sh_shamko_
20.11.2022 22:51
Atgulaksyz tabyt #Bölüm 2

Wah... haýt... Eneňden galanja käsedi...
Bar eşiden käýinjem şo boldy, ýöne Oraz sygyr döläň arkasyna geçip aglapdy.
Ejesi bir salymdan gelip başyny sypap «Men saňa käýýemedim-ä, oglum» diýip
köşeşdirip öýe alyp gelipdi. Doganam: «Aglak oglandanam awçy bolarmy?»
diýipdi. Şodur-şodur Orazyň gözüne ýaş aýlanmandy. Hatda şol dogany
ýogalanda-da.
Aslynda, ýigrimi-ýigrimiki ýaşlaryndaky Oraz üçin dünýede düşnüksiz zat ýokdy.
Ölüm-dirilik, ýalan-çyn, mertlik-namartlyk, akyllylyk-akmaklyk edil ak bilen gara
ýaly aýyl-saýyldy. Heniz nätjegini bilmän, aljyrab-a görmändi welin, şeýle güne
düşäýse-de ýaşulularyň maslahatyna eýermelidgine ynanýardy. Dünýede öler jany
ýaşulularyň gürrüňini diňlemekdi. Şonuň üçin ol gereginden artyk gürlemezdem,
jedele-de goşulmazdy, howsala-da düşmezdi. Kän bir oýlanyp, pikire batyp, dünýä
haýran bolubam ýörmezdi. Içini hümledip oturan birini görse-de ondan bahymrak
daşlaşanyny kem görmezdi. Onuň üçin ähli zadyň bir tarapy bardy – olam öňüdi.
Sagy, çepi, arkasy, aşagy, ýokarsy – bularyň bary öň tarapyň belli bolmagy üçin
ýaradylan goşmaça taraplardy. Hatda ygrar, lebiz, mertebe, ar-namys, dost,
duşman... ýaly meselelere-de şeýle serederdi.
Gala gabalyp, uruş başlanaly bäri-hä Orazyň ýüregine hasam parahatlyk gelipdi.
Ähli zat düşnükli. Her kim, başa inen agyr güni gerşinde çekýär. Gahrymançylyk
görkezmegem, ajala el bulamagam ýok. Edil şonuň ýaly bigaýratlaýanam ýok.
Oraza galanyň depesinden ýörite mergenler üçin edilen garawul diňinden ýer
görkezdiler. Öňüňde-de duşmanyň geljek tarapy – at gaýtarym ýer. Arka-da ýok,
sag-solam. Tä demiň tükenýänçä ýa-da duşman gyrylyp gutarýança nyşana almaly,
mäşäni gysmaly. Okuň boş geçmeli däl. Bolany. Elbetde, her kimiňem, şolaryň
arasynda Orazyňam, diňe gaýry dinliň gödeňsi ädikleriniň tozanyny,
naçarlarymyzyň dat edip gaçyşlaryny göresi gelmeýärdi...
Erňegi gyzyl çyzyklyja akja käsä çaý guýunan mergen saçakda çöregiň ýokdugyny
gördi. Irdenki ys täzeden burnuna uran ýaly boldy. Galdaw ýigit çalasyn ýerinden
turdy.
- Haljan, çaýyň başyna geç, men çörek alyp geleýin.
Tamdyryň gyzgynam entek gitmändir. Oraz ardynjyrady-da işigi açdy. Şol
pursatam... Ol oňa seretdi. Olam oňa. Ol elindäki saçagy uzatdy. Olam aldy.
Soňam tamdyrdan ýaňy çykan ýyljak çörek Orazyň bokurdagyndan geçmedi.
Sähelçe wagt. Bolmanam biljek, bolmanda-da bolmandygy bildirmejek suw
ýuwdum wagt. Dört örüm gara saçlar. Mähirden, ýylydan doly balkyldap duran
maral gözleriň dözümsiz, nebsi agyryjy seredişi. Birdenem gyzyň ýüzüniň gyzaryp
gidişi, nazarynyň aşak bakyşy. Ýene-de köp zatlar – bu dünýä sygmajak, onuň
gursagyna-da şonuň üçin sygmaýan, asla düşündiribem bolmaýan zatlar şojagaz
wagta sygyp geçip gitdi. Geçip gitdimi ýa-da gelip Orazyň döş kapasasyna
girdimi? Bir ýüregiň zordan ýerleşýän ýerine ikinji gysylyp salynan ýaly boldy.
Ýeke ýürek ýalňyz özi özbaşyna beýle gürsüldäp urarmy? Ol şu wagta çenli
ýüreginiň bardygynam bilmeýärdi ahyryn.
Orazyň ýadyna bir gezek Haljan bilen suwa gelýän oba gyzlaryny gamyşlykda
bukulyp, synlaýyşlary düşdi. Gün guşluk wagtlarydy. Gyz synlajak diýip, olaryň
ýoluna howsala bilen seredişip otursalaram, ikisiniňem garagaýgysy gyzlar däldi –
bolup ýörüşleri ile peçan bolaryndan gorkýardylar. Birdenem gyzlar bäş-alty bolup
güsärdeşip geldiler. Dünýeden bihabar gülüşip, küýzelerini suwdan dolduryp,
ýaşyl-gyzyl öwsüşip deňlerinden geçip gitdiler. Orazyň welin, ýüregi sähelçe-de
üýtgemändi. Gaýta özüni ogurlyk edýän ýaly duýup, bolşundan utanypdy. Gyzlar
gidensoň iki dostuň ikisem seslerini çykarman gamyşlykdan çykyp gaýdypdylar.
Diňe Halja „Meň ýaly eşek ýokdur-laý“ diýipdi. Ol gyz synlamak pikirini tapany
üçin özüni gynaýardy. Bu waka öňki uruşdanam öň bolupdy. Azyndan üç ýyla
geçendir.

