serdarowna
24.11.2023 06:08
Beýik Britaniýanyň 55 ýaşly ýaşaýjysy Fren Soýer özüniň gözelligi üçin kösenýändigini we boýdaşlarynyň ýokdugyndan zeýrendi diýip, "MIR24" ýazýar.

Fren Gempşir graflygynyň Beýzingstok şäherinde ýaşaýar. Aýtmagyna görä beýleki zenanlar onuň gözelligine we ýaraşykly geýinýändigine göriplik edýärler.

Bir gezek ol çagalaryny almak üçin baranda, mekdebiň müdiri ondan ulagyny uzagrakda goýmagyny talap edipdir, beýleki hanymlary öz gözelligi bilen kemsidýändigini aýdypdyr.

Ol ýaşka bu ýagdaýlara hatda buýsanandygyny, emma indi muny Ýaradanyň ýalkawy däl-de, hut gargyş hökmünde kabul edýändigini aýdýar. Gözel hanym özüniň yzyndan gybatyny edýän deň-duş zenanlaryň göripliginden ýadandygyny sözüniň üstüne goşdy.
28
129
tmyigit76
24 Noýabr 2023
Wah pahyr. Gülkiňem tutýa ;)
serdarowna
24 Noýabr 2023
@gulshatayewa97, dogryy🙂
gulshatayewa97
24 Noýabr 2023
@serdarowna, ejem pahyr aýdýady, ýadymda galypdyr
serdarowna
24 Noýabr 2023
@gulshatayewa97, gowy goşgy eken🙂
gulshatayewa97
24 Noýabr 2023
Gözellik özüňe ýagydyr-ýagy, Ýagysyz dünýäni neýläýin dagy...
serdarowna
24 Noýabr 2023
@guljagazz, @medik_, 🙂👍
nabat_
24 Noýabr 2023
Hawala öz çaky yagşy🙃#hemme zadyñ@serdarowna,
nabat_
24 Noýabr 2023
@serdarowna, 🤣🤣🤣🤣🤦‍♀️
serdarowna
24 Noýabr 2023
@guljagazz, hemme zat öz çakynda bolsa gowy, owadanlygam. Owadanlygam göterinmek gerek. Eziziň postundaky ýaly "sen ikisine mynasyp" diýilse çyndanam şeýledir öýdýänler bar🤣🤣🤣🤦‍♀️🤦‍♀️🤦‍♀️
nabat_
24 Noýabr 2023
Gaty owadan däldigime begenyän😁😅❤👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.