sahyrlar_we_men
25.11.2022 20:58
Ar alysh
(Degishme)

Señ yzyñda çapa-çapa,
Yedi köwüsh dargap gitdi.
Söygim üçin gurban bolan,
Günler maña gargap gitdi.

Güjügñizden gaça-gaça,
Döretdim ullakan yoda.
Itiñ çeynän balaklarny,
Dikip-yamap etdim moda.

Damagymdam hörek geçmän,
Sekiz kilo horlandym men.
Señ yzyña düshmezden öñ,
Döw dey dayaw oglandym men.

Yalbarmaklyk, yakarmaklyk,
Et, süñküme ornap gitdi.
Toya niyetlenen sygryñ,
Göleleri garrap gitdi.

Toya getirjek bagshymyñ,
Ses, owazy tükenipdir.
Köpler yaly, fonogramma,
Aytmadygna ökünipdir.

Dogan-gardash, "gelne" diyip,
Öyme baryn goyberipdir.
Arman syçanlar sandykda,
Menden öñürt öylenipdir...

Ynha bu gün yetdim saña,
Gurban edip, shunçalary.
Gapymyzda toy-dabara,
Sowgat edip gunçalary.

Dur bakaly,
Synla meni!
Gör söyginiñ yaralaryn.
Bir ömrümi bagysh edip,
Indi senden ar alaryn!

Kerim Hallyyew

12
75
sahyrlar_we_men
24.11.2022 22:11
GÖRMEKSIZ GYZ

Ine, baryañ umydyña büdüräp,
Egniñ horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joshup-titreyär,
Tans edyär owadan gyzlary bile.

Hor ellerñi çykarañok yeñiñden,
Olar birden yere yetäyjek yaly.
Geçip baryäñ yigitleriñ deñinden,
Gulaga yokumsyz bir saz mysaly.

Undup bilmän görmeksizje doglanyñ,
Yüregiñde hosh arzurlar besleyäñ.
Geçip baryan bir syratly oglanyñ,
Mylakatly söz aydaryn isleyäñ.

Emma yigitleriñ öz gaygysy bar:
Yörite yag bilen saçlaryn darap,
Olar wagtdanam ozup baryarlar,
Özlerniñ owadan gyzlarna tarap.

Ah, horja gyz, horlugyñdan horlanyañ,
Saña hosh söz diyjek yigit nirede?
Bu shäherde näçe diyseñ yigit bar,
Seni öye ugradanok biri-de.

Gyzlaram yanyña delmuryp gelip,
Owadan gülüship yüregñe düshyär.
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniñ bilen tirkeshyär.

Öye gelyäñ. Gyyyar yüregñi ünjiñ,
Hasratdan çekilyär iki owurdyñ.
Aglayarsyñ: "Ah, eje jan, nämüçin
Meni beyle betgelishik dogurdyñ?"

Emma goñshy gelin- BIR GÖRMEGEY DUL,
Atasyz ogluna günäli bakyar.
Hem seniñ tersiñe,
Gussa-gam çekyär:
"Owadan dogulma,
Bagtly dogul!"

Aglama, gyz! Uyajygym, gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyñy öñünden.
Bu howlukmaç yigitleree at dakma,
Kim geçenok öz bagtynyñ deñinden.

Käte sheyle bolyar: görkdür-görmek,
Gidip otyr il içinde at alyp.
Yöne, nämüçindir tylla yüzük dek,
Yolda,
Gum içinde galyar sadalyk.

Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaya dek,
Sada bol, aylaryñ dogushy yaly.
Sheyle yigitler bar, (OLAR BAR ENTEK)
Sen dek gayalarda olañ hyyaly.

GURBANNAZAR EZIZOW
16
128
sahyrlar_we_men
23.11.2022 21:28
"Käte merdem yagshylyga garashyar..."

Käte merdem yagshylyga garashyar,
Elden gelen yagshylgyñ eçil sen.
Oñat ishler oñatlara yarashyar,
Rowayaty saçak kimin açyl sen.