Dowamy inniki postda :))
22
68
sh_shamko_
sh_shamko_
20.11.2022 15:16
.j
sh_shamko_
19.11.2022 11:12
Atgulaksyz tabyt. #Bölüm 1

Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot
söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem
Köpetdagyň etgindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz
olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden
gapdalyndandyrys» diýdiler. Gökdepe galasynyň gabaw ýaňy başlanan günleri
olaryň sany ýigrimä golaýdy. Bir öýe sygarmykak diýişenem bolupdy. «Aý,
köplük bolsak ýyly ýatarys, üşemeris» diýişip, gülüşip oturanlary düýn ýaly. Häzir
olardan galaýsa ýarsy galypdyr. Oraz säher bilen ýüregini gysdyrasy gelmedi.
Inçeden uzynak ýigit oglan ýaly ýeňil turdy. Beýleräkde ýatan sazak böleklerinden
köreýän oduň üstüne atdy. Közüň reňkiniň owadandygyny. Şeýle owadanlygyňam
köze berilşini. Töwerek asuda, ümsümlik. Gündizki çoz-ha-çoz, top oklarynyň
gümmürdisi bolmadyk ýaly. Oraz mergen «Daňam golaýlaberendir-le, täret
kylaýyn» diýip, eli kündükli gapa ýetiberende gelen iňňil-dä gaňryldy. Iňlän bir-iki
günlikde çigininden ýaralanan dosty Haljandy.
- Haljan!
- Ýok-laý, bilmän bijaý agdarynaýypdyryn. Näme ýataňokmy?
- Aý, indi daňam golaýlandyr.
- Hmm. Ýene azajyk irkileýin-le...
Haljan gözüni ýumdy. Öz ýanyndan «Men ýarasy gutulandyr öýdüp ýördüm» diýip
daşaryk çykany bilen ýaňja tamdyrdan çykan çöregiň janyňy alyp barýan ysy
Orazyň burnuna urdy. Iki öý beýleräkde tamdyr garalyp görünýär,
aňyrragyndanam bir garryja ene eli kündükli barýar. Birdenem horazyň sesi geldi.
Oraz gulaklaryna ynanmady. Bäh, horazam bar eken-aý. Hamala gabawam ýok,
urşam ýok. Gün çyzylar, bary ýene başlanar. Ol namazyna howlukdy.
Gökdepe galasynyň gabalanyna on-onki gün bolupdy. Emma ol günleriň hersi bir
aýa, bary birleşibem uzyn tükeniksiz ýyla süýnene meňzeýärdi. Duşmanyň gelşi
gazapdy. Galaň içinde ýarylýan top oklarynyň derdinden ýer goduk-godukdy. Näçe
hüjüm yzyna gaýtarylyp, näçe ors gyrylanam bolsa edil äjit-mäjit ýaly birini
öldürseň ikisi döreýärdi.
Oraz namazyny okap boldy-da tüňçeleri suwdan dolduryp oduň alkymyna
süýşürdi. Oýaly-ukuly ýatan ýigitlerem birlän-ikilän örüp ugradylar. Diňe Haljan
bir elini ýarasynyň üstüne goýup süýji ukuda ýatyrdy. «Entek namaza maý bar-la,
tüňçeler bir gaýnasyn» diýip zol dostunyň ýüzüne seredýän Orazyň ony turuzasy
gelenokdy. Tüňçelerem howlugsaň-a rikge eder welin, häzir hasam çalt gaýnady.
Oraz sazagyň egri şahasyny olaryň biriniň sapyndan geçirip öňüne çekdi-de çaý
demledi. Ahyry nälaç «Haljan! Namazyň geçýä» diýdi. Elini beýleräkde ýatan käsä uzatdy. Käsäni eline alandan ýüregi jigläp gitdi. «Bäh, muň meňzeşdigini.»
O wagtlar Oraz ýaňy hyrly götermäge ýarapdy. Birinji gezek dogany ony käkilige,
awa äkidipdi. Awlary oňupdy. Hatda dogany oňa iki gezek hyrlysynam ynanypdy.
Iki okam boş geçmändi. Doganynyň «berekellasynam» alypdy. Ynha, hamana dag
goçyny alyp gelen ýaly Oraz uran käkiliklerini (elbetde içinde doganynyňkylaram
bardy) ejesiniň oňünde goýupdy. Ejejsi «Tüweleme, siziň tohumyňyz mergen-ä»
diýip arkasyna kakypdy. Şonda aýagy büdredimi ýa-da bijaýrak ýapladymy hyrly
söýelgi ýerinden ýykylyp, nili gyrada duran akja käsä degipdi. Käse dik ikä
bölündi.

