serdarowna
28.11.2023 00:40
Beýik Britaniýada iri tokaýlaryň biriniň eýeleýän meýdany soňky 80 ýylda 50% azaldy diýip, "Habar 24" ýazýar.

Häzir Heýwud tokaýynyň meýdany 125 gektary tutýar. Tokaýyň kiçelmegi işjeň oba hojalyk, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen bagly diýip, hünärmenler aýdýarlar.

Heýwudyň ýakalarynda oba hojalyk meýdanlary ýerleşýär, bu topragyň we suwuň hapalanmagyna, biodürlüligiň garyplaşmagyna getirýär. Galyberse-de soňky ýyllarda howanyň gyzmagy we ygalyň azalmagy netijesinde guraklyk artýar.

Tokaýy dikeltmek ugrunda meýletinçiler işleýärler. Olar on ýyl bäri tokaýda agaç oturtmak bilen meşgullanýarlar.
21
55
serdarowna
27.11.2023 09:20
Maksadyňa umyt, geljege ynam,
Ýuwaş-ýuwaş beýiklige galmaklyk,
Pikirdeş deň-duşlaň dostlugy bilen
Arkalaşyp daglar aşmak talyplyk.

Aýralyga çydam etmek sabyrly.
Umman ýaly giňlik käre bakylyk.
Aý, garaz, talyplyk ykbalyň üçin,
Üstünlikden doly bagta çakylyk.

Awtory: Myrat Adalakow
27
92
serdarowna
25.11.2023 10:43
CO2-niñ howa taşlanýan zyňyndylarynyň ýarysyndan gowragy dünýäniň iň baý adamlarynyň 1%-ine, ýagny 77 million adama degişlidir. Stokgolmyň daşky gurşawy institutynyň hünärmenleri şeýle netijä geldiler diýip, \"Habar 24\" ýazýar. Bu zyňyndylar geljek onýyllykda bir milliondan gowrak adamyň pida bolmagy üçin ýeterlikdir.

Eger ýurtlar boýunça görkezijilere seretseň, mysal üçin, 2019-njy ýylda ýokary girdejili ýurtlara zyňyndylaryň ýarysyndan gowragy, pes ösen ýurtlara bary-ýogy 0,4%-i degişli bolupdyr.

Hünärmenler şonuň üçin çakdanaşa girdejili adamlara ýokary salgyt bellemegi teklip edýärler.
33
152
serdarowna
24.11.2023 06:08
Beýik Britaniýanyň 55 ýaşly ýaşaýjysy Fren Soýer özüniň gözelligi üçin kösenýändigini we boýdaşlarynyň ýokdugyndan zeýrendi diýip, "MIR24" ýazýar.

Fren Gempşir graflygynyň Beýzingstok şäherinde ýaşaýar. Aýtmagyna görä beýleki zenanlar onuň gözelligine we ýaraşykly geýinýändigine göriplik edýärler.

Bir gezek ol çagalaryny almak üçin baranda, mekdebiň müdiri ondan ulagyny uzagrakda goýmagyny talap edipdir, beýleki hanymlary öz gözelligi bilen kemsidýändigini aýdypdyr.

Ol ýaşka bu ýagdaýlara hatda buýsanandygyny, emma indi muny Ýaradanyň ýalkawy däl-de, hut gargyş hökmünde kabul edýändigini aýdýar. Gözel hanym özüniň yzyndan gybatyny edýän deň-duş zenanlaryň göripliginden ýadandygyny sözüniň üstüne goşdy.
28
129
serdarowna
21.11.2023 09:14

Ýewropanyň ýurtlary sil joşgunlarydyr rekord derejede ýagan ygallardan çekilen ýitgileri hasaplaýarlar.


Mysal üçin, uzaga çeken ýagyşlardan soňra Fransiýanyň demirgazygyndaky etraplar suwa gark boldy. Suw häzir kem-kemden çekilýär. Hünärmenler munuň sebäbiniň ýerli topragyň batgalykdygy we sebitiň üstünden geçen "Federiko" harasaty bilen baglaýarlar. Häzir bu ýerde birnäçe müň adam içimlik suwa mätäçlik çekýär. Ýüzlerçe öýler elektriksiz galdy.


Belgiýada hem ýagdaý şeýle. Bu ýerde-de topragyň çakdanaşa çyglylygy üçin daşgyn suwlary ýeriň ýüzünde çaýkanyp ýatyr. Daniýada bolsa ulag ýollary suwa gark boldy diýip, "Habar 24" ýazýar.

