senorita
28.04.2024 14:28
Sy­ýa­hat­çy­lar üçin iň yg­ty­bar­ly «ýol­be­let» ha­sap­lan­ýan «Tri­padvisor» plat­for­ma­sy dün­ýä­niň iň go­wy myh­man­ha­na­la­ry­ny mä­lim et­di. «Travelers’ Choice 2024 Best Of The Best» at­ly sa­naw ula­ny­jy­la­ryň ba­ha ber­me­gin­de kes­git­le­nip­dir. Sa­na­wa gi­ren myh­man­ha­na­la­ryň ag­la­ba­sy de­ňiz ke­na­ry­na go­laý ýer­leş­ýär. Myh­man­ha­na­lar umu­my sa­naw­dan daş­ga­ry lýuks, maş­ga­la, sag­lyk, äh­li­si için­de, haý­wan «dos­ty» ýa­ly ugur­la­ra hem bö­lü­nip­dir.

Umu­my sa­na­wyň ba­şyn­daky üç myhmanhana:

🔹«Ho­tel Col­li­ne de France» (Gra­ma­du, Bra­zi­li­ýa).


🔹«Ob­lu se­lect Lo­bi­gi­li» (Ma­le, Mal­diw ada­la­ry).


🔹 «La Si­es­ta Hoi An Re­sort & Spa» (Ho­ýan, Wýet­nam).


Olardan soñra «Adi­wa­na Su­we­ta» (Ubud, In­do­ne­zi­ýa), «Ibe­ros­tar Grand Packard» (Ga­wa­na, Ku­ba) «Eme­rald Mal­dives Re­sort & Spa» (Fas­men­du, Mal­diw ada­la­ry), «La Si­es­ta Clas­sic Ma May Ho­tel» (Ha­noý, Wýet­nam) ýa­ly myh­man­ha­na­lar öň­dä­ki orun­la­ry eýe­läp­dir. Sa­naw­da Mek­si­ka, Hin­dis­tan, Tür­ki­ýe, Pe­ru, Por­tu­ga­li­ýa, BAE, Kam­bo­ja, Aru­ba, Hy­taý, Mü­sür, Ma­rok­ko ýa­ly ýurt­lar­dan dynç alyş ýer­le­ri bar
28
39
senorita
27.04.2024 19:27
Britan muzeýi: Dünýäniň täsin ýadygärlikleri

Ýer ýüzüniň iň uly taryhy-arheologik muzeýi, Beýik Britaniýanyň iň meşhur ýerleriniň biri hem-de özünde Britan imperiýasynyň kolonial taryhyny şöhlelendirýän Britan muzeýi Luwrdan soňra iň köp gelinýän ikinji täsin muzeý hasap edilýär. Onuň esasyny XVIII asyrda lukman we naturalist Hens Slownuň, döwlet işgäri hem-de Oksford grafy Robert Harliniň, şeýle-de Britan kitaphanasyna başlangyç beren Robert Kottonyň bagyş eden gymmatlyklary düzýär.

🟠 Britan muzeýiniň eserleri

Bu ýere syýahata gelen her bir adam üçin uzynlygy 4 kilometre uzaýan 994 sany galereýa garaşýar. Olarda dünýäniň ähli künjeginden, şol sanda Hindistandan, Hytaýdan, Afrikadan, Okeaniýadan, Günorta Amerikadan gaýtalanmajak eserler tanyşdyrylýar.

🟠 Müsür eksponatlarynyň toplumy

Dünýädäki iň uly ýadygärlik eserleriniň toplumy bolan bu ýerde faraon Ramzes II-niň heýkeli, Tutmes III-niň granitden ýasalan başy, taňrylaryň heýkelleri we daş sarkofaglary bar. Muzeýde «Merhumlar kitabynyň» sanawlarynyň ýygyndysynyň iň gymmatly nusgalary, şol sanda reňkli suratlar bilen bezelen «Aniniň papirusy» we 37 metrlik «Grinfild papirusy» ýaly iň meşhur nusgalar saklanýar. 3-4 müň ýyllyk taryhy bolan gymmatbahaly papirus listleri halk köpçüligine örän seýrek görkezilýär.