Dowamy indiki postlarda nesip bolsa
19
152
sh_shamko_
19.11.2022 09:18
Täsinlikler #post 29

1) İrdenlerine turanyňyzda kofe ýerine alma iýiň sebäbi ukyňyzdan çalt açylmagyňyza kömek eder.

2) Siz öz doglan günüňizi iň pesinden 9 mln adam bilen paýlaşýarsyňyz sebäbi siziň doglan günüňiz güni şonça adam siz bilen deň dogulýar.

3) Alma sogan we kartoşkaň tagamlary aslynda bir meňzeşdir. Olaryň tagamynu üýtgetýän zadyň olaryň ysydygyny bilýärdiňizmi?

4) Frankeştaýn aslyýetinde gorkunç jandar däldir. Frankeştaýn ony döreden adamyň adydyr. Nesip bolsa Frankeştaýn hakynda post paýlaşjak şonda has giňişleýin aýdyp geçerin.

5) Coca Cola suwlarynda reňk beriji ulanýandyrlar. Aslynda Colanyň reňki ýaşyldygyny bilýärdiňizmi?

6) Antraktidadaky ak aýylaryň hemmesiniň Çepbekeýdigini bilýärdiňizmi?!

7) Singapur şäherinde sakgyç çeýnemek we ony satmak kanunlara garşydyr.

8) Žyrafalar öz dilleri bilen gulaklaryny arassalap bilerler.

9) Dünýädäki iň uzyn agaç "Hyperion-dyr" we ol agajyň nirede ýerleşýändigini gaty az sanly alymlar bilýändir.

10) Krikadiller dillerini hiç hili daşyna çykaryp bilýän däldirler.

Höwesjeň statusynda ilkinji postum şul :))
31
212
sh_shamko_
sh_shamko_
12.11.2022 16:54
Hos gal maskam :))
sh_shamko_
10.11.2022 09:06
Nury Meredow Halypa

Nurmuhammet Meredow 1973-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda
eneden dogulýar. Ol 1992-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-ne Merjen Meredowa bilen toý edip
durmuş gurýar. Onuň Didarmuhammet (1998) we Hezretmuhammet (2001) atly ogly hemem
Dünýä atly (2003)gyzy bar.
Onuň ogullary Didarmuhammet we Hezretmuhammet kakasynyň
ýollaryny dowam etýärler. Didarmuhammet şu wagt Türkmen döwlet binagärçilik institutynda
(politde) bilim aldy.

