shemshat
04.09.2023 14:24

Ýaprak bagdan gaçmasa,

Güýzüň görki näm bolsun?!

Otlaň reňki öçmese,

Güýzüň görki näm bolsun?!


Gün tukat nur seçmese,

Ýere duman düşmese,

Gazlar aglap geçmese,

Güýzüň görki näm bolsun?!


Köne oýlar dömmese.

Toprak agras dymmasa,

Bu aýralyk bolmasa,

Güýzüň görki näm bolsun?!


Awtory: Gurbannazar Ezizow

16
37
shemshat
02.09.2023 08:49

Şeýle bir çuň güýz gününiň peýzažy,

Bu görnüşi diňe dana okýandyr.

Küteldipdir günüň tylla tyglaryn

Üçünji ongünlüginde oktýabr.


Baryp gözýetimiň sütünne çenli,

Sähra sary donun bürenip ýatyr.

Baglar ýere gaçýan ýapraklarynyň

Yzyndan ses-üýnsüz seredip otyr.


Penjireden düşýän solgun yşyga

Yhlas bilen elleriňi çoýýarsyň.

Bu gün köňüldäki şatlyk-gussany

Sen öňküden has çuňurak duýýarsyň.


Sag bol, güýzüm, näzik duýgulaň üçin,

Açdyň ýürekdäki syrlary bize.

Ýazdyň köňüllere belent aýdymy

Aglap geçen durnaň perleri bile.


...Tebigat toý tutdy baharda-ýazda,

Meýlisinde näz-nygmatyn eçilip,

Indem sary ýapraklaryn manat deý

Otyr toýuň hasabyndan geçirip...


Awtory: Gurbannazar Ezizow

14
18
shemshat
27.08.2023 01:35

Dost paýlansa, äber diýip gyssanma,

Alaňdan soň gysgaltma hem gysgalma.

Dileg etse, gözleriňem gysganma,

Birin ber-de, biri bilen oňup git.


Awtory: Kerim Gurbannepesow

16
41
shemshat
07.08.2023 13:30

Nämäň alyndanmyş gadyrsyz dostluk!

Dostuňa ýüregiň töründen ýer goý.

Bir bölek zer tapsaň, bir bölegem mis –

Misi özüňe al, dostuňa zer goý.

Emma dosty näçe eziz görseňem,

Jedelleşmäge ýer goý.


Nämäň alyndanmyş jedelsiz dostluk!

Jedel ösdir sizi ýene-de bir boý.

Ýöne sögüşmegin jedel üstünde,

Dost bilen sögüşmek peslikdir, oý, hoý!

Emma weli birden sögüşäýseňem,

Ýaraşmaga ýer goý.


Awtory: Kerim Gurbannepesow

21
50
shemshat
23.07.2023 13:11
Dosta näçe serpaý etseň az ýaly,

Näçe söýseň,

Şonça söýüp ýörmeli.

Ýokdur dostuň gymmady ýa arzany.

Dost dost bolar,

Şoňa janyň bermeli.


Ýöne ol janyňy almaz hiç haçan,

Şoň üçin gar,

Gyşda galanyn bilseň

Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan

Iň soňky otluçöp dänesi bolsaň.

Awtory: Gurbannazar Ezizow
25
54
shemshat
10.07.2023 16:19

"- Ben dün akşam mühim bir karar verdim.

- Neye?

- Yaşamaya.

- Bu ne demek?

- Gayet sade, kendimi öldürmemeye."


Reşat Nuri Güntekin. "Çalıkuşu"

20
96
shemshat
04.07.2023 19:14

Dost

Puldan kösenýän bir adam başlygynyň ýanyna baryp, karzyna pul soraýar. Şonda başlygy oňa şeýle diýýär:


– Gel, ikimiz şeýle şertleşeli! Eger sen bir özüň gaýramyzdaky dagyň depesinde ýekeje gije bolup bilseň, diýen puluňy saňa sowgat hökmünde bereýin. Ýok, eger dagyň depesinde bir gije ýatyp bilmän yzyňa gaýdyp gelseň, onda sen bir ýyllap mugt işlemeli bolarsyň.


Ýaňky işgär başlygyndan oýlanmaga puryja sorap daşary çykýar. Daşarda sowuk şemalyň öwüsýändigini görüp, hasam howpurgaýar-da, gözsüz batyrlyk edýän bolaýmaýyn diýen pikir bilen dostuna jaň edýär. Oňa ýagdaýyny jikme-jik gürrüň berýär. Dosty hem oňa şeýle diýýär:


– Men saňa kömek edeýin. Ertir agşam dagyň depesine çykanyňda, ileriňdäki dagyň gerşine seretgin. Menem şol ýerde bütin gije ot ýakyp oturjak. Sen ody hökman görersiň. Ana onsoň bütin gije ikimiziň dostlugymyz hakda pikir edersiň welin, süňňüňe ýylylyk, kalbyňa giňlik aralaşar. Ýöne başlygyňdan serpaýyňy alanyňdan soň, menem senden bir zat haýyş etmekçi.


Şeýlelikde, ol bütin gijäni dagyň depesinde geçirip, başlygynyň serpaýyna mynasyp bolýar. Soňra eglenmän dostunyň öýüne barýar-da:


– Sen menden näme haýyş etmekçidiň?! – diýip soraýar. Şonda dosty oňa şeýle jogap berýär:


– Men senden ýekeje zady haýyş etmekçidim. Bardy-geldi bir gün meniň hem durmuşymda sowuk şemal öwsäýse, senem şeýdip meniň üçin dostluk oduny ýakyp bilermiň?! Maňa şony söz berseň bolany.  


