smiling_
31.08.2024 12:21
ADAM ÝÜREGI BARADAKY GYZYKLY MAGLUMATLAR.

Adamyň ýüregi bir sagatda ortaça 4200, bir gije- gündizde 100800, bir ýylda 36 mln 792 müň, 64 ýyla barabar ortaça ömrüniň dowamynda 2,4 mlrd gezek urýar.
Bir sagatda adam ýüregi 4200 gezek urýar we 300 litr gany üstünden geçirýär.
Şeýle-de ýürek bäş sekuntda 5 litr gany öz üstünden geçirýär.
Ýürek hemişe diýen ýaly bedendäki ganyň 5% golaý ätiýaçlygyny özünde saklanýar.
Uly ýaşdaky adamyň ýüregi 10-15 sm den gowrak ululykda bolýar.
Aýallaryň ýüregi ortaça 250-300 gr, erkekleriň ýüregi 300-350 gr agyrlykda bolýar.
Ýürek her gezek ýygrylanda, 60 ml golaý gany işläp bilýär.Her sekuntda bu mukdar 420 ml, bir sagatda 600 l, bir ýylda bolsa 200 müň litre deň bolýar.
Ýürek urşy her gezek klapanlary ýapylanda ýüze çykýar.
Adam strese düşende depressiýa halatynda bolanda ýürek her minutda 200-250 gezek urýandyr.
Ýürek öz elektro impulslaryna eýedir. Şu sebäpli ol bedenden aýralykda-da birnäçe wagtlap urup bilýär.
Ýürek 80 trilliona ýakyn dokumalary gan bilen üpjün edýär. Eger organizmde artykmaç ýag emele gelse, bu wezipesini ýerine ýetirmegi kynlaşyp başlaýar. Şeýlelikde gan ýag dokumalary arkaly aýlanmaly bolýar. Bu bolsa dürli howlpy kesellere sebäp bolup bilýär.
Adamyň ýüreginde dört sany kamera bardyr.
Ýüregiň adam organizminde paýlaýjy wezipesini ýerine ýetirýändigini ilkinji bolup Gadymy gresiýaly lukman Erazistrat Hiosskiý aýdypdyr. 🫀


Taýýarlan Ilmyrat BAÝRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
15
207
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@smiling_, pka😐
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@smiling_, yiter yaly etmedina
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@smiling_, 🙃🙃🙃
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@smiling_, bu yerde aydyp bolona
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@smiling_, aydaynmy name ucindigini
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@smiling_, dañdan okadyma yazanyñy
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@smiling_, şeýledirle. axa senkem rahat bolsun
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@smiling_, iliñ düşünjesi meni gyzyklandyranok
zumer_chas
31 Awgust 2024
sadajaaa_
31 Awgust 2024
@zumer_chas, seni yatdan cykaryp bom broş🌝
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.