Nury Meredowyň gözi dar, gysga bolany üçin, oňa heniz çagalyk döwründen, rus dilinde çaşy,
gyşyk diýen manyny berýän: "Kasoý" (rus. косой) lakamy dakylypdyr. Bu lakama halypa Nury
hiçem gaty görmezdi we şol lakamy bilen hem, ol halk içinde belli boldy.
Nury Meredow
türkmen bagşylaryñ içinde iñ tanalýanydyr.


Nurmuhammet Meredow 2010-njy ýylyň 5-nji dekabrynda 38 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Bagşy 6-njy dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşigindäki Seýit
Jemaleddin öwlüýäsinde jaýlandy.


Ýüreklerde öçmez yz goýup gitdiň
Şägirtleriňe beýik ýol goýup gitdiň
Halkyň üçin berilen sada ýigitdiň
Jaýyň Jennet bolsun Nury halypa
31
132
sh_shamko_
sh_shamko_
09.11.2022 02:59
Ilki bilen Aktyorun yzy yarasyn yatan yeri yagty bolsun! Lesli Samuel Phillips 1924-nji ýylyň 20-nji aprelinde Londonyň Tottenham şäherinde (şol wagt Midlseksiň bir bölegi) Seselýa Margaretiň we
sh_shamko_
01.11.2022 23:47
Hemmanize sorag onem soralypdy sul sorag. Yeke men bilipdim :))

Bas harpy "W" harpy bilen baslayan Turkmen gyzynyn ady.

Hany pikirlenin azajyk beyniniz oser 😄

Nace harpdygyny aytdym sonky harpyny aytdym basga maglumat bersem bilersiniz ady sorag ansatlasyar

Jogaby ertir sular yaly wagt aydaryn ona cenli bilmeseniz :))

Soragyn jogaby: "Waspyjemal" :))
22
300
sh_shamko_
30.10.2022 23:46
Alymlaryn durmusy

Benjamin Franklin
Benjamin Frenklin 17 çagasy bilen sabyn we şem ýasaýjynyň 10-njy ogly bolup dünýä indi. 10 ýaşynda mekdebi terk etdi. 12 ýaşyndaka, bir çaphanany dolandyrýan we liberal gazet çap edýän uly dogany Jeýms bilen tälim alýar. Neşirýat işini öwrenip, edebiýatşynaslyga başlady. Ilkinji makalalary bu ýerde "New-England Courant" -da çap edildi. 1730-njy ýylda Filadelfiýada bir neşirýat we gazet döretdi. Garyp Riçardyň “Almanakasyny” çap edip başlady. 1732-nji ýyldan 1757-nji ýyla çenli re directedissýorlyk eden “Almanak” -da Riçard Saundersiň goly bilen makalalar ýazypdyr. Syýasat, pelsepe, ylym we işewür gatnaşyklar ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylýan Junto atly klub; Kitaphana, hassahana we ýangyn ätiýaçlandyryş kompaniýasyny döretdi. Çap ediş enjamlaryny köpeltdi.

Franklin 1736-njy ýylda Amerikanyň ilkinji meýletin ýangyn kompaniýalaryny esaslandyrdy. Şol ýyl Filadelfiýa mejlisiniň sekretary boldy. Franklin jemgyýetçilik işleri barada has köp alada edip başlady. 1743-nji ýylda 4-nji akademiýasyny açdy we 1749-njy ýylyň 13-nji noýabrynda akademiýanyň başlygy wezipesine bellendi. 1750-nji ýylda Pensilwaniýa mejlisine saýlandy we köp maşgalalar bilen ýer salgydyna garşy söweşdi. Iňlis Amerikasy wezipesiniň baş müdiri wezipesine bellendi. Poçta hyzmatynda dürli çäreleri gördi. Esasanam elektrik hadysalary barada gözleg geçiren Franklin, elektrik zarýadlarynyň artykmaç we minus uçlaryny tapdy we elektrik zarýadyny tygşytlamak ýörelgesini öňe sürdi. Synagynyň ahyrynda tupanly howada uçar uçup, ýyldyrymyň elektrik hadysasydygyna göz ýetirdi. Iki kömekçisiniň elektrik togunyň täsiri astynda diri galmagyna garamazdan ölen bu synagyň esasynda ýyldyrym çybygyny tapdy we gün şöhlesinden has köp peýdalanmak üçin sagat programmasyny başlady.

