smiling_
05.09.2024 16:48
«Tagtlaryň oýnundaky» demir tagt söwdalaşyga çykaryldy.


«HBO» teleýaýlymy we «Heritage» söwda öýi «Tagtlaryň oýny» serialynyň surata düşürilişinde ulanylan zatlaryň iki müňden gowragynyň söwdalaşygyny guramakçy. Bu barada «entertainment.ha.com» saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Söwdalaşyga serialdaky egin-eşikler, ýaraglar we gurnawlar çykarylar. Olaryň arasynda demir tagt, Serseýa Lannisteriň we Sansa Starkyň köýnekleri, Arýa Starkyň we Jeýms Lannisteriň gylyçlary, Gyzyl galadaky aždarhalaryň kelleçanaklary we beýlekiler bar.

Söwdalar 10-20-njy oktýabrda onlaýn geçer. Demir tagta 6250 dollar, Jeýminiň emeli eline 5 müň dollar, Bran Starkyň maýyplar arabasyna 4 müň we Tirion Lannisteriň ýakym geňeşçisiniň gülýakasyna 3 müň dollar başlangyç baha kesiler.
16
27
smiling_
05.09.2024 14:04
Alymlar: «Titanik» 2030-njy ýylda doly dargap biler.

Suwuň astynda ýatan rowaýaty «Titanik» gämisi 2030-njy ýylda doly dargap biler, ondan hiç zat galmaz. Golaýda alymlar topary gäminiň ýatan ýerine geçirilen barlaglar netijesinde şeýle netijä geldiler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Suwasty surata alnyş ummanyň düýbündäki gäminiň germeçleriniň tutuşlygyna ýumrulandygyny görkezdi. Muňa gämini iýýän kiçibedenler sebäp bolýar. Netijede, öz agramy bilen birlikde gäminiň böleklerini döwýän stalaktitler döreýär. Hünärmenler gäminiň garaşylyşyndan tiz dargaýandygyny belleýärler.
12
32
smiling_
04.09.2024 22:36
Güýzki gök-önümler saglygy berkidýär.


Güýz aýlary ýylyň iň witaminlere baý aýlary hasaplanýar. Şol sebäpden-de, bu döwürde öz saglygyňyz üçin mümkin boldugyça köp peýda almak gerek. Munuň üçin özüňiziň gündelik iýmitleriňize şu makalada ady agzaljak güýz nygmatlarynyň käbirini goşmak zerurdyr. Olardan iýmek bilen, özüňizi duýşuňyzy düýpli gowlandyrmak bolar. Şeýle hem güýzki gök-önümler adamyň saglygyny berkidýär.

Şugundyryň özi nämä degenok! Onuň düzüminde B topara degişli witaminler köpdür. Witaminleriň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Şugundyr düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Ondan başga-da, şugundyryň düzüminde demir we ýod köp. Mysal üçin, ony gipertoniýa (ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy) keselinde iýmek peýdalydyr. Munuň üçin şugundyryň şerbetini we ary balyny deň möçberde garyp içgi ýasap, ony bulguryň dörtden biri möçberinde günüň dowamynda birnäçe gezek içmek bolar. Şeýle hem, şugundyryň düzüminde betanin ýaly madda bolup, ol düwnük (rak) çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Şugundyryň reňki näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar. Ýöne şugundyryň şerbetini köp mukdarda içmeli däldir. Sebäbi şeýle ýagdaýda böwreklerde agyry peýda bolup biler. Meselem, eger-de, böwreklerde daş bar bolsa, onda şerbet olaryň üýtgemegine getirip biler.

Kelem

Bu gök-önüm minerallaryň hakyky hazynasydyr. Kelemiň düzüminde askorbin kislotasy limondakydan ýa-da mandarindäkiden hem köpdür. Eger-de, adam her gün kelem iýse, onda infarktyň we insultyň (beýnä gan inme) ýüze çykma howpy görnetin peseler. Kelemleriň içinde iň peýdalysy ak kelemdir. Ondan soňra brokkol (ýaşyl ot ýaly) we reňkli kelem durýar. Göwrelilikde toksikozdan gutulmak üçin duza ýatyrylan kelemiň suwuny içmek peýdalydyr. Emma kelemiň zyýanly tarapy hem bar. Bu gök-önümi ýokary kislotalylyk we pankreatit (aşgazanasty mäzleriň keseli) keselleri bolan ýagdaýynda ulanmaly däldir.