🟠 Grek-rim ýadygärlik eserler toplumy

Bu bölüm Britan muzeýiniň 12 sany zalyny eýeleýär. Bu ýerde likiýa heýkellerini, Efesdäki meşhur Diana ybadathanasynyň galyndylaryny, Rim imperatorlarynyň döwürlerinden galan gymmatbaha zatlary, Lord Eljin tarapyndan Gresiýadan getirilen «Elgin Marbles» we beýleki gymmatlyklary görmek bolýar.

Gadymy Gresiýanyň we Rimiň sungat bölüminde Gadymy Gresiýa we Rime degişli bölüm gadymy heýkeller toplumy, Egeýidanyň bürünç asyryndan galan predmetleri, Gadymy Parfenonyň frontondan bolan onlarça plitalary we şekilleri hem-de Pompeýiň, şeýle-de Gerkulanumyň rim sungatyna degişli meşhur eserleri bilen tapawutlanýar.

🟠 Alynky Aziýanyň bölümi

Bu ýerde U.Gamiltonyň hem-de Ç.Tawnliniň silindr neşir nusgalary, R.Kerr Porteriň we K.J.Riçanyň pars we mesopotamiýa ýadygärlikleriniň ýygyndysy hem-de Assiriýanyň gadymy paýtagty Niniýewiýa degişli eserler we Ortaýer deňziniň gündogar bölegine beýleki gymmatlyklar görkezilýär.

🟠 Gündogar bölümi

Bu ýerde Uzak Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň heýkeltaraşlyk, keramika, grawýura we nakgaşlyk eserleri tanyşdyrylýar. Şeýle-de Gündogar bölüminde hindi taryhy barada beýan edýän Buddanyň bürünç heýkeli, Gadymy Hytaýyň däp-dessur gymmatlyklary, b.e.öňki ikinji müňýyllyga degişli bolan ieroglif ýazgylary we Gadymy Gündogary açyp görkezýän gymmatly eserler bar.
Görkezilen bölümlerden başga-da, Britan muzeýi teňňeleriň we medallaryň, etnogarfiýanyň, şeýle-de özünde Mikelanjelo, Rubens, Wan Gog we beýleki meşhur nakgaşlaryň eserlerini jemleýän bölüm giň meşhurlyga eýedir.


🟠 Täsin faktlar:

🔸 Britan muzeýiniň işgärler düzümi diňe bir adamlardan bolman, eýsem muzeýde syçan tutmak üçin niýetlenen 6 sany pişik hem bar.
🔸 Muzeýde çagalar üçin tematiki syýahatlar guralýar. Her ýekşenbe günleri bu ýere «Britan muzeýiniň ýaş dostlary» atly klubuň agzalary üçin tölegsiz gyzyklanma syýahatlary geçirilýär.
🔸 Bütin gijesi bilen muzeýde bolmak adaty ýagdaý. Muzeý her ýylda 4 gezek çagalar üçin haýsy hem bolsa bir bölüme gijeki syýahatçylygy guraýar. Mysal üçin, bu syýahat takmynan «Ýapon gijesi» ýa-da «Müsür gijesi» ýaly atlandyrylyp, onuň dowamynda çagalar bilimi kämilleşdiriji oýunlary oýnaýarlar we degişli mowzukda gyzykly rowaýatlary diňleýärler.
25
59
senorita
26.04.2024 21:11
Himiýa we parfýumeriýa ugry boýunça ilkinji hünärmen Tapputi atly zenan maşgaladyr. Ol miladydan öňki Il müňýyllykda Mesopotamiýada ýaşap geçipdir. Ol güllerden we ýaglardan alnan yslary arassalanan suw bilen garyp, hoşboý ysly atyrlary ýasapdyr.


Atyryň ulanyş möhleti näçe wagtlap dowam edip biler? Yssy howada, ýagtylykda aşa köp saklanan atyrlar okislenýär we bugarýar. Bu bolsa onuň ysynyň üýtgemegine getirýär. Atyry beýleki serenjam beriji serişdeleri goýýan tekjäňiziň üstünde goýman, salkynrak, garaňky ýerde saklaň. Yssy we güneşli ýerde uzak saklasaňyz, ysynyň üýtgemegi mümkin.