1757-nji ýylda Demirgazyk Amerikanyň kolonial gozgalaňynyň başynda, koloniýalarda ýaşaýan adamlar Franklin şikaýatlaryny Londona iberdiler; 1765-nji ýylda möhüriň resmi kanunyna garşy çykýanlar barada William Grenwile habar bermek tabşyryldy. 1772-nji ýylda Massaçusets ştatynyň gubernatory Hutchinsonyň kolonial halka garşy kemsidilen hatlaryny ele aldy we neşir etdi. Kolonial halk bilen abraýy artdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongresine saýlandy. 1776-njy ýylda Tomas Jefferson we Jon Adams bilen bilelikde garaşsyzlyk jarnamasyny taýýarlady. 1776-njy ýylyň sentýabr aýynda gurultaý ykdysady we harby kömek soramak üçin Fransiýa ýaly üç adamlyk komissiýa iberdi. Franklin, Fransiýanyň daşary işler ministri Çarlz Grawier bilen bolan duşuşyklarynda üstünlik gazandy. Amerikanyň Garaşsyzlyk urşunyň 1775-1783-nji ýyllarynyň ahyrynda Angliýa bilen parahatçylyk gepleşiklerini dowam etdirmek üçin saýlanan diplomatlaryň biri hökmünde Angliýa gitdi. Angliýa bilen parahatçylyk şertnamasyna gol çekilenden soň, 1785-nji ýylda Amerika gaýdyp geldi. 1787-nji ýylda Filadelfiýanyň konstitusiýa konwensiýasynyň işine gatnaşdy. Birnäçe wagtdan soň aradan çykdy. Reňkli durmuşy, ylmy we syýasy üstünlikleri Amerikanyň iň täsirli esaslandyryjy atalary hökmünde Franklin pul we hormat aldy; harby gämiler; Köp şäherler, okruglar, bilim edaralary, atlar bir at we kompaniýa bolup, ölenden iki asyr gowrak wagt geçensoň, köp sanly medeni salgylanma onuň adyny göterýär.


Franklin küşt bilen gyzyklanýan biri. Örän gowy küştçi. Amerikan Kolumbiýa Magazineurnaly küşt oýnandan soň, Frankliniň ABŞ-da ikinji küştçi bolandygyny ýazdy. 1999-njy ýylda Frankliniň ABŞ-da haýran galdyryjy küştçi bolandygy mälim edildi.



Franklin 1790-njy ýylyň 17-nji aprelinde 84 ýaşynda aradan çykdy. Onuň jaýlanyşyna 20,000 töweregi adamyň gatnaşandygy aýdylýar. Dr. Jon Jones muny şeýle düşündirýär:

"Her gezek agyry we dem gysma başlanda we öýkeninde bir duýgy dörese, birden ähli umydyny we buýsanjyny ýitirýärdi. Entegem birneme güýji bardy, ýöne dem alyş organlary basyşa çydap bilmedi. Üçüsi - aýlyk durmuş gutardy.

Franklin Boston we Filadelfiýa şäherlerine müňlerçe funt miras galdyrdy. Şeýle-de bolsa, bu pul ölenden soň 200 ýyllap hiç hili degilmeli däldigini we göterimde saklanmalydygyny aýtdy. 1990-njy ýyllarda Boston we Filadelfiýa giden pul millionlarça dollara ýetdi.

Galan yerimden dowam :))


Dowamyny isleseniz teswirlerde bellap gecin :))
21
136
sh_shamko_
sh_shamko_
25.10.2022 00:38
Gözümden ýaş akmazdan ozal düşüngin maňa, Gözden ýaşlar çykansoň bolmaz hiç hili peýda... #Bägül.