Armyt

Bu miwe mikro we makro elementlere, organiki birleşmelere we witaminlere baýdyr. Olar efir ýaglarynyň kömegi bilen adamyň keýpini gowulamaga, dartgynlylygyny aýyrmaga we hat-da depressiýadan (tukatlykdan) çykarmaga ukyplydyrlar. Şeýle hem armyt biziň organizmimize energiýa berýär. Şol sebäpden-de, hünärmenler keýpsizlik wagtynda süýji önümleri däl-de, armyt iýmegi maslahat berýärler. Bu miwe temperaturaňyz peselen wagty hem peýda edýär. Munuň üçin bişen armytdan gaýnatma taýýarlamaly. Şeýlelikde, siziň organizmiňiz goşmaça witaminleri alar.

Hoz

Hoz ýaglaryň we beloklaryň hakyky hazynasydyr. Hozlaryň islendik görnüşi adamyň organizmine oňyn täsir edýär. Mysal üçin, kelle beýnisiniň doly işlemegi üçin zerur kislotalar gerek. Olar bolsa kedr hozunda we adaty hozda köpdür. Olara dürli işdäaçarlary we süýjülikleri garyp, özüňiziň gündelik iýmitiňiziň arasyna goşup bilersiňiz.

Kädi

Kädi örän gymmatly iýmit önümidir. Özüniň az kaloriýalylygy we gowy siňýänligi üçin, ol köplenç çagalaryň iýmitine goşulyp bilner. Kädi kaliýa, pektinlere, karotinlere we witaminlere baýdyr. Şol sebäpden-de, ondan esasy naharlary we beýlekileri taýýarlamak bolar. Kädiniň düzüminde A witaminiň barlygy sebäpli, ol ýaralaryň, ýanyklaryň we aşgazanyň baş keselleriniň bejerilişinde hem peýdalydyr. Munuň üçin günüň dowamynda 2 gezek: irden we agşam bedeniň zeper ýeten bölegine gyrgyçdan geçirilen kädini goýmaly.

Nar

Nar juwanlygy saklamaga we işdäňi açmaga kömek edýär. Bu bolsa iýmitiň gowy siňmegine getirýär. Ol ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam edýär we gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar. Şeýle hem organizmiň öýjüklerine mümkin boldugyça köp wagtlap öz durkunda saklanmaga kömek edýär.

TurkmenPortal.com
10
144
smiling_
04.09.2024 14:54
Altyn güýz hakynda gyzykly maglumatlar.

Bize mälim bolan tyllaýy güýz pasly Ýer ýüzüniň ähli ýerinde ýok. Mysal üçin, Ekwatorda hiç wagt güýz bolanok.

•Russiýada we Ýer ýüzüniň demirgazyk şarynda güýz pasly sentýabr aýynda başlaýar we noýabrda tamamlanýar. Tersine Günorta ýarym şarda mart aýynda başlanyp, maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.


•XVIII asyra çenli Russiýada güýz pasly düýbünden başgaça hasaba alyndy, ýagny ol 23-nji sentýabrda başlanyp, 23-nji dekabrda tamamlanypdyr.


•Ýewropanyň ýurtlarynyň hemmesinde güýz aýlary sentýabr- noýabr aralygy hasaplanýar. Irlandiýada bolsa köp adamlar köne däbe eýerýär we güýz awgust aýynda başlanýar diýlip hasaplanýar.


•Amerikaly alymlar geçiren synagynyň çäginde gyzykly statistika ýygnamagy başardylar. Netijede güýzde doglan adamlaryň ortaça beýleki aýlarda doglanlardan uzak ýaşaýandyklary öňe sürüldi.


•Güýz depressiýasy düşünjesi ählimize tanyş bolsa gerek. Geçirilen gözleglere görä, ortaça her 100 adamdan 5-si güýz reňkinden ejir çekýär.


