyşy ýaly, Walhalla-da şehit bolan ýigitler günleriniň aglaba bölegini söweşip, galan wagtyny şadyýan baýramçylyklar bilen geçirýärler. Biziň görnüşimizde, Walhalla bu adamlaryň Ragnarok üçin taýýarlanan ýeridir.

Midgard

Midgard, Skandinaw mifologiýasynda adamlaryň ýaşaýan dünýäsidir. Ýeriň, ýyldyzlaryň, deňizleriň we adamlaryň ýaşamagy üçin döredilen ýer. Midgard aslynda “orta ýer” diýmekligi aňladýar. Midgard-yň daşynda, ony daşky ägirtlerden goramak üçin ägirt uly deňiz ýylan Jörmungandr ýaşaýar.

Asgard

Asgard, hudaýlaryň ýaşaýan ýeridir. Odin we beýleki hudaýlar bu ýerde ýaşaýarlar. Asgard, Midgardyň ýokarsynda ýerleşýär we Bifröst atly reňkli ýyldyrym köprüsi bilen Midgard-a birikýär. Asgardyň iň esasy gurluşy bolan Valaskjalf, Odin-iň ýeri bolup, onuň ähli dünýäleri görüp bilýän uly tagty bar.

Ýaradylyş rowaýaty

Her zat Ginnungagap diýilýän uç-gyraksyz boşluk bilen başlaýar. Bu boşlugyň bir tarapy aşa sowuk, beýleki tarapy bolsa aşa yssy. Bir wagt bu iki ujy biri-birine degýär we buz ägirdi Ymir peýda bolýar. (Biraz baş aýlaýar, şeýle dälmi?) Ymir-iň derinden (!) has köp ägirtler döreýär we soňra hudaýlar (Odin we doganlary) peýda bolýar, Ymir-i öldürip onuň bedeninden dünýäni döredýärler. Mysal üçin Ymir-iň süňklerinden daglar, ganyndan deňizler emele gelýär... Aýratyn döredijilikli, ýöne şol bir wagtyň özünde birneme gorkunç rowaýat, şeýle dälmi?

Ragnarok: Kyýamat

Birde meşhur Ragnarok bar. Bilşimiz ýaly kyýamat, ýöne has üýtgeşik. Bir gün ähli hudaýlar, ägirtler we haýwanlar iň soňky söweşde biri-birine garşy durýar. Netije bolsa... o diýen gowy gutarmaýar. Köp hudaý ölüp, dünýä ýanyp, soňra täzeden döräp başlaýar. Bu aslynda täze bir sikliň başlangyjy hökmünde kabul edilýär.

Mifologiýanyň häzirki wagtdaky orny

Häzirki wagtda-da Skandinaw Mifologiýasy edebiýatdan başlap, filmlere, hatda oýunlara çenli köp ugurda täsirli bolmak bilen dowam edýär. Mysal üçin, Thor häsiýeti Marvel filmlerinde hem bar. Elbetde, mifologiýanyň asyl nusgasy häzirki döwürdäki ýerine ýetirilişinden has tapawutly.

Netije:

Hawa, Skandinaw Mifologiýasy hakykatdanam täsirli we çuňňur mowzuk. Biraz çylşyrymly we käte geň ýaly görünýär, ýöne şol bir wagtyň özünde adama köp zatlary öwredýär. Gadymy döwürlerde ýaşaýan adamlaryň dünýä we tebigat hakyndaky ynançlaryny, gorkularyny we umytlaryny görmek hakykatdanam haýran galdyryjy. Bu mifologiýa, bir tarapdan, şol döwürde ýaşan adamlaryň ruhy dünýälerine açylan penjire ýaly. Bu bellikler elbetde diňe başlangyç. Mowzugy has çuňňur öwrenmek isleýänler üçin Poetik Edda we Proza Edda ýaly çeşmeler bar. Ýöne häzirlikçe şular ýeterlik bolar öýdýän.


.....Saif Ad-Din
22
164
smiling_
17.08.2024 19:15
Degmek, ellemek çyn zatmy?!

Degmek, ellemek näme zat? Degip bilýärsmi? Degdik diýemizde, çyndanam bir zada degen bolýasmy?


Aslynda biz hiç zada degmeýäris.

Elim ýüzüme degýär diýip bileris ýöne aslyna seretsek, degmek diýilen zat, beynimiziň atomlaryň bir-birilerini sähel itişine goýan ady.

Elimiň atomlary ýüzümiň atomlarynyň ýanyna golaýlanda aslynda olary itýän bir güýç bar-elektromagnetiki güýç .

Atomlar bir-birileriniň içine girmez; bize gorä bir-birilerine degip duran iki zadyň negative zaryatly elektronlary bir-birilerini iter.

Bu itiş güýjüni duýan wagtymyz beynimiz bize degýändirs öýtdürýär.

Ýagny hiç zat bir-birine degenok, gaýtam itýär . Şu itilişi hem beynimiz "degmek" diyip aňýar.


Perihan Gummadowa
31
199