Soňky ýyllaryň iň haýran galdyryjy 5 arheologik açyşy.
Häzirki ýokary tehnologiýalaryň döwründe geçmişiň ähli syrlarynyň üsti bireýýäm açylan ýaly bolup görünýändir. Emma arheologiýa ylmy gadymy siwilizasiýalara şugla saçýan we taryhyň sahypalaryny täzeden ýazýan ajaýyp açyşlar bilen bizi geň galdyrmagyny dowam etdirýär.
Peruwda çagalaryň köpçülikleýin gurban edilmegi.
2018-nji ýylda Peruwyň demirgazyk-günbatarynda iň uly çagalar mazary tapyldy. XV asyryň ortalarynda çimu indeýleri tarapyndan 140-dan gowrak çaga hem-de 200 töweregi lama çagasy bu ýere gurban edilip getirilipdir. Bu däp güýçli suw joşmalaryndan soň taňrylary köşeşdirmek üçin ýerine ýetiriler eken diýlip çaklanylýar. Gadymy paýtagt şäher bolan Çan-Çanyň golaýyndan hem şu däp bilen bagly bolan adaty bolmadyk hanjary tapypdyrlar.
DNK seljermesiniň görkezýän netijesine görä, 5 — 14 ýaş aralygynda bolan bu çagalaryň sagdyn we dürli sebitlerden gelendigi mälim edildi. Ýüzleri gyzyl örtük bilen örtülip, kelleleri pagtadan sargylar bilen daňylypdyr. Arheologlar tapyndylaryň özboluşlylygyny belleýärler: ýagny, çagalar we lamalar ummanyň golaýyndaky pes gaýada belli bir tertipde jaýlanypdyr. Çagalaryň şeýle uly möçberli mazary hiç taryhda gaýtalanmadykdyr.
Gara deňizdäki gadymy gämiler.
2015-nji ýylda Bolgariýanyň kenarynda geçirilen ekspedisiýa wagtynda gözlegçiler tötänleýin ajaýyp tapyndynyň — grek Furni arhipelagynyň çäginden Wizantiýa we Osman imperiýasy döwründe gark bolan gämileriň köplüginiň üstünden bardylar. Bu açyşyň özboluşlylygy Gara deňziň aýratyn şertleri sebäpli gämileriň adatdan daşary howpsuzlygyndadyr. 150 metrden gowrak çuňlukda ýagtylygyň we kislorodyň ýoklugy olaryň ýerleşýän ýerinde agaç materiallaryny gorap saklamak üçin amatly şerti döredýär.
Halkara deňiz arheologlarynyň topary 60-dan gowrak gämini tapdylar. Olaryň arasynda iň gymmatly nusga, takmynan, 2500 ýyl ozal gark bolan grek söwda gämisi hasaplanýar. Gäminiň düzüm bölekleri — gurluşlary, dolandyryjysy, hatda gündelik ulanylan bölekleri hem ellenmän saklanylan ýaly ýagdaýdadyr. Bu açyşdan ozal şeýle gämiler diňe gadymy wazalardaky suratlardan tanalýardy. Bu täsin sungat eserini gorap saklamak üçin alymlar ony deňziň düýbünde goýmak kararyna geldiler.
Müsürdäki «Merhumlar kitaby».
2023-nji ýylyň başynda Joser piramidasynyň golaýyndan gadymy Müsüriň ahyret durmuşy baradaky jadylar ýygyndysy jemlenen «Merhumlar kitaby» tapyldy. Uzynlygy 16 metr bolan bu papirus miladydan öňki 300-nji ýyllara degişli bolup, ol kitabyň mazmunynda 260 gezek agzalyp geçilýän Ýahmose atly asylly we baý adama degişlidir.
Ptolemeýler döwründe döredilen bu ýazgyda ahyret durmuşyna syýahat etmek üçin jikme-jik görkezmeler bar. Ölümden soňky ykbalyň dürli ssenarileri gara we gyzyl syýa bilen suratlandyrylýar, şol sanda aradan çykanlaryň ruhlarynyň kazysy hasap edilýän Osiris bilen duşuşyk hem geçirilýär diýlip bellenilýär.
Suratlarda hudaýlara sowgat hem-de ýerasty dünýäde gezelenç etmek üçin gaýyklardyr günäkärleriň ýüregini eltip berýän Ýahmosa we onuň aýaly, şeýle-de Amat nägehany görkezilýär. Bu papirus gadymy Müsüriň ahyret durmuşy dogrusyndaky pikirleri hakynda özboluşly maglumat çeşmesi bolup durýar.
Heopsyň piramidasyndaky öwrenilmedik geçelge.
2023-nji ýylyň mart aýynda halkara gözlegçiler topary Gizadaky Heops piramidasynda — ozal näbelli tunelde haýran galdyryjy açyş etdiler. Uzynlygy 9 metr we ini 2 metrden gowrak bolan bu geçelge biziň eramyzdan öňki 2560-njy ýylda piramida gurlan wagtyndan bäri adamzat jemgyýetine elýeterli bolmandyr. Ekspedisiýa Müsüriň gadymyýet işleri boýunça ozalky ministri Zahi Hawass ýolbaşçylyk etdi. Ol munuň aňyrsynda has möhüm bir zadyň tapylmagynyň, hatda Heopsyň öz guburynyň hem gizlenen bolup biljekdiginiň mümkindigini belleýär.
Polşadan tapylan täsin diş protezi.
Krakowdaky keramatly Frensis Assizskiý ybadathanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde polýak arheologlary özboluşly tapyndyny — 300 ýyllyk protezi tapdylar. Altyndan, misden we ýüňden öndürilen bu önüm şu hili tapyndylaryň hatarynda ilkinji görnüş hasaplanyp, başga hiç dünýä kolleksiýalarynda ýokdur.
Bu protez dogabitdi agyz boşlugy kemisli adam üçin döredilipdir. Bu kemligi şol döwürde hirurgiki bejergi bolmansoň, bejerip bolmandyr. Enjam näsaga ýuwutmaga, dem almaga we kadaly geplemäge mümkinçilik beripdir.
Peýdalanylan çeşmeler: www.rbc.ru; style.rbc.ru; techno.nv.ua