senorita
26.04.2024 21:11
Himiýa we parfýumeriýa ugry boýunça ilkinji hünärmen Tapputi atly zenan maşgaladyr. Ol miladydan öňki Il müňýyllykda Mesopotamiýada ýaşap geçipdir. Ol güllerden we ýaglardan alnan yslary arassalanan suw bilen garyp, hoşboý ysly atyrlary ýasapdyr.


Atyryň ulanyş möhleti näçe wagtlap dowam edip biler? Yssy howada, ýagtylykda aşa köp saklanan atyrlar okislenýär we bugarýar. Bu bolsa onuň ysynyň üýtgemegine getirýär. Atyry beýleki serenjam beriji serişdeleri goýýan tekjäňiziň üstünde goýman, salkynrak, garaňky ýerde saklaň. Yssy we güneşli ýerde uzak saklasaňyz, ysynyň üýtgemegi mümkin.


«Atyryň ysy ony ulanýan adama görä-de üýtgäp bilýär. Her kimiň endamynyň tebigy ysy bolýar. Şonuň üçin, sepen atyrymyzyň ysy bedeniň tebigy ysy bilen garyşyp, täze ysy emele getirip biler» diýip, bu ugurdan bilermen Oliwiýa Jan aýdýar.


Ilki bilen, atyry ýörite barlag üçin sepilýän kagyzlara sepmeli. Atyr saýlanyňyzda, bir wagtda altydan köp atyr ysyny ysgamaň. Bu ýagdaýda yslary garyşdyryp, olaryň arasyndaky aýratynlygy ýitirip bilersiňiz. Özüňize ýaran atyry saýlanyňyzdan soňra, goşarlaryňyzyň, tirsegiňiziň iç tarapyna sepip görüň. Bedeniň bu böleklerinde atyryň ysyny gowy duýarsyňyz.


Atyr yslaryny saýlamaga gyssanmaň. Atyryň öz hakyky ysyny birnäçe ýollar arkaly bilmek bolýar. Atyry sepen badyňyza, birinji alan atyr ysymyz ýokary bolup, on minutdan soň ol öz ysyny üýtgedip bilýär. Sepeniňizden 60 sekunt, 5 minut, 1 sagat soň ysgap görüň. Ilki agyr ysly atyry ysgan bolsaňyz, onuň ysy wagtyň geçmegi bilen ýumşap, ýeňiljek görnüşe geçmegi mümkin. Her gezekki atyryň ysy göwnüňizden turýan bolsa, onda ony öz atyryňyz hökmünde saýlap bilersiňiz.
34
114
ideallider
26 Aprel 2024
Özi hem diňe ýuwunulanyndan soň sepinmeli, ýogsa derslenen güller bolar🤦🏻‍♂️
senorita
26 Aprel 2024
@orhideya_, ys alyşyñyz gũýçli bolmaly onda siziñem )
orhideya_
26 Aprel 2024
@senorita, hawa mendede şeýle sabyn şampun süýjimtik agyr ýiti ys bolsa özümem ulanyp bilemok diňe başgalaryňky däl. Ýalňyşyp alaýsam öz özümi halaman bilýän
senorita
26 Aprel 2024
@orhideya_, hawa diñe bir duhi dãl, sabyn, soda, şampunada tutuberýã 😑
ATOMIC
26 Aprel 2024
@senorita, 😂
senorita
26 Aprel 2024
@ATOMIC, kõpleriñ dykgatyna )
orhideya_
26 Aprel 2024
@senorita, seniňki hasam kyn eken
ATOMIC
26 Aprel 2024
:) naçe sepseñem çynnakaý ys aýrylmaýa:)
ATOMIC
26 Aprel 2024
suwa düşmeli
senorita
26 Aprel 2024
@orhideya_, mendã asylam allergiýa bar ýiti yslara 🤦🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.