•Meteorologiki sebäplere görä, atmosfera basyşynyň peselmegi ýylyň beýleki döwürlerine garanda güýzde has aýdyň ýüze çykýar, oňa esasan hem uly ýaşly adamlar duýgur bolýarlar.


•Ýüze çykýan heläkçilikleriň köpüsi güýzde bolýar, ýagny bu ýagdaý ýagynyň güýçli ýagmagy, düşen ýapraklaryň köp ýygnanmagy we şemalyň täsirinde öwüsmegi bilen baglanyşykly. Şeýle ýagdaýlar pyýadalar, ýolagçylar üçin kynçylyklary döredýär.


“Güýz” sözi dürli dillerde “hasyl” diýmekligi aňladýar.
Ýapraklar diňe güýzde däl-de başga möwsümlerde hem düşýär, ekwatorial we tropiki zolaklardaky ösümlikleriň köpüsi ýapragyny dökýärler.
Sentýabr-noýabr aýlarynda doglan bäbejikleriň beýleki möwsümlerde doglanlara garanda 100 ýaşa çenli ýaşamak ähtimallygy ýokarydyr.
Alymlar global ýylylygyň güýz reňkine täsir edip biljekdigini öňe sürýärler.Ýer şary gyzdygyça ýapraklar reňkiniň üýtgemegini yza süýşürip başlaýar. Mundan başga-da ýapraklar düzümindäki glýukozany gyzyl pigmentiň emele gelmegi üçin däl-de, täze şahalaryň ösmegi üçin harçlaýarlar.


Oguljeren Hudaýnazarowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
13
23
smiling_
03.09.2024 14:48
Isribe uçran bolçulyk.

Ýaradyldyk... Emele geldik... Bar bolduk... Haýsyny saýlasaň hem netijesi birmeňzeş, biz eýýäm bar. Iň esasy mejburlygymyz bolsa, hem jemgyýet hökmünde hemem şahs hökmünde barlygymyzyň üznüksiz dowamaty üçin dyrjaşmaga dowam etmek. Emma bar bolmagyň kynçylygy ýok bolmaga meýili aňsatlaşdyrýar. Ýok bolmaga meýil bizden çykýar, ýagny bir zatlaryň sebäbi netijesinde emele gelýär. Bar bolmaga dowam etmegiň höwesi ýa-da mejburlygy hem biziň ruhy durnuklylygymyz esasynda ýüze çykýar. Hawa, onsoň iň esasysy, bar zadyň başlangyjy bolan barlygymyzyň sebäpkäri ýokarky ikisi ýaly ýene özümizmi? Ýa başga birilerimi, ýa Ýaradyjymy? Ýa bir sistemamy? Häzirlikçe meni bärde sebäpler däl-de netijeler gyzyklandyrýar, çünki sebäpler her kimiň öz dünýäsinde ýeke ýa-da birtopar özboluşly ýodalarda birleşip, özüçe kabul edilen.

Islendik barlygyň çendenaşalygyna bolçulyk diýilýär. Eýsem biz, bir indiwid hökmünde "çendenaşa" bar bolup bilerismi? "Çendenaşa" bar bolan adam näme, kim, nähili bolýar?

Hakydamyzda, içimizde elmydama özümiz bilen ýüzleşýäris, mydam özümiz bilen wagt geçirýäris, diýmek iň köp "bar" bolýan wagtymyz özümizi garşymyza alyp, aýbogdaşymyzy gurup, gabatlaşyp oturanymyzda diýip bileris. Şol wagt şol oturyşlyk soňlanynça ediljek her bir kelamyň ähmiýeti her ynsana mesaňa äşgär bolup durandyr. Emma her zatda çen-çak ýagşydyr diýilişi hem ýöne ýere däldir. Bu edil aşa köp iýip gaýtarmaga meňzeýär. Ruhyňy öz barlygyň bilen aşa köp iýmitlendirseň, ol seni gaýtarmasa-da sen ony gaýtarmaly ýagdaýa gelip bilersiň, bu hakykatdan gaça durmak üçin ruhy öz barlygyň bilen iýmitlendireniňde berhiziňi dogry şekilde sazlamak wajypdyr. Adam öz barlygyny has köp duýup başladygyça barlygyň kynçylygyna duçar bolup başlaýar, barlygyň kynçylygy bolsa nämä bolan meýile aňsatlyk bilen eltýänini başda agzap geçipdim.

