...Öň ýanymdan barýar bir harman çokul,
Ýeňseden kükäp dur gözdäki akyl.
Ýanyndaky goç hem - duran bir nakyl!
Toraňňymy ýatlap,
Ýuwdunşym besdir.
Zyýany ýok! Söýüp gyzlaň naýbaşyn,
Öwrenipdiň dünýäň dürsün, ýalňyşyn,
(Söýmedige düşnüksizdir durmuşyň,
Söýen üçin-
Birje dem alşyň besdir).
Dünýäde
şol Aýal sag gezip ýörkän,
Ýüregim daşdandyr, dagdandyr arkam.
Şonuň aýak yzy toprakda barkan-
Ýeri agyrtmaga
Dözmeýşim besdir...