smiling_
31.08.2024 16:45
Saña duşup!

Saña duşup, dünýä bilen alyşdym,
Saña duşup, gorkýan boldum ölümden.
Gijeleri gündiz bilen çalyşdym,
Şondan başga zat gelmedi elimden.

Sag gulakdan girdi serime adyñ,
Çep gulakdan çykyp gitdi huş, onsoñ.
Ýitdi ýörär ýolum.
Gowam bolaýdy!
Çünki uçýan boldum saña duşamsoñ.

Bilmen, ozal niçik ýetdi takadym?
Gelen çagyñ many tapdy demlerim.
Goşarymda pytrap gitdi sagadym,
Dessemi ýok indi dähedemlerim.

Geldiñ - süññüm öñkiligine ýetirdiñ,
Çep guragym halas boldy yzadan.
Saña duşup, öñkiligimi ýitirdim,
Şükür, indi boldum düz adam.

Saña duşup, boldum baky diri men,
Näçe menzil bolsa ýetiler indem!
Ýöne welin gorkýan, kimdir biriniñ
Öñki meni tapyp getirerinden.


Awtor: Mukam Muhamow
16
75
sadajaaa_
31 Awgust 2024
@zumerret_, hovva gursagym bolmaly* (guragym) yalnys/
sadajaaa_
31 Awgust 2024
Menm paylasypdym govy gosgy👍
zumerret_
31 Awgust 2024
Çep gursagymdan*
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.