Özbaşyna gümra, işi bilen başyna gaý bolup ýören adam isribiň nämedigini gowy bilýär, sebäbi ol öz derdi bilen aşa meşgul bolany üçin barlyklaryň iň çäklisi we gymmatlysy bolan wagtyň gadyryna düşünýär. Hut şol sebäpden-de öz barlygyny isrip etmeklik ýaly kelesaňlyga hijem golaýlaşmaýar, galyberse-de adamyň barlygynyň wagtdan soňraky iň gymmat ikinji barlykdygyna aýdyň akyl ýetirýär.

Islendik barlygyň bolçulygy, –şol barlyk näçe gymmatly hem bolsa– belli bir nokatdan soňra isribe öwrüler, muňa wagtam degişli, öz barlygymyzam, başga ähli gymmatlyklaram. Köplük bilen aza sezewar bolmagyň deregine, azlyk bilenem kem galmagyň deregine, ýeterligi sazlap durnukly ýaşamaga ýapyşmaly, ýogsam isribe uçran bolçulyk barlygy ýokluga öwürer.



Awtor: Höwesjan Hançarow
12
69
smiling_
02.09.2024 22:12
Geçmiş, häzirki we geljek nesiller.

Häzirki wagtda adamlary doglan wagtlaryna, ýaşlygynyň geçen döwrüne, şol wagtky ýaşaýşyna baglylykda nesillere bölmek kabul edilen. Olaryň käbirlerniň atlary hem şol döwürüň wakalary bilen baglanşyklydyr. Ol nesiller aşakdakylardyr:

Sessiz nesil (silent generation)- bu nesil adatça 1925-1945-nji ýyllar aralygynda doglan adamlar bolup, şol döwürde köp ýurtlarda urşlaryň bolmagy olaryň sanynyň az bolmagyna getiripdir. Olara sessiz nesil diýilmeginiň bir sebäbi şol ýyllarda doglan adamlaryň az gürleýänligi ýaly çaklamlaryň bolmagydyr.


Çaga partlamasy (baby boomers)- bu nesil 1946-1964-nji ýyllarda doglan adamlardyr. Olaryň ady II Jahan urşunyň tamamlanmagyndan soň çagalaryň dogluşynyň köpelmegi netijesinde ,,Demografiki partlaýyş” bolmagyndan gelip çykýar.

X nesil- 1965-1980-nji ýyllarda doglan adamlar bu nesile degişli edilýär. Bu nesil köne nesillere garaňda has başarnykly hasap edilýär.

Y nesil- bu nesil 1980-1995-nji ýyllarda doglan adamlary öz içine alýar. Bu ýyllarda doglan adamlaryň ýaşlygy internet we sosial torlaryň ýaýbaňlaşýan wagtyna gabat gelýär. Olaryň ýarty böleginiň internet tehnologiýalaryndan başy çykýar.

Z nesil- Bu nesil şu wagtky ýaş nesillerdir, Olar 1996-2010-njy ýyllarda doglanlardyr. Häzirki wagtdaky ýaşlar bu nesle degişlidir.

Alfa nesil- 2010-2025-nji ýyllaryň içinde doglan we doguljak çagalar Alfa neslidir. Bu nesil barada başga makalada durup geçeris.

Beta nesil- 2025-nji ýyldan soň doguljak çagalar Beta neslidir. Adynyň gelip çykyşy ondan köne nesil bolan Alfa nesliniň Latyn elipbiýinde dowamy bolmagyndan. Bu nesil häzir dogulmadyk çagalar bolanlygy üçin olar hakda maglumat aňyrda dursun teoriýa hem ýok.


Çeşme: makalam
21
118
smiling_
01.09.2024 19:31
Çagalary kitaba gyzyklandyrmagyň synagdan geçen 3 usuly.

Çaga we kitap.