«Atyryň ysy ony ulanýan adama görä-de üýtgäp bilýär. Her kimiň endamynyň tebigy ysy bolýar. Şonuň üçin, sepen atyrymyzyň ysy bedeniň tebigy ysy bilen garyşyp, täze ysy emele getirip biler» diýip, bu ugurdan bilermen Oliwiýa Jan aýdýar.


Ilki bilen, atyry ýörite barlag üçin sepilýän kagyzlara sepmeli. Atyr saýlanyňyzda, bir wagtda altydan köp atyr ysyny ysgamaň. Bu ýagdaýda yslary garyşdyryp, olaryň arasyndaky aýratynlygy ýitirip bilersiňiz. Özüňize ýaran atyry saýlanyňyzdan soňra, goşarlaryňyzyň, tirsegiňiziň iç tarapyna sepip görüň. Bedeniň bu böleklerinde atyryň ysyny gowy duýarsyňyz.


Atyr yslaryny saýlamaga gyssanmaň. Atyryň öz hakyky ysyny birnäçe ýollar arkaly bilmek bolýar. Atyry sepen badyňyza, birinji alan atyr ysymyz ýokary bolup, on minutdan soň ol öz ysyny üýtgedip bilýär. Sepeniňizden 60 sekunt, 5 minut, 1 sagat soň ysgap görüň. Ilki agyr ysly atyry ysgan bolsaňyz, onuň ysy wagtyň geçmegi bilen ýumşap, ýeňiljek görnüşe geçmegi mümkin. Her gezekki atyryň ysy göwnüňizden turýan bolsa, onda ony öz atyryňyz hökmünde saýlap bilersiňiz.
34
114
senorita
26.04.2024 15:59


Parižiň merkezinde ýerleşýän «Luwr» muzeýi (Musee du Louvre) diňe bir dünýäniň uly we meşhur sungat muzeýi bolman, eýsem fransuz şalarynyň köşgi we binagärlik ýadygärligi hem bolup durýar. Bu köşk XII asyryň ahyrynda Filip Awgust tarapyndan gurlup, ýöne her täze patyşanyň tagt başyna geçmegi bilen binanyň daşky görnüşi özgerdi.
1682-nji ýylda patyşa köşgüniň Wersala göçmegi bilen baglylykda, «Luwr» binasy hatda ýykylmaga golaý gelen taşlanan bina öwrüldi. Emma rewolýusiýadan soň, Napoleonyň başlangyjy bilen bu ýerde gurluşyk işleri täzeden başlanyp, binanyň durky täzelendi. Ony eserler bilen baýlaşdyrmak göz öňünde tutulyp, Napoleon I tarapyndan her ýeňilen halkdan hormat hökmünde sungat eserleriniň alnandygyny bellemek gerek.
Respublikanyň prezidenti Fransua Mitterrandyň karary bilen 1981-nji ýylda «Luwrda» dikeldiş işlerini geçirmäge badalga berildi. Şondan soň hem Napoleon howlusynda meşhur piramida peýda boldy. Ony asly Hytaýdan bolan amerikaly binagär Yoh Ming Pi işläp taýýarlady.


Häzirki wagtda «Luwr» muzeýinde takmynan 400 000 sany eksponat bolup, olary öwrenmek üçin birnäçe aýlar gerek bolýar. Bu ajaýyp eserler bilen tanyşmak üçin siziň dykgatyňyza olaryň iň meşhur nusgalaryndan birnäçe suratlary hödürleýäris.


«Mona Liza» suraty. Leonardo da Winçiniň bu meşhur eseri takmynan 1503-1519-njy ýyllarda çekilipdir. Nakgaş eserini almaga birnäçe gezek synanyşyk edilensoň, ony aýratyn ýerde ýerleşdirip, bronlanan aýna bilen örtdüler hem-de daşyna haýat çekdiler.