Yöne eden yagshylygyñ iru-giç,
Gaytargysyn talap edäyseñ eger.
Unudayma, soñky demine deñiç,
Seniñ hayryñ yigdiñ bogazyn bogar.

Beydeniñden goyber mañlayyndan ok,
Ya-da hanjar bilen sal döshe yara.
Çünki, hayyr ishiñ gaytargysy yok,
OL KERSEN DÄL, GOÑSHOKARA DASHARA.

GURBANNAZAR EZIZOW
15
60
sahyrlar_we_men
22.11.2022 07:42
Jahankesde

Ey sen, Jahankeshde goja Geradot,
Taryhyñ atasy-möwritnamaçy.
Ayyt, hany, öz öyüñde oturman,
Jahan yüzün sökenligiñ näme üçin?

Marko Polo! Seyil edip ilime,
Ajap halylarmyñ waspyn yetiren.
Ayyt, seni haysy yelgin-shemaldy,
Soñsuz yollañ aylawyna ataran?

Hyyal baglap Hindistana, Araba-
Isgender saldyran minaralara,
Magtymguly-dürdäneler dünyäsi-
Neçün owsun atdyñ shol aralara?

Omar Hayyam, Ibn-Sina, Faraby,
Wespuççi, Magellan yene Wamberi,
Aydyñ maña, shunça menzil sökmegiñ,
Sheyle derkar sebäpleri bamy beri?

Annaberdi Agabayew

12
40
sahyrlar_we_men
21.11.2022 07:20
Globus

Globus! Gör, dynç almany söymeyän,
Yigit seni pyrlap-pyrlap goymayar.

Ol señ Gündogaryñ, Günbataryñy,
Günüñ dogushuny, Gün batyshyny.

Planetam, señ begenjiñ, ahyñy,
Hemmejesin öwrenmeli ahyry.

Ol Aziyanyñ, Afrikanyñ ah sesin,
Yüreginde saklamaly ahbetin.

Gurbannazar Ezizow

15
102
sahyrlar_we_men
20.11.2022 11:56
"Baglaryñ üstüne gonanda agsham..."


Baglaryñ üstüne gonanda agsham,
Gapyñyz kakylsa açyñ edepli.
Ol neçün gelipdir?
Niçiksi gepli?
Yüregin gaplapdyr niçik gaygy-gam?

Duyarsyñyz:
Yüreginiñ üstünden,
bir tukatlyk gödek ätläp baryandyr.
"Meñki dogry ahyr.
Adalatly men"
Myhman size melul-melul garyandyr.

Goldañ sheyle adam gapydan gelse,
Yüregñizi ele alyp goldañ siz!
Yöne bir yarasyz dañyly bolsa,
Onuñ agyrsyna shärik bolmañ siz!

Gurbannazar Ezizow
13
144
sahyrlar_we_men
sahyrlar_we_men
26.10.2022 22:10
Salam hormatly agzalar! Düyn we su gün aralygynda geçirilen "Zehin" bäslesigine gatnasan ilkinji agzamyz we 15 like gazanyp, yarysymyzyñ 1-nji ornuna mynasyp bolan agzamyz bu- @Raffaello.
sahyrlar_we_men
sahyrlar_we_men
25.10.2022 21:17
Salam hormatly agzalar! Men hem Bayram Bejidowdan nusga alyp, "Zehin" bäslesigini geçirmegi makul bildim. Bu bäslesige islendik agza gatnasmaga haky bardyr. Siz "Zehin"
sahyrlar_we_men
sahyrlar_we_men
21.10.2022 15:14
"Zehin" bäslesigine. Sahyrlar we men Meñ on bentde diyip bilmedigimi, Sahyrlar dört bende sygdyryp bilyär. Men diñe özümi gandyryp bilsem, Sahyrlar illeri gandyryp bilyär. Sahyrlar söz
sahyrlar_we_men
18.10.2022 19:35
Salam hormatly agzalar arañyzda "Geografiya" ylmy bilen gyzyklanyanyñyz bar bolsa, biz sizi imoda açylan gurpbamyza sorag-jogap alysmaga çagyryarys. Isleg bildiryäñiz bar bolsa su nomery belläp alyñ:61......
10
129