smiling_
19.08.2024 09:31
DNK-nyň syrlary: sizi haýran galdyrjak 21 fakt.

25-nji aprel — Halkara DNK güni! «Turkmenportal» web saýty bu waka mynasybetli her bir adam üçin beden gözükdirijisi bolup hyzmat edýän molekula baradaky gyzykly maglumatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

1. Ýer ýüzündäki ähli adamlaryň DNK-sy 99% deň gelýär. Gözüň reňkinden başlap, endiklere çenli adamzadyň ähli özboluşly köpdürlüligi genetiki koduň diňe 1%-i bilen kesgitlenilýär.

2. Çaganyň we ene-atanyň DNK-sy 99,5% deňdir.

3. Bu näderejede geň galdyrýanam bolsa, hakykat. Adamlar bilen kelemiň DNK-sy 50%, bananyňky bolsa - 60% meňzeş hasaplanýar. Adamlaryň miwelere meňzedilmeginiň aňyrsynda ylym ýatan bolar çemli!

4. Bedenimiz baradaky ähli maglumatlary öz içine alýan DNK diňe 4 «kerpiçden» — nukleotidlerden: adenin, guan, timin we sitosinden ybaratdyr. Ýönekeýlikden dörän täsin çylşyrymly gurluş!

5. DNK fiziolog Fridrih Mişer tarapyndan 1869-njy ýylda açyldy. Şeýle-de bolsa, bu molekulanyň syryny açmak we nesil yzarlaýyş hakda maglumatlaryň bardygyna düşünmek üçin takmynan 100 ýyl gerek boldy.

6. Bedenimiziň öýjüklerindäki ähli DNK baglanyşyklaryny «açsaň», olaryň uzynlygy Aýa 6000 gezek gidip geleniň bilen deňdir.

7. Kazyýet-lukmançylyk barlagynda adamy kesgitlemek üçin, adatça, 13 sany spesifik DNK markeri barlanýar. Iki dürli adamda 13 markeriň ählisiniň gabat gelmegi örän seýrek hadysadyr. Bu gabat gelmäniň bir milliardda bir gezek bolmagy ähtimal.

8. Hatda birmeňzeş DNK gurluşy bolan ekizleriňem barmak yzlary dürli-dürlüdir.

9. Eritrositler (gyzyl gan öýjükleri) — bedende DNK ýetmezçiligi bolan ýeke-täk öýjükdir.

10. Adam DNK-synyň takmynan 7 — 9%-i bir wagtlar ata-babalarymyza ýokuşan gadymy wiruslaryň böleklerinden durýar.

11. DNK — uzak ömürli molekula. Olaryň ömri 500 ýyldan gowrak bolup, bu alymlara muzeý eksponatlarynda we arheologiki tapyndylarda DNK gözleglerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

12. Ummasyz maglumatlar. Adamyň genomy kiçijik harplar bilen neşir edilen müň sany 500 sahypalyk kitap ýa-da her biri 100 GB-dan bolan 3000 sany sanly enjam ýaly ummasyz maglumatlary özünde jemleýär.

13. DNK adamyň dürli ýerlerinden alnyp bilner: gan, tüýkülik, peşew, deri, dyrnak, saç. Hatda gaty zeper ýetenlerden hem alyp bolýar, mysal üçin, otlanan, nusgalary, sany gaty az bolan ýerlerden. Hususan-da, şeýle derňew adamlary kesgitlemek üçin kriminalistikada ulanylýar.

14. Haýran galaýmaly, adam genomynyň diňe 3%-i işjeň ýagdaýda bolup, ol adamyň organlarynyň hem-de ulgamlarynyň gündelik işlemegini üpjün edýär. Alymlar geniň galan 97%-iniň näme edýändigini bilmeýärler.

15. DNK bedenimizdäki ähli ulgamlaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän sansyz himiki täsirlere gözegçilik edýär. DNK adamyň daşky görnüşini — boýuny, agramyny, saçyny we göz reňkini kesgitleýär. Hatda gan basyşy we soňky maglumatlara görä adamyň ömri hem DNK-a baglydyr.

16. Ene-atalaryň genleriniň tötänleýin utgaşmasy haýsy häsiýet, daşky görnüş aýratynlyklaryny hem-de kesellere bolan çökgünligi çaganyň miras aljakdygyny kesgitleýär.

17. Adamyň DNK-synyň gurluşynyň çylşyrymlylygy örän haýran galdyryjydyr. Ol örän kadaly yzygiderlilikde ýerleşen 3 milliondan gowrak elementden ybaratdyr.

18. Alymlar anyk netijä geldiler — DNK-ny diňe DNK köpeldýär. Ýer ýüzünde tötänleýin hadysalaryň üsti bilen ýaşaýşyň döremegi, ähtimal 1:1 040 000 ähtimallyk bilen bolup biläýjek hadysadyr.

19. Adamyň genomyny öwrenmek bize käbir keselleriň töwekgelçiligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

20. Daşarky we içerki dürli täsirleriň netijesinde DNK zeper ýetmegi hem mümkindir. Emma gowy tarapy, tebigat zeper ýeten ýerleri dikeltmäge we genetiki koduň bitewiligini saklamaga kömek edýän DNK abatlaýyş mehanizmini üpjün etmegi göz öňüne tutýar.

21. DNK-nyň «abatlaýyş» mehanizminiň bozulmagy bilen, genleriň mutasiýa (zeperlenmegi) we adamlarda düwnük keseliniň döremegine sebäp bolýar.

Peýdalanylan çeşmeler: clt-lab.ru, altapress.ru
32
100
ideallider
19 Awgust 2024
Lýusy ýadyma düşüpgitdi👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.