Atgulaksyz tabyt #Bölüm 2
Wah... haýt... Eneňden galanja käsedi...
Bar eşiden käýinjem şo boldy, ýöne Oraz sygyr döläň arkasyna geçip aglapdy.
Ejesi bir salymdan gelip başyny sypap «Men saňa käýýemedim-ä, oglum» diýip
köşeşdirip öýe alyp gelipdi. Doganam: «Aglak oglandanam awçy bolarmy?»
diýipdi. Şodur-şodur Orazyň gözüne ýaş aýlanmandy. Hatda şol dogany
ýogalanda-da.
Aslynda, ýigrimi-ýigrimiki ýaşlaryndaky Oraz üçin dünýede düşnüksiz zat ýokdy.
Ölüm-dirilik, ýalan-çyn, mertlik-namartlyk, akyllylyk-akmaklyk edil ak bilen gara
ýaly aýyl-saýyldy. Heniz nätjegini bilmän, aljyrab-a görmändi welin, şeýle güne
düşäýse-de ýaşulularyň maslahatyna eýermelidgine ynanýardy. Dünýede öler jany
ýaşulularyň gürrüňini diňlemekdi. Şonuň üçin ol gereginden artyk gürlemezdem,
jedele-de goşulmazdy, howsala-da düşmezdi. Kän bir oýlanyp, pikire batyp, dünýä
haýran bolubam ýörmezdi. Içini hümledip oturan birini görse-de ondan bahymrak
daşlaşanyny kem görmezdi. Onuň üçin ähli zadyň bir tarapy bardy – olam öňüdi.
Sagy, çepi, arkasy, aşagy, ýokarsy – bularyň bary öň tarapyň belli bolmagy üçin
ýaradylan goşmaça taraplardy. Hatda ygrar, lebiz, mertebe, ar-namys, dost,
duşman... ýaly meselelere-de şeýle serederdi.
Gala gabalyp, uruş başlanaly bäri-hä Orazyň ýüregine hasam parahatlyk gelipdi.
Ähli zat düşnükli. Her kim, başa inen agyr güni gerşinde çekýär. Gahrymançylyk
görkezmegem, ajala el bulamagam ýok. Edil şonuň ýaly bigaýratlaýanam ýok.
Oraza galanyň depesinden ýörite mergenler üçin edilen garawul diňinden ýer
görkezdiler. Öňüňde-de duşmanyň geljek tarapy – at gaýtarym ýer. Arka-da ýok,
sag-solam. Tä demiň tükenýänçä ýa-da duşman gyrylyp gutarýança nyşana almaly,
mäşäni gysmaly. Okuň boş geçmeli däl. Bolany. Elbetde, her kimiňem, şolaryň
arasynda Orazyňam, diňe gaýry dinliň gödeňsi ädikleriniň tozanyny,
naçarlarymyzyň dat edip gaçyşlaryny göresi gelmeýärdi...
Erňegi gyzyl çyzyklyja akja käsä çaý guýunan mergen saçakda çöregiň ýokdugyny
gördi. Irdenki ys täzeden burnuna uran ýaly boldy. Galdaw ýigit çalasyn ýerinden
turdy.
- Haljan, çaýyň başyna geç, men çörek alyp geleýin.
Tamdyryň gyzgynam entek gitmändir. Oraz ardynjyrady-da işigi açdy. Şol
pursatam... Ol oňa seretdi. Olam oňa. Ol elindäki saçagy uzatdy. Olam aldy.
Soňam tamdyrdan ýaňy çykan ýyljak çörek Orazyň bokurdagyndan geçmedi.
Sähelçe wagt. Bolmanam biljek, bolmanda-da bolmandygy bildirmejek suw
ýuwdum wagt. Dört örüm gara saçlar. Mähirden, ýylydan doly balkyldap duran
maral gözleriň dözümsiz, nebsi agyryjy seredişi. Birdenem gyzyň ýüzüniň gyzaryp
gidişi, nazarynyň aşak bakyşy. Ýene-de köp zatlar – bu dünýä sygmajak, onuň
gursagyna-da şonuň üçin sygmaýan, asla düşündiribem bolmaýan zatlar şojagaz
wagta sygyp geçip gitdi. Geçip gitdimi ýa-da gelip Orazyň döş kapasasyna
girdimi? Bir ýüregiň zordan ýerleşýän ýerine ikinji gysylyp salynan ýaly boldy.
Ýeke ýürek ýalňyz özi özbaşyna beýle gürsüldäp urarmy? Ol şu wagta çenli
ýüreginiň bardygynam bilmeýärdi ahyryn.
Orazyň ýadyna bir gezek Haljan bilen suwa gelýän oba gyzlaryny gamyşlykda
bukulyp, synlaýyşlary düşdi. Gün guşluk wagtlarydy. Gyz synlajak diýip, olaryň
ýoluna howsala bilen seredişip otursalaram, ikisiniňem garagaýgysy gyzlar däldi –
bolup ýörüşleri ile peçan bolaryndan gorkýardylar. Birdenem gyzlar bäş-alty bolup
güsärdeşip geldiler. Dünýeden bihabar gülüşip, küýzelerini suwdan dolduryp,
ýaşyl-gyzyl öwsüşip deňlerinden geçip gitdiler. Orazyň welin, ýüregi sähelçe-de
üýtgemändi. Gaýta özüni ogurlyk edýän ýaly duýup, bolşundan utanypdy. Gyzlar
gidensoň iki dostuň ikisem seslerini çykarman gamyşlykdan çykyp gaýdypdylar.
Diňe Halja „Meň ýaly eşek ýokdur-laý“ diýipdi. Ol gyz synlamak pikirini tapany
üçin özüni gynaýardy. Bu waka öňki uruşdanam öň bolupdy. Azyndan üç ýyla
geçendir.
Dowamy inniki postda :))