sh_shamko_
19.11.2022 11:12
Atgulaksyz tabyt. #Bölüm 1

Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot
söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem
Köpetdagyň etgindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz
olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden
gapdalyndandyrys» diýdiler. Gökdepe galasynyň gabaw ýaňy başlanan günleri
olaryň sany ýigrimä golaýdy. Bir öýe sygarmykak diýişenem bolupdy. «Aý,
köplük bolsak ýyly ýatarys, üşemeris» diýişip, gülüşip oturanlary düýn ýaly. Häzir
olardan galaýsa ýarsy galypdyr. Oraz säher bilen ýüregini gysdyrasy gelmedi.
Inçeden uzynak ýigit oglan ýaly ýeňil turdy. Beýleräkde ýatan sazak böleklerinden
köreýän oduň üstüne atdy. Közüň reňkiniň owadandygyny. Şeýle owadanlygyňam
köze berilşini. Töwerek asuda, ümsümlik. Gündizki çoz-ha-çoz, top oklarynyň
gümmürdisi bolmadyk ýaly. Oraz mergen «Daňam golaýlaberendir-le, täret
kylaýyn» diýip, eli kündükli gapa ýetiberende gelen iňňil-dä gaňryldy. Iňlän bir-iki
günlikde çigininden ýaralanan dosty Haljandy.
- Haljan!
- Ýok-laý, bilmän bijaý agdarynaýypdyryn. Näme ýataňokmy?
- Aý, indi daňam golaýlandyr.
- Hmm. Ýene azajyk irkileýin-le...
Haljan gözüni ýumdy. Öz ýanyndan «Men ýarasy gutulandyr öýdüp ýördüm» diýip
daşaryk çykany bilen ýaňja tamdyrdan çykan çöregiň janyňy alyp barýan ysy
Orazyň burnuna urdy. Iki öý beýleräkde tamdyr garalyp görünýär,
aňyrragyndanam bir garryja ene eli kündükli barýar. Birdenem horazyň sesi geldi.
Oraz gulaklaryna ynanmady. Bäh, horazam bar eken-aý. Hamala gabawam ýok,
urşam ýok. Gün çyzylar, bary ýene başlanar. Ol namazyna howlukdy.
Gökdepe galasynyň gabalanyna on-onki gün bolupdy. Emma ol günleriň hersi bir
aýa, bary birleşibem uzyn tükeniksiz ýyla süýnene meňzeýärdi. Duşmanyň gelşi
gazapdy. Galaň içinde ýarylýan top oklarynyň derdinden ýer goduk-godukdy. Näçe
hüjüm yzyna gaýtarylyp, näçe ors gyrylanam bolsa edil äjit-mäjit ýaly birini
öldürseň ikisi döreýärdi.
Oraz namazyny okap boldy-da tüňçeleri suwdan dolduryp oduň alkymyna
süýşürdi. Oýaly-ukuly ýatan ýigitlerem birlän-ikilän örüp ugradylar. Diňe Haljan
bir elini ýarasynyň üstüne goýup süýji ukuda ýatyrdy. «Entek namaza maý bar-la,
tüňçeler bir gaýnasyn» diýip zol dostunyň ýüzüne seredýän Orazyň ony turuzasy
gelenokdy. Tüňçelerem howlugsaň-a rikge eder welin, häzir hasam çalt gaýnady.
Oraz sazagyň egri şahasyny olaryň biriniň sapyndan geçirip öňüne çekdi-de çaý
demledi. Ahyry nälaç «Haljan! Namazyň geçýä» diýdi. Elini beýleräkde ýatan käsä uzatdy. Käsäni eline alandan ýüregi jigläp gitdi. «Bäh, muň meňzeşdigini.»
O wagtlar Oraz ýaňy hyrly götermäge ýarapdy. Birinji gezek dogany ony käkilige,
awa äkidipdi. Awlary oňupdy. Hatda dogany oňa iki gezek hyrlysynam ynanypdy.
Iki okam boş geçmändi. Doganynyň «berekellasynam» alypdy. Ynha, hamana dag
goçyny alyp gelen ýaly Oraz uran käkiliklerini (elbetde içinde doganynyňkylaram
bardy) ejesiniň oňünde goýupdy. Ejejsi «Tüweleme, siziň tohumyňyz mergen-ä»
diýip arkasyna kakypdy. Şonda aýagy büdredimi ýa-da bijaýrak ýapladymy hyrly
söýelgi ýerinden ýykylyp, nili gyrada duran akja käsä degipdi. Käse dik ikä
bölündi.

Dowamy indiki postlarda nesip bolsa
19
152
SerdarMyradov
20 Noýabr 2022
like👍👍🐧
butterfly
19 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍.....
Aýgül🥰
19 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍
wolf
19 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍gaty gowy 😔👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.