Sizde-de dostluk oduny yakjak dostlar barmy??

31
273
shemshat
03.07.2023 14:18

Adam

adam adyn alaly bäri

Bir ýumrugy – toýly,

Birisi – ýasly.

…Dosty soňky demde

hyrkyldap ýatyr.

Edil gapdalynda toý tutýar dosty.


Ýöne weli bu dost

Hakyky dostdy –

Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,

Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi…

Emma şaha-şaha,

şatut dek ogul

Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.

Peýda berenokdy hiç hili melhem.

Dostuň dosta eden melhemlerinden

Dirilip bilerdi,

Belki, öli hem.


Emma dirä weli şypa ýetmedi:

Bu dünýäde artyp bäş sany ýetim,

Sapagyndan tänen, bäş alma ýaly

Ýaş enäň etegne

gaçjakdy ertir.


Emma Kesel üçin ýetimmi, ýesir –

Tapawudy ýokdy. Bolsaň-da her kim,

Hökmürowandy ol. Sülçüsiz-zatsyz –

Bir madda boýunça

Kesýärdi

Höküm.


…Bu gezek Höküme howlukmady ol.

Pidasyn bir ýyllap oýnady Kesel.

Düýn oňa bir bulgur awy uzatdy,

Bu günem uzatdy

Bir oýmak hesel.


Diýmeli, yzyna tesipdir Kesel.

Guwandy dost-ýarlar. Begendi il gün.

Enesi gülledi misli bir erik,

Aýaly açyldy misli bir bägül.


Toý hakda maslahat gozgaldy şol gün.

Ol diýdi: «Nämüçin şu wagta çenli

Maňa aýtmadyňyz? Men toý küýseýän.

Ataryň gazany! Getiriň gelni!

Toýuň hyzmatyna ýaraman weli,

Sazyn diňlemäge ýarar bu göwün.

Aý, onsoňam, näme… dostumyň toýy…

Belki bir käsejik

Urarsam şo gün…»


Ertesi daň bilen gitdi atbaşy.

Gelin getirildi. Toý gyzdy öýlän.

Tans edip başlady ýigitler, gyzlar…

Gün bolsa… ýaşypdy,

Ýaşypdy eýýäm.


Ýaşsa ýaşybersin. Gün diýilýän zat

Ýaşmak, dogmak üçin dälmidir başda!

Wah, ol şeýle welin,

bu günki Günüň

Ýaşyşy öňküden

Bolmaly başga.


Şol gün bilen

Bile ýaşmalydy ol –

Hoşlaşmalydy ol bu älem bilen.

Ýöne Dost toýuny bozmazlyk üçin

Keseller içinde iň Zalym bilen

Başa-baş söweşe girişipdi ol.

Ýok, ol edenokdy ölümden heder.

Diňe birje zatdan heder edýärdi:

«Toýy bulaşdyrsam,

Il-günüm näder?!


Men diri bolmaly. Diňe diri däl,

Men adam bolmaly. Adamlyk bolsa –

Diňe Wepa bilen Mertlige bagly.

Adamlyk tohumy gutarar ýogsa…»


…Bir howlyň içine syganok ilat.

Deň-ýary düzlüpdir ýabyň boýuna.

Ol bolsa

söweşip ýatan ýerinden

Guwanyp dostunyň uly toýuna,

Gyzlaň gülküsine, bagşyň sazyna

Ýüregniň iň soňky sesin goşýardy.

Daşarda Saz bilen Gülki ýaryşsa,

Öýde Ömür bilen Ýas ýaryşýardy.


Haýsynyň ýeňjegi eýýäm bellidi.

Emma dowam edýär başa-baş söweş.

Göýä Ajal onuň bogazna däl-de,

Ol onuň bogazna münene meňzeş –

Gysýardy ýumrugyn, barha gysýardy.

Ýüzüniň, gözüniň üýtgäpdi persi.

Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň

Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi.


Ýatyrdy ol misli telegraf pürsi –

Göýäki diýersiň, uly bir tupan

Ony ýykypdyr-da, emma henizem

Simler işläp ýatyr

myhyndan sypman.


Emma etjegini edipdi tupan.

Güýç barha keselden

Asgyn, asgyn, asgyn…

Onýança-da dosty gapydan girdi.

Gyssandy: «Toýuňy sowduňmy, dostum?»

– Hawa, hawa, toýy sag-aman sowduk.


Ýap-ýaňja ugratdym soňky myhmany.

– Onda eliň äber…

Toý gutly bolsun!…

Men gitdim…

Hyrk boldy.

Sogruldy jany.


Awtory: Kerim Gurbannepesow

22
92
shemshat
01.07.2023 19:38

Biz dostlarymyzy özümiz saýlaýarys, ýöne wagt olaryň iň gowularyny görkezýär.

Omar Haýýam


Hakyky dostlugyň manysy — şatlygyňy iki esse köpeltmek we gaýgyňy bölüşmekdir.

D.Addison


Dostluk ynamsyzlygyň başlanýan ýerinde gutarýar

L.A.Seneka


Gorkak dost duşmandan has howpludyr.

L.Tolstoý

21
62
shemshat
30.06.2023 13:36

Bir itiň dostlugy, bir dostuň itliginden gowudyr.

17
110