23
88
serdarowna
20.11.2023 22:05

Şol beripdi baş söýginiň mähnetin...

Nirelere alyp gitdi kysmatyň!

Aglaýan bolsaň-da gülýän bolsaň-da,

Bir ýerlerden ses gelerdi ahbetin!


Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.

Men weli ölýänçäm dem alman sensiz.

Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam,

Her harpyň içinde Sensiň, Sensiň, Sensiň...


Ömrüň menzillerden menzile ýetsin.

Men senden öňürti süýneýin sessiz.

Gara habar güni

Gara gözüňden

Bir gara ýaş damsa, şol maňa besdir...

19
38
serdarowna
18.11.2023 21:50
Talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda bütin Awstraliýany howa iş taşlaýyşlary gurşap aldy diýip, "Habar 24" ýazýar. Olar häkimiýetlerden howanyň üýtgemegine garşy aýgytly çäreleri görmegi talap edýärler.

Melburnda müňlerçe garşylykçylar şäherden ýöriş edip, kömür we gaz taslamalaryna maýa goýmagy bes etmegi talap etdiler.

Sidneýde bolsa ýüzlerça adam Daşky gurşawy goramak ministrliginiň öňüne ýygnanyp, gazylyp alynýan ýangyçdan ýüz öwürmäge çagyrdylar.

Talyp gyz Min Park şeýle gürrüň berýär:-
Dogrymy aýtsam, men öz geljegim üçin howatyrlanýaryn. Howanyň üýtgemegi hakyky howp, biziň hökümetimiz oňa garşy göreşmek islemeýär. Olar golaýda täze dört sany kömür taslamasyny kabul etdiler. Bu depginde gitse, biz has köp tokaý ýangynlarynyň we ýyly howa akymlarynyň şaýatlary bolarys.
28
108
serdarowna
17.11.2023 23:18
Başgyrdystanly Ilýua Isýandewletowa Hindistanda geçen "Aziýanyň gözel gyzy" bäsleşiginde ýeňiji boldy diýip, "Rambler.ru" habar berdi.

Ilýuza 22 ýaşynda, Başgyrt döwlet pedagogik uniwersitetini tamamlady.

Ol 2020-nji ýylda "UFA-nyň gözeli", 2021-nji ýylda "Respublikanyň gözeli" we "Miss Continental Russia" gözellik bäsleşiklerinde ýeňiji boldy.
24
116
serdarowna
16.11.2023 08:21

Öňküsine görä üýtgeşik dünýä,

Nämüçindir dünýäň öňküligi ýok.

Ol özünden uly bolmak isleýär,

Öz ýaşyndan uly bolup bilenok.


Görýän düýşleri hem öňküleri däl,

"Söýüşen" gyzlary bardy bir çene,

Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar

Gelinleň, gyzlaryň gözelligine.


Bir täsin täzelik gurşaýar ony,

Ol häzirden görjek bolýar geljegin,

Howlaýar. Ululaň yzyna düşýär,

Geýýär uly doganynyň penjegin.


Uruşly kinolar ýat boldy oňa,

Düşenok ýadyna oýun, kepderi.

A "Söýgi oduna" goýberenoklar,

On alty ýaşyna ýetmedikleri.


Ýigitligiň gapysyny kakýar ol.

Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli?

Itse-de, bu gapa goýberenoklar

On sekiz ýaşyna ýetmedikleri.


Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýan,

Kakasy geň galýar:"How, keýpiň ýok-la?"

"Meň ullakan adam bolasym gelýär,

Näme üçin meni goýberenoklar?.."

22
52
serdarowna
15.11.2023 08:06

...Öň ýanymdan barýar bir harman çokul,

Ýeňseden kükäp dur gözdäki akyl.

Ýanyndaky goç hem - duran bir nakyl!

Toraňňymy ýatlap,

Ýuwdunşym besdir.


Zyýany ýok! Söýüp gyzlaň naýbaşyn,

Öwrenipdiň dünýäň dürsün, ýalňyşyn,

(Söýmedige düşnüksizdir durmuşyň,

Söýen üçin-

Birje dem alşyň besdir).


Dünýäde

şol Aýal sag gezip ýörkän,

Ýüregim daşdandyr, dagdandyr arkam.

Şonuň aýak yzy toprakda barkan-

Ýeri agyrtmaga

Dözmeýşim besdir...

28
33