Kitap, hakykatdanam, çaga üçin iň gowy sowgat, ýöne çagalaryň hemmesi okamagy halamaýarlar. Şu günki makalamyzda birnäçe täsirli usullary ulanyp, çagany kitap okamaga höweslendirmegiň syrlaryny paýlaşarys.

Kitaby sesli okaň!

Çagaňyza kitaby näçe ir okap berseňiz, şonça gowy. Täze doglan çaga siziň aýdýanlaryňyza düşünmese-de, sesiň ritmini we aňlatmanyň manysyny öwrenip biler. Geljekde onuň söz baýlygy ata-eneleri sesli kitap okap bermedik çagalaryňkydan has baý bolar, sebäbi çaga dürli sözleriň has köp görnüşini eşidýär. Okamak başgalara has gowy düşünmegi öwredýär.

Çaga kitap okap berseňiz, bu meselä çynlakaý serediň. Teksti şol bir görnüşde aýtmagyň ýerine dürli intonasiýalary ulanyň. Kitapda suratlar bar bolsa, oň bilen bagly wakalar hakda okasaňyz, suratlaryny çaga görkeziň. Ulurak çagalara okap beren kitaplaryňyz hakda sorabam bilersiňiz. Bu size okamak prosesine gatnaşmaga, ýady we hyýaly işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, çagadan haýsy gahrymany halaýandygyny soraň.

Çaganyň gyzyklanmalaryna serediň!

Kitap saýlanyňyzda, çaganyň gyzyklanmalaryndan başlaň: şonda edebiýatyň çagany gyzyklandyrýan zatlary öwrenmegiň esasy serişdesidigine düşünersiňiz. Çagaňyzyň isleýän kitaplaryny satyn alyň, bu okamaga bolan gyzyklanmany artdyrar. Kitaplary satyn alyp bilmeýän bolsaňyz, bilelikde kitaphana gidiň.

Kitap saýlamagy çagaňyzyň özüne goýuň! Eger ol Dostoýewskiýniň romanlaryna däl-de, diňe gülkünç kitaplara ýa-da Garri Potteriň hekaýalaryna gyzyklansa, howatyrlanmaň! Esasy zat, onuň okamagy. Beýleki eserlere ýuwaşlyk bilen teklip edip bilersiňiz, ýöne çagany hiç wagt özüniň taýyn däl eserini okamaga mejbur edip bilmersiňiz.

Çagaňyzyň boş wagtlaryny nädip geçirýändigine üns beriň!

Häzirki zaman adamlary her gün, ortaça, 74 GB maglumat alýarlar. Alymlaryň bellemegine görä, 500 ýyl ozal hem adamlar bütin ömründe hut şu mukdarda maglumat alypdyrlar.

Smartfonlary we internedi işjeň ulanýan çagalar hem köp mukdardaky maglumatlara duş gelýärler. Häzirki wagtda kitaplar dürli multfilmler, TikTok wideolary we ykjam oýunlar bilen bäsleşýär. Şonuň üçin güýmenje enjamlarynyň ulanylyşyny çäklendirmäge synanyşyň.

2 ýaşdan 5 ýaş aralygyndaky çagalar adaty günlerde günde bir sagada, dynç günleri bolsa üç sagada çenli ekranyň öňünde oturyp bilerler.

Okamaga interaktiw çemeleşiň. Mysal üçin, güýzde çagaňyza bu möwsüme laýyk kitaplary hödürläň. Kitapdaky gahrymanlaryň suratlaryny boýamak üçin depderleri (raskraska) alyp beriň, çaganyň halaýan eserlerine esaslanýan oýunlary oýlap tapyň. Sözümiziň ahyrynda, çagalara edebiýatyň gyzykly bolup biljekdigini iş ýüzünde görkezmek bolýar.

«TürkmenGazet».
19
49
smiling_
01.09.2024 10:36
Dünýä zibilleri nirä gidýär?

