Dost
Puldan kösenýän bir adam başlygynyň ýanyna baryp, karzyna pul soraýar. Şonda başlygy oňa şeýle diýýär:
– Gel, ikimiz şeýle şertleşeli! Eger sen bir özüň gaýramyzdaky dagyň depesinde ýekeje gije bolup bilseň, diýen puluňy saňa sowgat hökmünde bereýin. Ýok, eger dagyň depesinde bir gije ýatyp bilmän yzyňa gaýdyp gelseň, onda sen bir ýyllap mugt işlemeli bolarsyň.
Ýaňky işgär başlygyndan oýlanmaga puryja sorap daşary çykýar. Daşarda sowuk şemalyň öwüsýändigini görüp, hasam howpurgaýar-da, gözsüz batyrlyk edýän bolaýmaýyn diýen pikir bilen dostuna jaň edýär. Oňa ýagdaýyny jikme-jik gürrüň berýär. Dosty hem oňa şeýle diýýär:
– Men saňa kömek edeýin. Ertir agşam dagyň depesine çykanyňda, ileriňdäki dagyň gerşine seretgin. Menem şol ýerde bütin gije ot ýakyp oturjak. Sen ody hökman görersiň. Ana onsoň bütin gije ikimiziň dostlugymyz hakda pikir edersiň welin, süňňüňe ýylylyk, kalbyňa giňlik aralaşar. Ýöne başlygyňdan serpaýyňy alanyňdan soň, menem senden bir zat haýyş etmekçi.
Şeýlelikde, ol bütin gijäni dagyň depesinde geçirip, başlygynyň serpaýyna mynasyp bolýar. Soňra eglenmän dostunyň öýüne barýar-da:
– Sen menden näme haýyş etmekçidiň?! – diýip soraýar. Şonda dosty oňa şeýle jogap berýär:
– Men senden ýekeje zady haýyş etmekçidim. Bardy-geldi bir gün meniň hem durmuşymda sowuk şemal öwsäýse, senem şeýdip meniň üçin dostluk oduny ýakyp bilermiň?! Maňa şony söz berseň bolany.
Sizde-de dostluk oduny yakjak dostlar barmy??