Napoleona täç geýdirilmegi. Surat özünde taryhy hakykat manysyny jemleýär, sebäbi ondaky görünýän ministrler, şalar, ilçiler, Napoleonyň doganlary we inileri hakykatdan hem täç geýdiriş dabarasyna gatnaşypdyrlar. Diňe hakykata laýyk gelmeýän şekil bu suratda Napoleonyň ejesiniň merkezde ýerleşdirilmegi bolup durýar. Umuman, suraty awtor Žan Lui Dawid Napoleonyň öz tabşyrygy boýunça 3 ýylyň dowamynda çekipdir.


Mikelanjelonyň «Gullar» heýkeli. Bu eksponat «Luwr» galereýasynyň buýsanjy hasap edilýär. Ilkibaşda awtor alty sany guluň şekilini şekillendirmek isläpdir, ýöne ol bary-ýogy ikisini tamamlamagy başarypdyr. Olaryň biri zynjyrlary aýyrmaga synanyşýan «Aýaga galan gul», ikinjisi bolsa «Ölüp barýan gul» şekilleridir. Gutarylmadyk beýleki heýkel şekilleri bolsa Florensiýadadyr.


Regent almazy. Ol ilkibaşda 1698-nji ýylda Hindistandan tapylypdyr we agramy 426 karat bolupdyr. Bu daş iňlis täjiri tarapyndan getirilip, daşyň adynyň döremegine sebäp bolan ýaş Lui XV-niň regenti — Orleanly Filip II-ä satylypdyr. Ondan soň köp ýyllar geçip, daş birnäçe böleklere bölünipdir. Ony bolsa soňlugy bilen şa Pýer Le Grand satyn alypdyr. Hususan-da, 140,64 karatlyk brilliant häzirem arassalygyň we gözelligiň nusgasy hasap edilýär.

«Luwr» muzeýiniň eksponatlarynyň arasynda gadymy siwilizasiýalaryň döreýşi bilen baglanyşykly eserler, XVI asyrda Fransisk I tarapyndan üsti ýetirilip başlanan, soňra bolsa Lýudowik XIII we Lýudowik XIV tarapyndan baýlaşdyrylan suratlar ýygyndysy bar.
«Luwr» muzeýi özüniň taryhy, binagärçiligi we ýadygärlik gymmatlyklary bilen haýran galdyrýar.
29
131
senorita
25.04.2024 21:39
Kartalarda bar, ýöne aslynda ýok Null adasynyň syry


Null adasy barada eşiden bolmagyňyz mümkin. Aslynda beýle ada ýok. Şeýle-de bolsa, bu “ada” kartalarda orun alýar we karta düzýänler tarapyndan gaty gowy tanalýar we dünýä kartasynyň aýrylmaz bölekleriniň hataryna girýär.
Null adasy nol dereje giňişlikde we nol dereje uzynlykda ýerleşýän ýere berlen wekilçilikli at bolup durýar. Başgaça aýdylanda, Ýeriň esasy meridiany bilen ekwatoryň kesişýän ýeri. Null adasy – Afrikanyň günbatar kenaryndaky gündogar tropiki Atlantik ummanynyň bir bölegi bolan Gwineýa aýlagynda kiçijik nokat hökmünde bellidir.
Hakyky dünýäde Null adasy diňe Atlantikada ýalňyz ýüzüp ýören buýdan ýagny, suwuň ýüzünde ýüzüp ýören zabyrly signal belgisinden ybarat.


Analitikler we karta hünärmenleri ýalňyşlyklary yzarlamak üçin gural hökmünde 0 ° N 0 ° E koordinatlaryny ulanyp, bu nokady “Null Adasy” diýip aýdýarlar. Gysgaça aýdylanda, hakykatda diňe bir null ada bar we aslynda bu ada däl-de, buý.
28
147
senorita
21.04.2024 12:31
Bir insanın mutlu olması için ihtiyacı olan tek şey:
Sevdiği insanın ilğisinden başka bir şey değildir.