Ýygnalan zibil-zyňyndylar zibil senagat kärhanalaryna ýa-da zibil meýdançalara (poligonlara) äkidilýär.Senagat guramalary kagyz, aýna, karton we plastmassa ýaly gaýtadan ulanylýan galyndylary alýarlar.Zibil meýdançalaryna gidýänler hojalyk galyndylary, lukmançylyk galyndylary, howply galyndylar we ş.m. bölümlere bölünip, guramaçylykly gizlenilýär (свалка; landfill) ýa-da ýok edilýär.Guramaçylykly ammar etme (düzenli depolama) -- hapalary jaýlamak işlewine (prosesine) aýdylýar.Çuň çukurlar gazylýar we zibiller bu çukurlara dökülýär hem-de topraga syzmazlygy üçin izolýasiýa edilen material bilen örtülýär. Düýbünden ýok ediljek zibiller bolsa ýakylýar.Ýakylyp boljak zibiller tutaşdyrylýar we üstüne gaýta-gaýta zibiller guýlup ýakylýar.Zyýanly, howply galyndylary bolsa betondan ýasalan gurluşa (struktura) ýerleşdirip, deňziň düýbüne zyňylýar. Häzirki wagtda ösen ýurtlaryň köpüsi zibillerden energiýa öndürýär.Piroliz usuly bu amal üçin ulanylýar.Piroliz - hapalary howasyz gurşawda gysmak we ony kömre, suwuk ýangyja ýa-da gaza öwürmekdir. Şwesiýa bu işi şeýle bir gowy ýerine ýetirýär welin, ýurtda zibil ýoklugy sebäpli beýleki ýurtlardan zibil eksport edýär.Ýurdumyzda zibilden energiýa öndürmek, gynansak-da ileri tutulýan usul däl.Bu ugurda edilmeli işler: zerur infrastrukturany* döretmek, maýa goýumlaryny köpeltmek we ekolog-inženeriniň ynsanlary bu iş bilen üpjün etmegi. İnfrastruktura - (jemgyýet bilimi adalgasy) Ykdysady esasda ulanylýan umumy düşünje, önümçilige gönükdirilen zähmeti we bilimleri, önümçilikde ulanylýan gurallary, önümçilik usullaryny we önümçilik gatnaşyklaryny öz içine alýar. Her ýyl dünýäde 800 müň Olimpiýa basseýnini doldurjak derejede, 2 milliard tonnadan gowrak zibil öndürilýär.ABŞ-da adam başyna düşýän gaty galyndylaryň mukdary, şol sanda plastmassa we azyk önümleri, global ortaçalygynyň üç essesi.
ABŞ zibili gaýtadan işlemekde pes statistika eýe.Ýurtdaky zibilleriň diňe 35%-i gaýtadan ulanylýar.Germaniýa 68% bilen zibili iň köp gaýtadan işleýän ýurt.Bir amerikaly efiopiýalydan 7 esse köp zibil öndürýär.
Bu maglumatlar bütindünýä töwekgelçilik derňewini (Global risk analyses) geçirýän ,,Verisk Maplecroft" atly bir kompaniýa degişlidir.
Indeks boýunça her ýyl dünýäde 2,1 milliard tonna zibil öndürilýär we diňe 16%-i gaýtadan ulanylýar.Zibiliň 46%-i gaýtadan ulanyp bolmajak görnüşde zyňylýar.Hytaý bilen Hindistanyň umumy ilaty dünýä ilatynyň 36%-ini tutýar.Iki ýurduň öndürýän hapalarynyň umumy mukdary 27%. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bir adam her ýyl ortaça 773 kilogram zibil öndürýär.
Şoňa görä-de, bir amerikan tarapyndan öndürilen zibil mukdary hytaýlydan 3 esse, efiopiýalydan 7 esse köp.Dünýädäki hapalaryň 12%-ine diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlary jogapkärdir. Dünýäde gaýtadan işlemek kuwwatyndan has köp zibil öndürýän ýeke-täk baý ýurt ABŞ.Kompaniýa muny ABŞ-daky syýasy erk (eden etdilik) we infrastruktura bilen baglanyşdyrýar.'Aziýa ýurtlary indi dünýäniň zibilhanasy bolmak islemeýärler'
"Verisk Maplecroft" -yň daşky gurşaw boýunça gözleg bölüminiň başlygy Will Nikols: "Gözlegleriň hemmesi ABŞ-nyň zibili gaýtadan işlemäge ünsi jemlemeýändigini görkezýär.Indi Hytaý zibil importyny ýatyranlygy sebäpli aşa köp zibil ýakylýar we meseläni çözmäge maýa goýum edilenok".
Hytaýyň, Taýlandyň, Wýetnamyň we Malaýziýanyň hapa importyny gadagan etmek (bes etmek) baradaky kararlary global dinamikany üýtgedýär.
Zibil meselesi Filippinler bilen Kanadanyň arasynda dartgynlyga sebäp boldy. Filippinler gämi bilen 69 konteýner zibili Kanada'nyň özüne,yzyna iberdi.

