smiling_
04.09.2024 22:36
Güýzki gök-önümler saglygy berkidýär.


Güýz aýlary ýylyň iň witaminlere baý aýlary hasaplanýar. Şol sebäpden-de, bu döwürde öz saglygyňyz üçin mümkin boldugyça köp peýda almak gerek. Munuň üçin özüňiziň gündelik iýmitleriňize şu makalada ady agzaljak güýz nygmatlarynyň käbirini goşmak zerurdyr. Olardan iýmek bilen, özüňizi duýşuňyzy düýpli gowlandyrmak bolar. Şeýle hem güýzki gök-önümler adamyň saglygyny berkidýär.

Şugundyryň özi nämä degenok! Onuň düzüminde B topara degişli witaminler köpdür. Witaminleriň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Şugundyr düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Ondan başga-da, şugundyryň düzüminde demir we ýod köp. Mysal üçin, ony gipertoniýa (ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy) keselinde iýmek peýdalydyr. Munuň üçin şugundyryň şerbetini we ary balyny deň möçberde garyp içgi ýasap, ony bulguryň dörtden biri möçberinde günüň dowamynda birnäçe gezek içmek bolar. Şeýle hem, şugundyryň düzüminde betanin ýaly madda bolup, ol düwnük (rak) çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Şugundyryň reňki näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar. Ýöne şugundyryň şerbetini köp mukdarda içmeli däldir. Sebäbi şeýle ýagdaýda böwreklerde agyry peýda bolup biler. Meselem, eger-de, böwreklerde daş bar bolsa, onda şerbet olaryň üýtgemegine getirip biler.

Kelem

Bu gök-önüm minerallaryň hakyky hazynasydyr. Kelemiň düzüminde askorbin kislotasy limondakydan ýa-da mandarindäkiden hem köpdür. Eger-de, adam her gün kelem iýse, onda infarktyň we insultyň (beýnä gan inme) ýüze çykma howpy görnetin peseler. Kelemleriň içinde iň peýdalysy ak kelemdir. Ondan soňra brokkol (ýaşyl ot ýaly) we reňkli kelem durýar. Göwrelilikde toksikozdan gutulmak üçin duza ýatyrylan kelemiň suwuny içmek peýdalydyr. Emma kelemiň zyýanly tarapy hem bar. Bu gök-önümi ýokary kislotalylyk we pankreatit (aşgazanasty mäzleriň keseli) keselleri bolan ýagdaýynda ulanmaly däldir.

Armyt

Bu miwe mikro we makro elementlere, organiki birleşmelere we witaminlere baýdyr. Olar efir ýaglarynyň kömegi bilen adamyň keýpini gowulamaga, dartgynlylygyny aýyrmaga we hat-da depressiýadan (tukatlykdan) çykarmaga ukyplydyrlar. Şeýle hem armyt biziň organizmimize energiýa berýär. Şol sebäpden-de, hünärmenler keýpsizlik wagtynda süýji önümleri däl-de, armyt iýmegi maslahat berýärler. Bu miwe temperaturaňyz peselen wagty hem peýda edýär. Munuň üçin bişen armytdan gaýnatma taýýarlamaly. Şeýlelikde, siziň organizmiňiz goşmaça witaminleri alar.

Hoz

Hoz ýaglaryň we beloklaryň hakyky hazynasydyr. Hozlaryň islendik görnüşi adamyň organizmine oňyn täsir edýär. Mysal üçin, kelle beýnisiniň doly işlemegi üçin zerur kislotalar gerek. Olar bolsa kedr hozunda we adaty hozda köpdür. Olara dürli işdäaçarlary we süýjülikleri garyp, özüňiziň gündelik iýmitiňiziň arasyna goşup bilersiňiz.

Kädi

Kädi örän gymmatly iýmit önümidir. Özüniň az kaloriýalylygy we gowy siňýänligi üçin, ol köplenç çagalaryň iýmitine goşulyp bilner. Kädi kaliýa, pektinlere, karotinlere we witaminlere baýdyr. Şol sebäpden-de, ondan esasy naharlary we beýlekileri taýýarlamak bolar. Kädiniň düzüminde A witaminiň barlygy sebäpli, ol ýaralaryň, ýanyklaryň we aşgazanyň baş keselleriniň bejerilişinde hem peýdalydyr. Munuň üçin günüň dowamynda 2 gezek: irden we agşam bedeniň zeper ýeten bölegine gyrgyçdan geçirilen kädini goýmaly.

Nar

Nar juwanlygy saklamaga we işdäňi açmaga kömek edýär. Bu bolsa iýmitiň gowy siňmegine getirýär. Ol ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam edýär we gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar. Şeýle hem organizmiň öýjüklerine mümkin boldugyça köp wagtlap öz durkunda saklanmaga kömek edýär.

TurkmenPortal.com
10
144
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.