senorita
26.04.2024 15:59


Parižiň merkezinde ýerleşýän «Luwr» muzeýi (Musee du Louvre) diňe bir dünýäniň uly we meşhur sungat muzeýi bolman, eýsem fransuz şalarynyň köşgi we binagärlik ýadygärligi hem bolup durýar. Bu köşk XII asyryň ahyrynda Filip Awgust tarapyndan gurlup, ýöne her täze patyşanyň tagt başyna geçmegi bilen binanyň daşky görnüşi özgerdi.
1682-nji ýylda patyşa köşgüniň Wersala göçmegi bilen baglylykda, «Luwr» binasy hatda ýykylmaga golaý gelen taşlanan bina öwrüldi. Emma rewolýusiýadan soň, Napoleonyň başlangyjy bilen bu ýerde gurluşyk işleri täzeden başlanyp, binanyň durky täzelendi. Ony eserler bilen baýlaşdyrmak göz öňünde tutulyp, Napoleon I tarapyndan her ýeňilen halkdan hormat hökmünde sungat eserleriniň alnandygyny bellemek gerek.
Respublikanyň prezidenti Fransua Mitterrandyň karary bilen 1981-nji ýylda «Luwrda» dikeldiş işlerini geçirmäge badalga berildi. Şondan soň hem Napoleon howlusynda meşhur piramida peýda boldy. Ony asly Hytaýdan bolan amerikaly binagär Yoh Ming Pi işläp taýýarlady.


Häzirki wagtda «Luwr» muzeýinde takmynan 400 000 sany eksponat bolup, olary öwrenmek üçin birnäçe aýlar gerek bolýar. Bu ajaýyp eserler bilen tanyşmak üçin siziň dykgatyňyza olaryň iň meşhur nusgalaryndan birnäçe suratlary hödürleýäris.


«Mona Liza» suraty. Leonardo da Winçiniň bu meşhur eseri takmynan 1503-1519-njy ýyllarda çekilipdir. Nakgaş eserini almaga birnäçe gezek synanyşyk edilensoň, ony aýratyn ýerde ýerleşdirip, bronlanan aýna bilen örtdüler hem-de daşyna haýat çekdiler.


Napoleona täç geýdirilmegi. Surat özünde taryhy hakykat manysyny jemleýär, sebäbi ondaky görünýän ministrler, şalar, ilçiler, Napoleonyň doganlary we inileri hakykatdan hem täç geýdiriş dabarasyna gatnaşypdyrlar. Diňe hakykata laýyk gelmeýän şekil bu suratda Napoleonyň ejesiniň merkezde ýerleşdirilmegi bolup durýar. Umuman, suraty awtor Žan Lui Dawid Napoleonyň öz tabşyrygy boýunça 3 ýylyň dowamynda çekipdir.


Mikelanjelonyň «Gullar» heýkeli. Bu eksponat «Luwr» galereýasynyň buýsanjy hasap edilýär. Ilkibaşda awtor alty sany guluň şekilini şekillendirmek isläpdir, ýöne ol bary-ýogy ikisini tamamlamagy başarypdyr. Olaryň biri zynjyrlary aýyrmaga synanyşýan «Aýaga galan gul», ikinjisi bolsa «Ölüp barýan gul» şekilleridir. Gutarylmadyk beýleki heýkel şekilleri bolsa Florensiýadadyr.


Regent almazy. Ol ilkibaşda 1698-nji ýylda Hindistandan tapylypdyr we agramy 426 karat bolupdyr. Bu daş iňlis täjiri tarapyndan getirilip, daşyň adynyň döremegine sebäp bolan ýaş Lui XV-niň regenti — Orleanly Filip II-ä satylypdyr. Ondan soň köp ýyllar geçip, daş birnäçe böleklere bölünipdir. Ony bolsa soňlugy bilen şa Pýer Le Grand satyn alypdyr. Hususan-da, 140,64 karatlyk brilliant häzirem arassalygyň we gözelligiň nusgasy hasap edilýär.

«Luwr» muzeýiniň eksponatlarynyň arasynda gadymy siwilizasiýalaryň döreýşi bilen baglanyşykly eserler, XVI asyrda Fransisk I tarapyndan üsti ýetirilip başlanan, soňra bolsa Lýudowik XIII we Lýudowik XIV tarapyndan baýlaşdyrylan suratlar ýygyndysy bar.
«Luwr» muzeýi özüniň taryhy, binagärçiligi we ýadygärlik gymmatlyklary bilen haýran galdyrýar.
29
131
fl_ower
26 Aprel 2024
👍
senorita
26 Aprel 2024
@beghanym, 🌷
ATOMIC
26 Aprel 2024
@senorita, sagbol, saňada
senorita
26 Aprel 2024
@ATOMIC, Gõrmek nesip etsin onda :)
ATOMIC
26 Aprel 2024
@senorita, Wersaly birem eýfeli janly göresim gelýä:)
senorita
26 Aprel 2024
@ATOMIC, nesibede bolsa gõrers )
ATOMIC
26 Aprel 2024
biz baryp görersmikäk ol ýerleri :)
ATOMIC
26 Aprel 2024
O la la perfektooo
senorita
26 Aprel 2024
@enes_🧿, Azajyk gysgaltdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.