shemshat
07.08.2023 13:30

Nämäň alyndanmyş gadyrsyz dostluk!

Dostuňa ýüregiň töründen ýer goý.

Bir bölek zer tapsaň, bir bölegem mis –

Misi özüňe al, dostuňa zer goý.

Emma dosty näçe eziz görseňem,

Jedelleşmäge ýer goý.


Nämäň alyndanmyş jedelsiz dostluk!

Jedel ösdir sizi ýene-de bir boý.

Ýöne sögüşmegin jedel üstünde,

Dost bilen sögüşmek peslikdir, oý, hoý!

Emma weli birden sögüşäýseňem,

Ýaraşmaga ýer goý.


Awtory: Kerim Gurbannepesow

21
49
amanmyrat
28 Awgust 2023
@Sunshine lady, ol aýdanyň dogry. "Ýa bir ýol tap, ýa-da ýol ýasa" diýeňda.
amanmyrat
28 Awgust 2023
"Emma dosty näçe eziz görseňem, jedelleşmäge ýer goý", barybilen dawa-jedel bolmasa dostlugyñ gadyram, gyzygam bolme. Kerim aga muny gowy düşündiripdir. 👍
bamy
7 Awgust 2023
Dostuň ýüregiň töründen ýer goý
bamy
7 Awgust 2023
Özüňi süýt bil dostuňa gaýmak bil
dayaw
7 Awgust 2023
Gowy gosgy ilkinji like menden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.