shemshat
03.07.2023 14:18

Adam

adam adyn alaly bäri

Bir ýumrugy – toýly,

Birisi – ýasly.

…Dosty soňky demde

hyrkyldap ýatyr.

Edil gapdalynda toý tutýar dosty.


Ýöne weli bu dost

Hakyky dostdy –

Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,

Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi…

Emma şaha-şaha,

şatut dek ogul

Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.

Peýda berenokdy hiç hili melhem.

Dostuň dosta eden melhemlerinden

Dirilip bilerdi,

Belki, öli hem.


Emma dirä weli şypa ýetmedi:

Bu dünýäde artyp bäş sany ýetim,

Sapagyndan tänen, bäş alma ýaly

Ýaş enäň etegne

gaçjakdy ertir.


Emma Kesel üçin ýetimmi, ýesir –

Tapawudy ýokdy. Bolsaň-da her kim,

Hökmürowandy ol. Sülçüsiz-zatsyz –

Bir madda boýunça

Kesýärdi

Höküm.


…Bu gezek Höküme howlukmady ol.

Pidasyn bir ýyllap oýnady Kesel.

Düýn oňa bir bulgur awy uzatdy,

Bu günem uzatdy

Bir oýmak hesel.


Diýmeli, yzyna tesipdir Kesel.

Guwandy dost-ýarlar. Begendi il gün.

Enesi gülledi misli bir erik,

Aýaly açyldy misli bir bägül.


Toý hakda maslahat gozgaldy şol gün.

Ol diýdi: «Nämüçin şu wagta çenli

Maňa aýtmadyňyz? Men toý küýseýän.

Ataryň gazany! Getiriň gelni!

Toýuň hyzmatyna ýaraman weli,

Sazyn diňlemäge ýarar bu göwün.

Aý, onsoňam, näme… dostumyň toýy…

Belki bir käsejik

Urarsam şo gün…»


Ertesi daň bilen gitdi atbaşy.

Gelin getirildi. Toý gyzdy öýlän.

Tans edip başlady ýigitler, gyzlar…

Gün bolsa… ýaşypdy,

Ýaşypdy eýýäm.


Ýaşsa ýaşybersin. Gün diýilýän zat

Ýaşmak, dogmak üçin dälmidir başda!

Wah, ol şeýle welin,

bu günki Günüň

Ýaşyşy öňküden

Bolmaly başga.


Şol gün bilen

Bile ýaşmalydy ol –

Hoşlaşmalydy ol bu älem bilen.

Ýöne Dost toýuny bozmazlyk üçin

Keseller içinde iň Zalym bilen

Başa-baş söweşe girişipdi ol.

Ýok, ol edenokdy ölümden heder.

Diňe birje zatdan heder edýärdi:

«Toýy bulaşdyrsam,

Il-günüm näder?!


Men diri bolmaly. Diňe diri däl,

Men adam bolmaly. Adamlyk bolsa –

Diňe Wepa bilen Mertlige bagly.

Adamlyk tohumy gutarar ýogsa…»


…Bir howlyň içine syganok ilat.

Deň-ýary düzlüpdir ýabyň boýuna.

Ol bolsa

söweşip ýatan ýerinden

Guwanyp dostunyň uly toýuna,

Gyzlaň gülküsine, bagşyň sazyna

Ýüregniň iň soňky sesin goşýardy.

Daşarda Saz bilen Gülki ýaryşsa,

Öýde Ömür bilen Ýas ýaryşýardy.


Haýsynyň ýeňjegi eýýäm bellidi.

Emma dowam edýär başa-baş söweş.

Göýä Ajal onuň bogazna däl-de,

Ol onuň bogazna münene meňzeş –

Gysýardy ýumrugyn, barha gysýardy.

Ýüzüniň, gözüniň üýtgäpdi persi.

Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň

Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi.


Ýatyrdy ol misli telegraf pürsi –

Göýäki diýersiň, uly bir tupan

Ony ýykypdyr-da, emma henizem

Simler işläp ýatyr

myhyndan sypman.


Emma etjegini edipdi tupan.

Güýç barha keselden

Asgyn, asgyn, asgyn…

Onýança-da dosty gapydan girdi.

Gyssandy: «Toýuňy sowduňmy, dostum?»

– Hawa, hawa, toýy sag-aman sowduk.


Ýap-ýaňja ugratdym soňky myhmany.

– Onda eliň äber…

Toý gutly bolsun!…

Men gitdim…

Hyrk boldy.

Sogruldy jany.


Awtory: Kerim Gurbannepesow

22
92
okan
4 Iýul 2023
şahyrada goşgada söz yok 👍👍👍
alma___
3 Iýul 2023
👍💛👍💛
numu
3 Iýul 2023
waoooooo en sevdiğim goshguu
lavinya_
3 Iýul 2023
Birem ýazmasy agyr düsen goşgusyny okamda şular ýalak bolýan
lavinya_
3 Iýul 2023
@shemshat, hawa gaty ussat ýazýa söz ýok
shemshat
3 Iýul 2023
@lavanya, Şahyr şeýle ussat ýazya, siziñ pikiriñizem şeýlemi
lavinya_
3 Iýul 2023
👍👍👍su goşgyny her gezek okamda so güni yaşayan yaly duýýan ozimi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.