Will Nikols: "Aziýa ýurtlary mundan beýläk dünýäniň zibilhanasy bolmak islemeýändiklerini aýdýarlar" diýdi.

Çeşme: https://www.bbc.com/turkce/haberler-dunya-48851661
26
237
smiling_
31.08.2024 16:45
Saña duşup!

Saña duşup, dünýä bilen alyşdym,
Saña duşup, gorkýan boldum ölümden.
Gijeleri gündiz bilen çalyşdym,
Şondan başga zat gelmedi elimden.

Sag gulakdan girdi serime adyñ,
Çep gulakdan çykyp gitdi huş, onsoñ.
Ýitdi ýörär ýolum.
Gowam bolaýdy!
Çünki uçýan boldum saña duşamsoñ.

Bilmen, ozal niçik ýetdi takadym?
Gelen çagyñ many tapdy demlerim.
Goşarymda pytrap gitdi sagadym,
Dessemi ýok indi dähedemlerim.

Geldiñ - süññüm öñkiligine ýetirdiñ,
Çep guragym halas boldy yzadan.
Saña duşup, öñkiligimi ýitirdim,
Şükür, indi boldum düz adam.

Saña duşup, boldum baky diri men,
Näçe menzil bolsa ýetiler indem!
Ýöne welin gorkýan, kimdir biriniñ
Öñki meni tapyp getirerinden.


Awtor: Mukam Muhamow
17
77
smiling_
31.08.2024 12:21
ADAM ÝÜREGI BARADAKY GYZYKLY MAGLUMATLAR.

Adamyň ýüregi bir sagatda ortaça 4200, bir gije- gündizde 100800, bir ýylda 36 mln 792 müň, 64 ýyla barabar ortaça ömrüniň dowamynda 2,4 mlrd gezek urýar.
Bir sagatda adam ýüregi 4200 gezek urýar we 300 litr gany üstünden geçirýär.
Şeýle-de ýürek bäş sekuntda 5 litr gany öz üstünden geçirýär.
Ýürek hemişe diýen ýaly bedendäki ganyň 5% golaý ätiýaçlygyny özünde saklanýar.
Uly ýaşdaky adamyň ýüregi 10-15 sm den gowrak ululykda bolýar.
Aýallaryň ýüregi ortaça 250-300 gr, erkekleriň ýüregi 300-350 gr agyrlykda bolýar.
Ýürek her gezek ýygrylanda, 60 ml golaý gany işläp bilýär.Her sekuntda bu mukdar 420 ml, bir sagatda 600 l, bir ýylda bolsa 200 müň litre deň bolýar.
Ýürek urşy her gezek klapanlary ýapylanda ýüze çykýar.
Adam strese düşende depressiýa halatynda bolanda ýürek her minutda 200-250 gezek urýandyr.
Ýürek öz elektro impulslaryna eýedir. Şu sebäpli ol bedenden aýralykda-da birnäçe wagtlap urup bilýär.
Ýürek 80 trilliona ýakyn dokumalary gan bilen üpjün edýär. Eger organizmde artykmaç ýag emele gelse, bu wezipesini ýerine ýetirmegi kynlaşyp başlaýar. Şeýlelikde gan ýag dokumalary arkaly aýlanmaly bolýar. Bu bolsa dürli howlpy kesellere sebäp bolup bilýär.
Adamyň ýüreginde dört sany kamera bardyr.
Ýüregiň adam organizminde paýlaýjy wezipesini ýerine ýetirýändigini ilkinji bolup Gadymy gresiýaly lukman Erazistrat Hiosskiý aýdypdyr. 🫀


Taýýarlan Ilmyrat BAÝRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
16
208