*Victor Hugo
30
53
senorita
20.04.2024 23:41
Salam agzalar 🙋🏻‍♀️ Giç ýagşy!
Bu gũn ýene bir sorag size:

Ertekilerdãki ýaly bir ada bar. Ol adada hem iki sany şãher bar. Şãherleriñ birinde ýalançylar ýaşaýar, olar hiç wagt dogry zady aýtmandyrlar diñe ýalan bilen ýaşapdyrlar. Beýleki şãherde bolsa diñe dogruçyllar ýaşapdyr, olar hiç wagt ýalan sõzlemãndirler. Iki şãheriñ ýaşaýjylaryna bir-biregiñ şãherine geçmãge rugsat berilmãndir.
Siz şol ada barýañyz we şãheriñ bir başyndan girýãñiz. Ýõne haýsy şãherdigini bileñizok. Siz şol şãheriñ ýalançylaryñ ýa-da dogruçyllaryñ şãheridigini bilmek ũçin õñũñizden çykan ilkinji adama ýekeje sorag berip bilýãñiz.
Nãme sorag bererdiñiz?

Jogaplara garaşýan :)
26
198
senorita
20.04.2024 19:54
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) 1,441 milliard ilaty bolan Hindistanyň “dünýäde iň köp ilatly ýurt” bolandygyny habar berdi. Şeýle hem gazna dünýäde demografiýanyň peselýändigini belläp geçdi.

Gazna dünýä ilatynyň 8,119 milliarda ýetendigini belläp, Hindistanyň 1,425 milliard ilaty bolan Hytaýdan öňe geçip, birinji ýeri eýeländigini mälim etdi.

BMG-nyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty 1,426 milliarddan soň peselmäge başlady. Hünärmenler şu asyryň ahyryna çenli Hytaýyň ilatynyň 1 milliarddan hem pese gaçjakdygyny çaklaýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, alymlaryň geçiren giňişleýin gözleginiň netijesinde ýakyn wagtda dünýäde ilat krizisiniň boljakdygyny ýüze çykardylar.

“Lancet” lukmançylyk žurnalynda çap edilen gözleg, her 4 ýurtdan 3-siniň 2050-nji ýylda “ilat azlygy” howpuna duçar boljakdygyny ýüze çykardy. Alymlar bu ýagdaýy “garaşylmadyk jemgyýetçilik üýtgemesi” diýip häsiýetlendirseler-de, bu derejäniň 2100-nji ýyla çenli 97 göterime çenli ýokarlanyp biljekdigini mälim etdiler. Şeýle hem ýurtlaryň gurluşyny üýtgetjek bu waka sebäpli Angliýa we ABŞ ýaly “öňdebaryjy ýurtlaryň” immigrasiýa garaşly boljakdygy mälim edildi.
22
63
senorita
20.04.2024 14:25

Ãpet kõşk


Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda häzirki wagtda «Dünýäniň iň uly ýaşaýyş köşgi» diýlip atlandyrylýan Istana Nurul Iman binasy Bruneýde ýerleşýär. 1984-nji ýylda Bander Seri Begawanyň töwereginde gurlan bu äpet binanyň binagäri Leonardo Loksindir.


Istana Nurul Iman köşgüniň altyn gümmezi bolup, onuň 1788 sany otagy, 257 sany hammamy, 44 sany basgançagy, 18 sany lifti, 5 sany howzy, kaşaň gurlan metjidi, 200 sany ata niýetlenen athanasy we ýerasty awtoulag duralgasy bar. Bu köşgüň banket zaly 5000 adama niýetlenendir. Owadanlygy we äpetligi bilen syýahatçylary özüne çekýän bu köşgüň umumy meýdany 200 000 inedördül metre deňdir.

49
291
senorita
19.04.2024 23:17
Salam agzalar! Giç ýagşy hemmãñize!
Size kiçijek sorag...

Dũnýãniñ islendik kũnjegine gidip bilýãñiz we 2 sany bilet almaga mũmkinçiligiñiz bar. Kim bilen (Õwrenmeli agzalaryndan) nirã giderdiñiz?

Jogaplara garaşýan :)
26
129