senorita
25.04.2024 21:39
Kartalarda bar, ýöne aslynda ýok Null adasynyň syry


Null adasy barada eşiden bolmagyňyz mümkin. Aslynda beýle ada ýok. Şeýle-de bolsa, bu “ada” kartalarda orun alýar we karta düzýänler tarapyndan gaty gowy tanalýar we dünýä kartasynyň aýrylmaz bölekleriniň hataryna girýär.
Null adasy nol dereje giňişlikde we nol dereje uzynlykda ýerleşýän ýere berlen wekilçilikli at bolup durýar. Başgaça aýdylanda, Ýeriň esasy meridiany bilen ekwatoryň kesişýän ýeri. Null adasy – Afrikanyň günbatar kenaryndaky gündogar tropiki Atlantik ummanynyň bir bölegi bolan Gwineýa aýlagynda kiçijik nokat hökmünde bellidir.
Hakyky dünýäde Null adasy diňe Atlantikada ýalňyz ýüzüp ýören buýdan ýagny, suwuň ýüzünde ýüzüp ýören zabyrly signal belgisinden ybarat.


Analitikler we karta hünärmenleri ýalňyşlyklary yzarlamak üçin gural hökmünde 0 ° N 0 ° E koordinatlaryny ulanyp, bu nokady “Null Adasy” diýip aýdýarlar. Gysgaça aýdylanda, hakykatda diňe bir null ada bar we aslynda bu ada däl-de, buý.
28
147
senorita
25 Aprel 2024
@ideallider, gyzyklanyp gõreýin ony hem )
ideallider
25 Aprel 2024
@senorita, düşündim🤩👍 ýogsada deňizde ýene bir kordinata bolmaly. Diňe şol nokada asmandaky emeli-hemralary gaçyrýalar. Men şu nokat=kordinatadyr öýütdim👍
senorita
25 Aprel 2024
@ideallider, aşaky suratdaky buý. Iñlisçe buoy, rusça буек ýa буй. Bellibir nokady gõrkezmek ũçin suwuñ ýũzũnde durýan, dũýbũne berkidilen
ideallider
25 Aprel 2024
Buý?!🙄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.